ylham_gurbanaly
16.01.2024 15:29

Hello, Ladies and Gentlemens. Tooodayy we have... (yzy nämedaý, (soňky döwür iňlisçäni öwrenýänem köpaý, tüweleme. Meňem derrew görüp damarym galyp otyyy) bilmeseň gürlemän oturyberde, özüň elipden şermende welin) karoçim (indäm rusça, manny kaşa etdiň eýýamdan. Şeýdip men ýaly bolgusyz gürleýänlere "slap" bermelimi ýa "punch" @atakulyyeva_humay) Gowumy ýagdaýlarňyz, jan-saglyk, öý-içeri, mal-gara, towuk-tana, gap-çanak... ( Gowy däl bolsaňyzam, iň köp ulanylýany ýalany  ýagny "men gowy" diýiňde ýaşaberiň. Bolmasa täze gelen agza ýaly derrew "dünýeden doýsaň näme etmeli" diýip kelläni agyrdarsyňyz...) Gepiň tümmek ýeri bugün  "Bütindünýä Ýazyjylary goramak" guramsynyň we Alty Garlyýew adyndaky "Ylham" kinofilm studiýasynyň ýolbaşçylygynda, @Sunshine_lady ledimiziň myhmançylygynda "Tanyşmak aýyp däl" gepleşigimiziň 13-nji sanynda hemmejäňizi hoş gördük. (Öňünden aýdýan Agent, komitet, FBI, seýruda, interpolda işleýän bolsaň (ýazyp derrew teswir bozýançylar) ädimiňäm ätme şu gepleşige. Öňünden duýduryp, ysspysokdanam adyňy öçürt. Soň mynny-mynny edip kellämi agyrtmaň!)

Düşünenler barmy? Aha, aha, . Ho-ol yzdaky @mawy düşünmedim diýýäňmi? Düşünenler şoňa-da düşündireweriň.

Geçan gezek adym tutulmady diýip dogagyňy 2 metr sallap oturmada, kamera ýylgyrypjyk otyr @mawy )

Başladyk onda.


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk... Bu ilkinjimi ýa başgada bardymy?

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?

5. Siziň üçin,  "............ -bu söýgi. Şahsy pikiriňizi aýdyň.

6. Eger-de täzeden dogulmaly bolsaňyz häzirki durmuşyňyzdan nämeleri üýtgetmek islärdiňiz?

7. Siziň aşa duýguçyl bolmagyňyzyň syry nämede? (Men-ä halaýan)

8. Näme üçin köplenç gaýgyly zatlar ýazýaňyz? (Maňa-da köp berilen sorag)

9. Özüňizdäki iň halaýan we iň halamaýan häsiýetiňiz?

10. Aýdaly 2 adam gark bolup barýar. Olaň biri Ahmet dam dam, biri Harasat. Siz diňe birini halas edip bilýäňiz, haýsyny saýlardyňyz?

11. Siziň idealyňyzdaky oglanda hökman bolaýmaly häsiýetler?

12. 3 sany halaýan aýdymyňyzy aýdyň we şol aýtjak 3 aýdymyňyzy menem halaýan bolmaly.

13. Durmuş mugallymyndan özüňize näçelik goýmagyny isleýäňiz?

14. Sportyň haýsy görnüşini halaýaňyz?

15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

17. Goý, Siziň janyňyz sag, durmuşda şowlulyklar ýar bolsun! Ýazýanlarňyz gussaly bolsa-da özüňiz şadyýan boluň!

51
868
ylham_gurbanaly
18 Yanwar 2024
@dolan, @mafia_gr, köseşiň size degişli däl soraglar.
ylham_gurbanaly
18 Yanwar 2024
@guzela_, Bon!
guzela_
18 Yanwar 2024
Fransuzça öwrenýänem baareý...Hany muňada görüp damaryň galsynda😁🤭
dolan
18 Yanwar 2024
Mmmm🤔dogrumy aitsama entak ozume baha bereden ir 😊dp hasaplayan
dolan
18 Yanwar 2024
12.Hey bro jelil🙃.gorip yylanlar nazir🐍.Kejebe Aylara🥰😋
bagulya
17 Yanwar 2024
Özim barada suny aydaýyn ženm siz yaly ylymda yada bilimde birileri yada ozumiz bn denleri meni geçse menm gorip damarym tutup ugrayar
ylham_gurbanaly
17 Yanwar 2024
@beghanym, Salam. Aydyweriň, arkayyn.
ylham_gurbanaly
17 Yanwar 2024
@beghanym, 😊 minnetdar:)
ylham_gurbanaly
17 Yanwar 2024
@nabat_, Salam. Sagboluň:)
ataseri
17 Yanwar 2024
Sag bol
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.