ylham_gurbanaly
29.01.2024 12:52
Özümi mydama aldawa salýan,
Tekrarlap ýagdaýmyň oňatlygyny
"Göz üçinem" galyň geýinen bolýan,
Aýyrman dünýämiň doňaklygyny

Sen kem-kemden uzaklaşýaň,
haýaldan,
ünjä berip gursagymyň çar ýanyn
Ýöne ilki arzuwlardan, hyýaldan,
Eräp gitdiň bir gysymlyk gar ýaly

Seret, ýene gar ýagýar-a söwdügim
Ümür bilen kütek gözler garjaýar
Senli doly ýatlamalaň sandygyn,
Güýzde ýagyş, gyşda garlar dörjeýär...


Ylham GURBANALYÝEW
2023
30
118
annabibi
30 Yanwar 2024
👍
ylham_gurbanaly
29 Yanwar 2024
@smiling_, telefonda edip göýber)
ylham_gurbanaly
29 Yanwar 2024
@smiling_, aý başlaýançaň garaňky düşäýmese)
sazsoft
29 Yanwar 2024
@smiling_, 😂 Bolýa :)
ylham_gurbanaly
29 Yanwar 2024
@sazsoft, indi barlamaly welin, bu howada,köçede işli adam bolaýmasa, men ýaly bezdelnigi tapmak kyn bolaýmasa))
sazsoft
29 Yanwar 2024
@smiling_, Bilýän-dä 😁🙃
sazsoft
29 Yanwar 2024
@ylham_gurbanaly, Alyp gaýdýança bir oýnap gal 😁
Miss_Minnosh❤️
29 Yanwar 2024
👍🏻
ylham_gurbanaly
29 Yanwar 2024
@smiling_, oýun etdim. Beýle bolmak gerek däl)
sazsoft
29 Yanwar 2024
@smiling_, Birnäçe wagtdan bäri ýüregiňiz gysyp duranyny :)
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.