Gujak-gujak bagt gowşuryp gujagma,
Delje-delje goşgy baryn goşduran,
Şahyrlaryň derdi ýaly dert berip,
Ýürejigmiň bagjygyny açdyran!
Bulutlara boýdaş bagt berdiň maňa,
Sen meniň kalbymda bahar oýardyň.
Arzuwlarmy söýgi bilen tertipläp,
Goşgy ýazmagyma bahana berdiň.
Seniň arzuwyňda gijelerine
Keýp edip ýazdym men, waspdan irmedim.
Hyýalymda saňa goşgy diňledip,
Seniň islegiňçe redaktirledim.
Goşgyň humaryna berlip ýörşüme,
Ýatdyr maňa rahatlygam, kararam.
Käte bar zatlary başymdan aýlap,
Bir seniň ýanyňda tapýaryn aram.
Aň ýetirdim bagtyň rahatlykdygna,
Arzuwym bir näzik keşbe girende.
(Eger bagt birine ýetmeýän bolsa,
Artykmaç bolmaly başga birinde).
Seýitmyrat GELDIÝEW