ylham_gurbanaly
29.01.2024 12:52
Özümi mydama aldawa salýan,
Tekrarlap ýagdaýmyň oňatlygyny
"Göz üçinem" galyň geýinen bolýan,
Aýyrman dünýämiň doňaklygyny

Sen kem-kemden uzaklaşýaň,
haýaldan,
ünjä berip gursagymyň çar ýanyn
Ýöne ilki arzuwlardan, hyýaldan,
Eräp gitdiň bir gysymlyk gar ýaly

Seret, ýene gar ýagýar-a söwdügim
Ümür bilen kütek gözler garjaýar
Senli doly ýatlamalaň sandygyn,
Güýzde ýagyş, gyşda garlar dörjeýär...


Ylham GURBANALYÝEW
2023
30
118
ylham_gurbanaly
26.01.2024 12:05

Öziň aýralyga ymtylyp barýaň,

Bagtly günleň bardygyna ynanman.

Deňje tutsak umyt bilen söýgini,

Ýupiterde ýaşajagma ynam bar.


Gülýärsiň "Dünýäni gezeris diýsem"

Hem diýýärsiň: "Oňarmarsyň bir işem"

(Wah, ezizim, düşünsene, sen maňa

söýgüňi, ynamy kemeltmän dursaň,

Gujak açar bize, gözel Parižem)


Bile bolsak her aýazly gyşda-da,

Gülälekler güllär, çykar - ýaz düze

Bolmaz söýgümiziň hetdi-hasaby,

San-sajaksyz ýyldyzlaram az bize.


Bir goşmak biriň üýtgedip hasylyn,

Nesip etse, goşarys iki, üç, täk

Her bir işe göreşeris çynlakaý,

Kynçylyklaň depesinden çekiçläp.


Ýöne birden aýralyga el bersek,

Bil şuny!

Mydama gorkýaryn şundan.

Bile umman bolarys, emma ýeke

Tapawudymyz ýok - akwariumdan...



Ylham GURBANALYÝEW

2022

32
83
ylham_gurbanaly
25.01.2024 14:59
Biljek bolma salgymy hem adymy,
Ýanjak bolma tüssesi ýok ataşa.
Bilseň, munda bergili her ädimim,
Ahyr birgün algydara sataşar.

Uçuk çykaýmasyn, görmegin halym
Göýber tutylary, bilmesin gözleň.
Uzakda dur!
Birden bolaýsam zalym,
Näzijek kalbyňy dilmesin sözler.

Ýatlamany öçür, köýmesin ykbal
Günler pyrlampaçdyr, bir ýerde durmaz.
Ýagdaýma gynanmak gerekmi hökman,
Kynçylyk ejize şarpygyn urmaz!


Ylham GURBANALYÝEW
2024
25
56
ylham_gurbanaly
20.01.2024 00:11

Hemmäňize fantastik salam!

Gussaly setirlermi okap, pikirleriň jümmişine çümmäge taýýarlanan Öwrenmeliniň mähriban agzalary, ol pikiriňizden gaýdyňda, gözlerňizi ligirdedip ekranyň öňüne geliň. Sebäbi häzir "Ylham" studiýasynyň hõdürlemeginde "Tanyşmak aýyp däl" virtual tanyşlyk gepleşigimiziň 14-nji sany başlajak bolýar. Programmanyň fantastiki täsin oglanlaryndan biri bolan @Di-Mentro agzamyz myhmançylykda bolar.

Hany onda taýýar bolsaňyz başlalyňmy?

@mawy hany reklama diýýäňmi?

Bolýa onda gysgajyk reklama:

Gepleşigiň hemaýatkäri : Altymyrat, Nuryşka, Aman Kadyr we başga-da ençeme öz ugurlary boýunça ussatlary ýüze çykaran "Mary_Vel" studiýasy)

Bellik üçin ýene-de bir afişa: Teswir ýazyp bozjak bolsaň umuman gelme)

Başladyk.


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk... Bu ilkinji nik däl şona anyk bilýän. Jemi näçe nik ulandyňyz?

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?

