Bu wakany bir aýal gürrüň beripdi:
1919 ýyldy. Ystambuly iňlis goşuny basyp alypdy. Şu ýyl men orta mekdebi gutarypdym. Owadan gyzdym. Öýümize her güni sawçy gelýärdi. Bir adwokat ýigitdenem sawçy geldi. Uzakdan görkezdiler, syratly, owadan oglan eken. Göwnüme ýarady we adaglandyk...
Men ol ýigidi gowy görýärdim. Lampa çyraň ýagtysyna daňa çenli ýorgan-düşek dikerdim...
Ýöne tizarada myş-myş ýaýrady. "Aýşaň adaglysy adwokat däl eken, sowatsyz bir ýigit eken, metjitde tabyt daşap gün görýän eken", diýen gürrüň çykdy. Töwerek daşym garaňkylyga bürendi. Atam bilen baryp gördük, hakykatdan hem tabyt daşap ýören eken metjidiň howlusynda... Toýy goýbolsun etdik.
Aradan bäş ýyl geçipdi, 1924 ýyldy. Men başga ýigide durmuşa çykypdym, bir çagam bolupdy. Ýurdumuzam duşmandan azat edilipdi.
Bir gün şol ýigide Beýoglu okrugynda gabat geldim. Oglum hem men bilen biledi. Ol meni görüp titräp gitdi, kastýumynyň iliklerini dakdy. Hormat we edep bilen ol maňa: "Eger wagtyňyz bolsa size bir bulgur çaý içmegi teklip etjekdim", diýdi. Razy boldum. Biz bir edara girdik. Bu bir adwokatlyk edarasydy we gapysyna meniň ilkinji adaglanan ýigidimiň ady ýazylgydy. Içerde kömekçileri hyzmat edýärdi.
– Siz çyndan adwokatmy? – diýip soradym ondan
– Hawa, – diýdi
– Siz şol wagt metjidiň howlusynda tabyt göterip ýördüňizä – diýip soradym ýene
Ol başyny aşak egip biraz gürlemän oturdy. Soň pes owazda şeýle diýdi:
– Meni bagyşlaň. Ystambul eýelenipdi, hemme ýerini iňlis esgerleri basypdy. Olar hemme ýeri barlap ýö:rdüler. Biz Anadola, ýagny ýurdyň içine, milli armiýamyza ýaraglary gizlinlikde, diňe tabytlara salyp ugradýardyk. Bu ýurdumyz üçin möhüm işdi. Şonuň üçin hem bu işi sizdenem syr tutmaga mejburdym...
Bu Watan!!!
Biz bu watany janlaryny we söýgülerini watanymyz üçin pida edenlerden karzyna aldyk!
- diýýä türkler
Çeşme. Islenen.ru