ylham_gurbanaly
17.01.2024 00:32
Ýaşamadym il ýaşanja şekilli,
Mekanym Ýer bilen Aýyň arasy.
Bägüle meňzetmen, däldiň tikenli,
Sen söýen kalbymyň orhideýasy!

Gargalara gülki bolan bilbil men,
Sorap görseň: barypýatan güňmüşim.
Şu görnüşe - şol gülümsiz geldim men,
Olar üçin suwoty-da gülmüşin.

Gussalaram meň üstüme hekgerdi
Ýol ýitirdim.
Ýitdi durmuş matlabym.
Owazymy ýerdäkiler ýek gördi,
Doga bilen arşa gitdi hatlarym.

Hiç bir ýagtysy-da gerek däl - Günüň,
Ýetik - bolsa, her bir aýtjak sözleň şem.
Dünýäm sowuklygna gamlanma, Gülüm!
Dogabitdi sowuk bilen öwrenşen.

Duýgularym ykmanda deý gezmesin,
Dowam etjek ýalňyzlygyň ýolun kes!
Dyman ýürek yşga joşup sözlesin,
Yşgyň bilen kapasaňa salsaň bes!


Ylham GURBANALYÝEW
2023
19
53
ylham_gurbanaly
16.01.2024 15:29

Hello, Ladies and Gentlemens. Tooodayy we have... (yzy nämedaý, (soňky döwür iňlisçäni öwrenýänem köpaý, tüweleme. Meňem derrew görüp damarym galyp otyyy) bilmeseň gürlemän oturyberde, özüň elipden şermende welin) karoçim (indäm rusça, manny kaşa etdiň eýýamdan. Şeýdip men ýaly bolgusyz gürleýänlere "slap" bermelimi ýa "punch" @atakulyyeva_humay) Gowumy ýagdaýlarňyz, jan-saglyk, öý-içeri, mal-gara, towuk-tana, gap-çanak... ( Gowy däl bolsaňyzam, iň köp ulanylýany ýalany  ýagny "men gowy" diýiňde ýaşaberiň. Bolmasa täze gelen agza ýaly derrew "dünýeden doýsaň näme etmeli" diýip kelläni agyrdarsyňyz...) Gepiň tümmek ýeri bugün  "Bütindünýä Ýazyjylary goramak" guramsynyň we Alty Garlyýew adyndaky "Ylham" kinofilm studiýasynyň ýolbaşçylygynda, @Sunshine_lady ledimiziň myhmançylygynda "Tanyşmak aýyp däl" gepleşigimiziň 13-nji sanynda hemmejäňizi hoş gördük. (Öňünden aýdýan Agent, komitet, FBI, seýruda, interpolda işleýän bolsaň (ýazyp derrew teswir bozýançylar) ädimiňäm ätme şu gepleşige. Öňünden duýduryp, ysspysokdanam adyňy öçürt. Soň mynny-mynny edip kellämi agyrtmaň!)

Düşünenler barmy? Aha, aha, . Ho-ol yzdaky @mawy düşünmedim diýýäňmi? Düşünenler şoňa-da düşündireweriň.

Geçan gezek adym tutulmady diýip dogagyňy 2 metr sallap oturmada, kamera ýylgyrypjyk otyr @mawy )

Başladyk onda.


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk... Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?

5. Siziň üçin,  "............ -bu söýgi. Şahsy pikiriňizi aýdyň.

6. Eger-de täzeden dogulmaly bolsaňyz häzirki durmuşyňyzdan nämeleri üýtgetmek islärdiňiz?

7. Siziň aşa duýguçyl bolmagyňyzyň syry nämede? (Men-ä halaýan)

8. Näme üçin köplenç gaýgyly zatlar ýazýaňyz? (Maňa-da köp berilen sorag)

9. Özüňizdäki iň halaýan we iň halamaýan häsiýetiňiz?

10. Aýdaly 2 adam gark bolup barýar. Olaň biri Ahmet dam dam, biri Harasat. Siz diňe birini halas edip bilýäňiz, haýsyny saýlardyňyz?

11. Siziň idealyňyzdaky oglanda hökman bolaýmaly häsiýetler?

12. 3 sany halaýan aýdymyňyzy aýdyň we şol aýtjak 3 aýdymyňyzy menem halaýan bolmaly.

13. Durmuş mugallymyndan özüňize näçelik goýmagyny isleýäňiz?

14. Sportyň haýsy görnüşini halaýaňyz?

15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

17. Goý, Siziň janyňyz sag, durmuşda şowlulyklar ýar bolsun! Ýazýanlarňyz gussaly bolsa-da özüňiz şadyýan boluň!

51
868
ylham_gurbanaly
16.01.2024 08:37
Şatlyk ýazjak seň ýoluňa,
Bagta gussa düşelmez-ä.
Solup galan meň roýuma
Senden özge düşünmez-ä.