5. Dostluk möhümmi? Näçe sany hakyky dostuňyz bar?

6. Öwrenmeliden bir gyza öýlenmeli bolsaňyz haýsy agzany saýlardyňyz? (Gyzlar gaty görmeşek ýokdur)

7. Haýsy fantastiki kinony halayarsyňyz? Görüp otyrkaňyz, menem edil şolar ýaly bolsadym diýen wagtyňyz boldumy?

8. Durmuşda gyzlardan sizi halaýan diýeni boldumy? (Çekinmän aýdyweriň, mendä 10-a golaý boldy:))

9. Amalia, Firyuza, Aylara. Eliňizde pistolet, içinde iki ok bar, şularyň ikisini atmaly diýlende, haýsyny saýlap diri goýardyňyz?

10. Gyzlardaky haýsy häsiýetleri siz has halaýarsyňyz?

11. @Di-Mentro boş wagty näme edýär? Futboly halaýarsyňyzmy? (Halamok diýseň işiň gaýdar emma👊)

12. Daýhançylyk bilen araňyz nähili? Öňümizem bahar, näme ekmegi planlaşdyrýaňyz?

13. Okuwly gyz gowumy ýa-da okuwsyz?

14. Norwegiýada doglan bolanňyzda Türkmenistana syýahata gaýdardyňyzmy? (Ýalňyşyp, mugt bilet dagy bolsa))

15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

17. Goý, Siziň janyňyz sag, durmuşda fantastiki şowlulyklar ýar bolsun!

39
885
ylham_gurbanaly
19.01.2024 14:10

Uzakdan görünýäň kütek göreje,

Hamala ýanymda bolýarsyň mydam.

Ogluň gowy diýip, aldaýar, eje!

Emma enteklerem tapýaryn mydar.


Gündiz agşam üçin sabrym ýetenok,

Gijelerde örän howlukýan daňa.

Unutdym diýmäge gurbym çatanok,

Sensizlik Mosarty diňletýär maňa.


Gaçgak pikirlerim jemlänok bendi,

Kaýdan düşdim beýle elem-tas hala.

Nirelere gitdiň Ylham ependi?

Içimde elleri titreýän çaga.


Ýanwaryň ortasy, ýalaňaç baglar,

Şolaram ynanýar bahar gelerne.

Ýöne özge saňa bir gyňaç ba:glar,

Menem garaşaryn umyt ölerne.



Ylham GURBANALYÝEW

2024. 19

28
85
ylham_gurbanaly
19.01.2024 10:11
Sen şeýle gyz -
Gözelligňe söz ýetmez
Sen şeýle gyz -
Edebiňe gurban men.
Göge giden dilegim sen, (elýetmez!)
Giçdir indi, bir ömürlik arman sen.

Gözleň ýaşamana iň ajap ýerdir
Ömri bendi eden saçlaryň mardyr.
Belki seniň ýaly milýondan birdir,
Belki seniň ýaly dogulan däldir.

Giň ummanyň jümmüşinde düri sen,
Özüň deý berilsin şuglaly geljek.
Bagtly günde doglan bagtyň güli sen
Bagtymda görmesem, bagtyňy görjek.


Ylham GURBANALYÝEW
2023. 05
31
96
ylham_gurbanaly
18.01.2024 18:34
Goşlam ýene meni äkidip barýar,
Aýnadakam öňkiler deý ylhamsyz.
Ýol ugrunda terminaldan pul salyp,
Seniň bilen söhbet etdim - ulgamsyz.

Göwni görýänlerem geçmişde galdy,
Degýänem ýok, öz-özüme degmesem.
Adam bolup uçmak isläpdim,
ýöne...
Uçanoga guş diýenleň hemmesem.

Giň dünýäniň bu şäheri dar maňa
Göwräme seretsem - buda kontrast.
(Meniň maňlaýdaş okyjylarmyňam,
setirlerimiňem menden ireni rast.)

Ýerinde ýok eken, bolmasa düýnem
Ýüregimi ýoklajakdym dilleşip.
Bu ýalança geleni-de köp juda,
Heýkelin oturtmaň maňa meňzeşiň.

