ylham_gurbanaly
01.01.2024 02:30
Ine, ahyr kalba möhür basyldy.
Ýazgytda bar bolsa, men nirä gaçjak?!
Kirpiklemden senli düýşler asyldy,
Gabaklarmy ýumsam, gözüme gaçjak.

Dünýä meni seniň bilen bezedi.
Dilime adyňy, gözlerme keşbiň...
«Saňa müň hünärem azdyr» diýdi-de,
«Söýgi» diýp belledi, ýene bir kesbim.

Dünýä bizi gowy tanaýan borly,
Näme edýäs,
haçan, nirä barýas biz.
Ol bildirmän suratymyz çekipdir,
Indem ony bilelikde görýäs biz.

...Gezip ýörün, bahana ýok aglara.
Sesiňem seslerden aýratyn eken.
Ýöne, «Söýseň aňsat bolar» diýipdiň.
Ýalan...
söýüp bilseň gaýta kyn eken.


Aýgül Garaýewa
33
139
Paradise
2 Yanwar 2024
Aygul Garayewa galamyna asyk su sahyryn👌
Abat_
1 Yanwar 2024
Kirpiklemden senli düýşler asyldy, Gabaklarmy ýumsam, gözüme gaçjak..👍
ylham_gurbanaly
1 Yanwar 2024
@Di-Mentro, vsýo normalno?)))
ylham_gurbanaly
1 Yanwar 2024
@gul⁠✿, Salam. Sagboluň, hemmämiziňki bile bolsun)
okayjy
1 Yanwar 2024
Kirpiklemden senli düýşler asyldy...👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.