Alasarmyk gezip nije
Ýalňyz kalbym ezip nije
Şygyr ýazsam düşnüksizje,
Senden özge düşünmez-ä.

Bil, "ýakyn" näme?,
"del" näme?
Syrdaş gerekdir hemmäge
"A" diýäýsem, "B-e" diýmäge,
Senden özge düşünmez-ä.

Dymma - garap güňlügime,
Seret - her bir ümlügime.
Sensiz ýaşan tümlügime,
Senden özge düşünmez-ä.

Garap galdy ýola - dide
Gelip halym sora-ide
Men bir syrly piramida,
Senden özge düşünmez-ä.


Ylham GURBANALYÝEW
2023
25
99
ylham_gurbanaly
16.01.2024 01:48
Her gün ýene adaty gün dogup dur,
Peýdamydyr jürküldisi guşlaryň?!
Ünjilerem nobatyna gelip dur,
Gatnawlary deýin awtobuslaryň

Güneş meni däl-de, gyzdyrýar ýeri
Gursagymda doňup galan parçalar
Oýa batdym.
Bu aýazly gyş güni
Meniň ýaly üşeýärmi arçalar?

Jogaby ýok soraglara kän gitdim,
(Ýalňyzlara ýetdirmedik yşk kimde?)
Rahatlygy kagyz ýüzde şa etdim,
Pikirleriň ynjalyksyz köşgünde

Göwünlik berdim-de, gaýtalap ýördim
Diňlenmedik ykbalymyň käkesin
Hiç kime bildirmän, gizlenip iýdim
Yşkyň sowgat beren gussa kökesin

Her ädimde şowsuzlygyň ýarydym,
Duşmasa-da pişikleriň garasy.
Diňe meniň üçin ýanýan ýalydy,
Köçeleriň her gijeki çyrasy.

Arzuwlam - eýläpdi bulutlaň törün,
Umytlarym ynanjaň hem sadady.
Emma, häzir şeýle ýagdaýda durun:
Ýalňyzlykdan ýadawlygym ýadady...


Ylham GURBANALYÝEW
2023
24
65
ylham_gurbanaly
15.01.2024 21:39
Synla - her bir zatdan gözellik gözläp,
Synla - giň jahanyň kaddy-kamatyn.
Ýat, ýatasyň gelse boglup düýşlere
Sesini eşitmän jaňly sagadyň.

Uludan demiň al,
ýeňlet ruhuňy
Özüňi bagtly duý!
Bagtly ýene-de!
Öňüňden çykana ýylgyryş paýla,
Ýylgyryp jogabyn gaýtar Güne-de.

Aýdym aýtmakçymyň?!
Zowladyp göýber.
Öýüň boldy, köçe boldy, parhy nä?
Duýsaň gursakdakyň on sekizdigin,
Elli bolsun, otuz bolsun, kyrky nä?

Biraz arzuw bilen duşuşyk gurna,
Unut şugün bergileriň sanynam.
Oturan ýeriňden dünýäni sora,
Saňa höwäsi bor, Çingiz hanyňam.

Ýagyşy söýýäňmi, alma saýawan
Kime näme?
Ýuw saçlarňy, ezil-de!
Ömür - saňa,
sen ömrüňe gerekli,
Ýaşaýarkaň bu ýaşaýyş hezildir.


Ylham GURBANALYÝEW
23
106
ylham_gurbanaly
14.01.2024 13:17
Любви быстрокрылый век
Исчез словно талый снег
Затих как осенний сад
Его не вернуть назад, не вернуть назад

А может ночь не торопить?
И всё с начала повторить
Нам всё с начала повторить
О как мне быть?

А может снова всё начать?
Я не хочу тебя терять
Я не могу тебя терять
О как мне быть?

Погас одинокий луч
В плену равнодушных туч
Тернист был короткий путь
Любви непростая суть, непростая суть

А может ночь не торопить?
И всё с начала повторить
Нам всё с начала повторить
О как мне быть?

А может снова всё начать?
Я не хочу тебя терять
Я не могу тебя терять
О как мне быть?

А может ночь не торопить?
И всё с начала повторить
Нам всё с начала повторить
О как мне быть?

А может снова всё начать?
Я не хочу тебя терять
Я не могу тебя терять
О как мне быть?

А может снова все начать?
Я не хочу тебя терять
Я не могу тебя терять
О как мне быть, как быть?