Kölegämi gyrkyp öýde ýatyrjak,
Beýnimi nyşanlap onlukdan atjak.
Bedenimi ýakjak hindiler deýin,
Hem ozal tapmadyk özümi tapjak.


Ylham GURBANALYÝEW
2023
24
99
ylham_gurbanaly
18.01.2024 11:52
Bu dünýe -
kindiwan.
Salladym merdiwan -
bulutdan.
Bulut men.
Unutsam.
Damjamy içime ýuwutsam.
Aýdyň haýsy "gurjaklaň",
Içinde merdi bar?
Ýüzünde jak-jaklaň
Içinde derdi bar
Şerti bar
hemmezadyň.
Gürleseňiz hemme adam.
Ýadaýaňyz gurluşdan.
Nalaýaňyz durmuşdan.
Ýapyşaňzok kanagatdan.
Kalba iman daragtdan -
ekeňizok
Çekeňizok sogap ýükün.
Ondan, gowsy owarram boluň!
Gidiňde künji ekiň!
Ýok wagty dilegňiz,
Şumudy bar bilenňiz:
"Taňry meni bilmeýär"
"Taňry meni görmeýär"
Döwran geldi, çüwdi bagtyň
Ýatladyňmy gowy günde?
Aýagy bişen towuk wagtyň
Dileg etdiň goýman çende.
Siz-ä gowy, Olam gende?!
Haýsyňyz guludyňyz?
Haýsyňyz gowydyňyz?
Maňlaýňyz ýere degrip,
Kirlerňizi ýuwduňyz?!
Etmejegňizi etdiňiz.
Diýmejegiňizi diýdiňiz.
Bolduňyz şadyhorramy
Keýp edene şah çykypdyr?!
Bermäň Ýere agramy!
Garynjalaram ajygypdyr.
Gidiň gowsy.
Şolar iýsin meýdiňiz!


Ylham GURBANALYÝEW
2023
30
91
ylham_gurbanaly
17.01.2024 19:21
Ynamy türgenleşdir,
Kynçylygy çekiçle
Arzuw nahalyn ösdür,
Özge ýokdur ekişjek

Ýaralar bolsun köne,
Solmasyn asla meňziň
Balygam aglar, ýöne
Habary bolmaz deňziň

Ýalňyşam bolar munda,
Adam käte ýalňyşýar
Şolaryň arkasynda,
Bir ullakan ýeňiş bar...

Umyt sor - her demiňe,
Daşa çyksyn yhlasyň
Iru-giç menziliňe,
Ýetir seni Allahym.

Ylham GURBANALYÝEW
2023
17
41
ylham_gurbanaly
17.01.2024 14:23

Iň soňky arzuwy umyda satdym,

Öwezne şat günleň lenta geçeni.

Durmuş arabasyn gerdenme atdym,

Boýnuma-da gussa doly küçeni.


Şo-ol gidip barýan, şatlygy gözläp,

Çaý içýärin maňlaýymyň reňkinde.

Meni boýun eden duýgulam kezzap,

Beýle ýagdaý bolmawersin her kimde.


Her kese deň bagty berenok öýme,

Hiç kim bilmez içdäkileň ahyny.

(Meňzeşräk çyksa-da tüssesi öýleň,

Meňzeş nahar bişmeýär-ä ahyry...)


Görkezişi ýalňyş termometriň,

Beden ýyly, içde bolsa doňan gar.

Hasapsyz zat ýokdur - sere getiriň,

Güniň alanyny bulut gaýtarýar.


Hakykat ýakmasa sapança çene,

Ýadatdy ýalanlaň gurýan duzagy.

Gizlin gözýaşlarym syzmasyn tene,

Kalbyma uraýyn saman suwagy.


Bir ömür söýerin ýeriň peýkerin,

Islämok del ykbal garyşmasyny.

Iru-giç sünnäläp bagtyň heýkelin,

Sowraryn ýellere ýonuşgasyny.



Ylham GURBANALYÝEW

2023

30
82