ylham_gurbanaly
20.01.2024 00:11

Hemmäňize fantastik salam!

Gussaly setirlermi okap, pikirleriň jümmişine çümmäge taýýarlanan Öwrenmeliniň mähriban agzalary, ol pikiriňizden gaýdyňda, gözlerňizi ligirdedip ekranyň öňüne geliň. Sebäbi häzir "Ylham" studiýasynyň hõdürlemeginde "Tanyşmak aýyp däl" virtual tanyşlyk gepleşigimiziň 14-nji sany başlajak bolýar. Programmanyň fantastiki täsin oglanlaryndan biri bolan @Di-Mentro agzamyz myhmançylykda bolar.

Hany onda taýýar bolsaňyz başlalyňmy?

@mawy hany reklama diýýäňmi?

Bolýa onda gysgajyk reklama:

Gepleşigiň hemaýatkäri : Altymyrat, Nuryşka, Aman Kadyr we başga-da ençeme öz ugurlary boýunça ussatlary ýüze çykaran "Mary_Vel" studiýasy)

Bellik üçin ýene-de bir afişa: Teswir ýazyp bozjak bolsaň umuman gelme)

Başladyk.


1. Özüňiz barada gysgaça gürrüň beräýiň. (awtobiografiýa, başardygyňyzdan doly aýdyň, at, familýa, doglan ýer, ýyl).

2. Nikiňiziň döreýşi barada kelam agyzjyk... Bu ilkinji nik däl şona anyk bilýän. Jemi näçe nik ulandyňyz?

3. Öwrenmelä haçan we näme maksatda geldiňiz?

4. Öwrenmelide iň ýakyn dostuňyz/joraňyz kim?

5. Dostluk möhümmi? Näçe sany hakyky dostuňyz bar?

6. Öwrenmeliden bir gyza öýlenmeli bolsaňyz haýsy agzany saýlardyňyz? (Gyzlar gaty görmeşek ýokdur)

7. Haýsy fantastiki kinony halayarsyňyz? Görüp otyrkaňyz, menem edil şolar ýaly bolsadym diýen wagtyňyz boldumy?

8. Durmuşda gyzlardan sizi halaýan diýeni boldumy? (Çekinmän aýdyweriň, mendä 10-a golaý boldy:))

9. Amalia, Firyuza, Aylara. Eliňizde pistolet, içinde iki ok bar, şularyň ikisini atmaly diýlende, haýsyny saýlap diri goýardyňyz?

10. Gyzlardaky haýsy häsiýetleri siz has halaýarsyňyz?

11. @Di-Mentro boş wagty näme edýär? Futboly halaýarsyňyzmy? (Halamok diýseň işiň gaýdar emma👊)

12. Daýhançylyk bilen araňyz nähili? Öňümizem bahar, näme ekmegi planlaşdyrýaňyz?

13. Okuwly gyz gowumy ýa-da okuwsyz?

14. Norwegiýada doglan bolanňyzda Türkmenistana syýahata gaýdardyňyzmy? (Ýalňyşyp, mugt bilet dagy bolsa))

15. "Öwrenmeli" programma nähili garaýşyňyz bar? Programmany ösdürmeklige nähili pikirlerňiz bar?

16. Gepleşigiň indiki sanynda haýsy agzanyň bolmagyny isleýäňiz?

17. Goý, Siziň janyňyz sag, durmuşda fantastiki şowlulyklar ýar bolsun!

39
885
cezv
21 Yanwar 2024
👀👀👀👀👀
ATOMIC
20 Yanwar 2024
@Bitter, senem ben ten görýädiňmi
ATOMIC
20 Yanwar 2024
@Bitter, 🤣🤣🤣
ATOMIC
20 Yanwar 2024
@Bitter, disk zyñylýan sagatmy plasmasdan😅
ATOMIC
20 Yanwar 2024
@Bitter, 😅
saylow
20 Yanwar 2024
ATOMIC
20 Yanwar 2024
15. Njini aýtmandyrn kelläm. Käään garaýşym bar. Bir agzany öz sahypamdan bloklar ýaly etmeli meselem doulingo, instagramdaky ýaly teswirem postam görnenok maňa. Çat bölümi açylmaly. Daşary ýurt dillerinden diýip bölüm açmaly. Anketany açmaly. Postdaky üç nokatdaky şikaýat bölümini işlär ýaly etmeli.
manolya
20 Yanwar 2024
@myrataly_, bolya 😁@medik_, ýetersiňle yzymy)
medik_
20 Yanwar 2024
@mawy, men eygeremok yone yzyni😁
myrataly_
20 Yanwar 2024
@mawy, men dushinyan arkaŷyn bol😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.