Aleksandr Serow "kak byt" (1988)
20
41
ylham_gurbanaly
13.01.2024 21:50
Ses bolsa-da dünýäsinde aýylganç,
Özüne-de eşdilmedi aýdany.
Dillerni duruzyp ömür sagadyň,
80 diňläp bir diňlenjek aýdymy
Özbaşyna başagaýdy, gümrady
Dünýä oňa märekesi lallaryň.
Guşlar bolsa höwürdeşdi, hemrady
Ýapragny sananda her gün baglaryň.
Daglaram gün-günden kiçelýän ýaly,
Onuň üçin derýalaram ters akan.
Aýna bakmagy-da düýbünden goýdy,
"Däli diýýär" aýnadaky her sapar.

Özüne bal nesip etmeýän aryň
ykbaly özünkä etse-de çalym.
Gülen suratyna aglap käteler,
Geçmişini ýatlaýady birsalym.

Bagt arzuwyn aldy - hoşlaşyk güni.
Käşge, arzuw söze alynýan bolsa...
Ol şeýle bagtlydy,
Bagtlydy mydam.
Eger, şeýdip bagtly bolunýan bolsa...


Ylham GURBANALYÝEW
20
57
ylham_gurbanaly
11.01.2024 20:37

Gujak-gujak bagt gowşuryp gujagma,

Delje-delje goşgy baryn goşduran,

Şahyrlaryň derdi ýaly dert berip,

Ýürejigmiň bagjygyny açdyran!


Bulutlara boýdaş bagt berdiň maňa,

Sen meniň kalbymda bahar oýardyň.

Arzuwlarmy söýgi bilen tertipläp,

Goşgy ýazmagyma bahana berdiň.


Seniň arzuwyňda gijelerine

Keýp edip ýazdym men, waspdan irmedim.

Hyýalymda saňa goşgy diňledip,

Seniň islegiňçe redaktirledim.


Goşgyň humaryna berlip ýörşüme,

Ýatdyr maňa rahatlygam, kararam.

Käte bar zatlary başymdan aýlap,

Bir seniň ýanyňda tapýaryn aram.


Aň ýetirdim bagtyň rahatlykdygna,

Arzuwym bir näzik keşbe girende.

(Eger bagt birine ýetmeýän bolsa,

Artykmaç bolmaly başga birinde).


Seýitmyrat GELDIÝEW

26
80
ylham_gurbanaly
01.01.2024 02:30
Ine, ahyr kalba möhür basyldy.
Ýazgytda bar bolsa, men nirä gaçjak?!
Kirpiklemden senli düýşler asyldy,
Gabaklarmy ýumsam, gözüme gaçjak.

Dünýä meni seniň bilen bezedi.
Dilime adyňy, gözlerme keşbiň...
«Saňa müň hünärem azdyr» diýdi-de,
«Söýgi» diýp belledi, ýene bir kesbim.

Dünýä bizi gowy tanaýan borly,
Näme edýäs,
haçan, nirä barýas biz.
Ol bildirmän suratymyz çekipdir,
Indem ony bilelikde görýäs biz.

...Gezip ýörün, bahana ýok aglara.
Sesiňem seslerden aýratyn eken.
Ýöne, «Söýseň aňsat bolar» diýipdiň.
Ýalan...
söýüp bilseň gaýta kyn eken.


Aýgül Garaýewa
33
139
ylham_gurbanaly
31.12.2023 11:18
Hormatly Öwrenmeliniň mähriban agzalary. Hemmejäňiziň Täze ýylyňyz gutly, düşümli bolsun!


Diňe bir ýurdumyz däl, dünýä ýüzi asuda bolsun!
Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelermiş. Toýlarňyz goşa-goşadan bolsun. Bizem haýsyna barsakak diýip aladalanyp ýöreli)
Söýgisini aýdyp bilmedikler meniň "Ynam berseň", "Nätanyş" ýaly goşgylarym bilen söýgüsini bildirsin:)
Çaga garaşyp ýörenleriň sagaman çagalary bolsun!
Meniň ýaly maňlaý garalaryň maňlaýy aklansyn)
2023-de ýetilmedik arzuwlara 24-de hökman ýetilsin.
Erbet zatlary bilen däl-de, diňe gowluklary bilen ýatda galjak ýyl bolsun!
Diňe jaňda hal-ahwal soralman, bir-biregiňkä baryp, didarlaşyp gatnaşylýan ýyl bolsun!
Esasy zat, saglyk bolsun, saglykda gatnaşalyň!

Gutlamak bilen, Ylham GURBANALYÝEW.
34
92