Öziň aýralyga ymtylyp barýaň,
Bagtly günleň bardygyna ynanman.
Deňje tutsak umyt bilen söýgini,
Ýupiterde ýaşajagma ynam bar.
Gülýärsiň "Dünýäni gezeris diýsem"
Hem diýýärsiň: "Oňarmarsyň bir işem"
(Wah, ezizim, düşünsene, sen maňa
söýgüňi, ynamy kemeltmän dursaň,
Gujak açar bize, gözel Parižem)
Bile bolsak her aýazly gyşda-da,
Gülälekler güllär, çykar - ýaz düze
Bolmaz söýgümiziň hetdi-hasaby,
San-sajaksyz ýyldyzlaram az bize.
Bir goşmak biriň üýtgedip hasylyn,
Nesip etse, goşarys iki, üç, täk
Her bir işe göreşeris çynlakaý,
Kynçylyklaň depesinden çekiçläp.
Ýöne birden aýralyga el bersek,
Bil şuny!
Mydama gorkýaryn şundan.
Bile umman bolarys, emma ýeke
Tapawudymyz ýok - akwariumdan...
Ylham GURBANALYÝEW
2022