Ir säher. Imisala howa. Şadyýan guşlar. Asuda tebigat, başagaý adamlar. Üstünden geçýän Iki şåheriň adamlaryna ak ýol dileýän Andalyp warata. Awtobusa garaşýan mähelle, bu gün çýo to uzak garaşdyrýan, döwründe şaýollary eýeläp ýörän, "Aşgabadyň gözeli" bolan, garrap sandan galansoň ýerini täze nesiller eýelän, soňky günlerini göwnaçyk oba adamlary bilen geçirmek üçin gelen awtobus bolsa gara berenokdy.
Gele-gelmäne mestnyý taksileň çöregini elinden alan "sary garynjalar" bolsa yzly-yzyna geçip dur. Olaryň biri gelip deňimizde durdy. Mündük 4 bolup. Ýanymdakylary tanamok. Bilşime görä biziň bäşimizem bir-birimizi ilkinji gezek görýäs. Muny näme üçin çintgäp aýdýaryn? Wakaň dowamynda temada bolaryňyz ýaly.
Adatça hökümet takside gideniňizde esasy gürrüň bir temada bolýar. Içindäkileriň biri öňem 77 taksiçiden soran zadyny soraýar:
-Günüňe näçe tabşyrmaly?
-Aý pylança...
-(Edil birinji gezek eşidýän ýaly) Waý wu, onsoň tapyp bolýamy şony, arada bir, iki sanysy taşlapmyşynam diýdiler, üstesine zapçasynam özüň almalymyşyň, awariýa bolaýsaň dagy mallaryňy sataýmasaň uuuuu.
Boldy gitdi, taksiçi düşýänçäň zeýrenip barýar. Gowuja iş tapylsa geçjegini ýa-da gaty bolmasada türke gitjegini zarynlap gürrüň berýär.
Emma bu münen taksimize hiç kim beýle sorag bermedi. Şoň üçinem şadyýan, anekdot aýdyp ugrady. Şeýle bir gürleýär, bir gürleýär, maşyndakylaryň menden galany gyzyl jylly bolup gyrlyp galdy. Bäh, bu nä boluş, näme üçin hemmäň gülýän zadyna gülkim tutanok, ýüz görüp gülýändir öýtseň (Ýüz görüp gülünýänini bilýänsiňiz, kiçikäň saňa Aşgabatdan oýunjak getirip beren çişik daýzaň bolgusyzja degişmelerine özi bilen deň gülen bolaýýaňa, hälki oýunjak ýadyňa düşüp) hiç kim biri-biri bilen tanyş däl. Menem şunça jan edýän düşünjek, güljek. Bolmasa ýanymdaky gelneje gülen wagty garny gymyldanda menem gymyldap gelip, gidip otyryn. Degişmeleriň käbiri ýadymda galdy, belki Sizem gülersiňiz!
-Bir adamyň içindäki gurçugyny aýyrmak üçin operasiýa edipdirler (Gurçuk şeýdip aýrylýamyka?). Onam ýalňyşyp gurçugy dälde içegesini aýrypdyrlar. Şondan soň ol adam hajathanada iýip-içip ugrapdyr.
Düşündiňizmi? Menem?????
Hemmesem şuňa meňzeşräk gürrüňler, käbirini aýtmagada utanýan.
Ahyryn çydamadym:
-Agam günde näçe manat tabşyrmaly?
Adam mimikasynyň beýle çalt üýtgäýşini, begenip bolmanka gynanyp, Şahruk bol-a zaňňar.
Işleri dyndym yza gaýtmaly. Awtobus dur garaşyp. Mündüm, käşgä münmesedim! Irdenki taksili günümem gowy eken. Giren ýerimde 1 talyp oturan ekeni. Göwresi maňa 2 gelýän talyp gelin ýerinden turup maňa ýer berdi:
-Daýy geçäýiň, bärik.......
Gulagyma otly teplowozyň erbet guguldysy eşidildi. Göz öňümde bolsa Ronaldoň Katardaky göz ýaşlary, Messiniň kubogy göterişi, kellämde bolsa her-hili pikirler: Öwrenmelide söýüşýänler, (söýüşenler) doly welin, entägem toý edýän ýok, Nädip şadyýan goşgy ýazmaly?, @LORD-am okuwa girip bilmändir, @Baýram Bejidow şo zeýrenişi, zehini bilen näme üçin Kerimhally ýaly meşhur bolup bilenok, @Relax şunça goýýan zadyny hiç ýok ýerden edýär, @Gulhan ahyry Russiýa gidip barýar, @Violinst saýta gelenok ýa durmuşa çykaýdymyka, @Elýa açdy postdy, like-ler 100-den joşdy. ( Ilon Musk bilen Sukerbergiň boýy ýatyryldy diýsem, @Elýa bilen @Köwser başlapdyr) Öňler like toplamakda @Paradise taý ýokdy, (indi 2iň biri trend) , @milaya --> @perizadym --> @altyyewa eýýäm 3njisimi diýjekdim welin Enemähriňkini sanap ýetişemok, magazinden gyrlyşyp alyp, soňam satyp bilmedik çilimlerimi @shamko beräýsemmikäm.....
-Daýy, geçäýiň diýýän bärik...
Özümi edil Armen Jigarkanýan ýaly duýdum. Daýy, daýy, daýy...Garranyňy boýun almagam mertlik ekeni, men boýun alyp bilemokdym. Eddil düýnjigem yzyňdan Aişwariýalar ylgaýardy, bu gün bolsa saňa Kawşariýalar ýer berýär. Otur dost, garrylygyň keýpini gör. Entek 25-em ýaşamadyk garry, geçen 5 ýylyň doglan günini obşagada uly dabara bilen bellenilip, iň uly tort zakaz edilen, indikilerini öýünde geçirjek garry.
Şobada awtobusa münüp gelýän klasdaş gyzyma gözüm düşdi. Hormatly ýerimi oňa berdim. Mekdep döwrüni ýatlap gürrüň edip gidensiňiz diýýäňmi, ýokla sag bolam aýtmady, zyýany ýok, jany sag bolsun, belki men garryny tanan däldir...
*
Awtor Massimius (rugsady bilen, üýtgetdim)