yanabayeva
15.11.2023 09:52

Uruşda wepat bolan esgeriň öýüne zyýaratyna giden dosty aýdýar:

Şehidimiziň öýüne zyýarata gitdik, onuň 5-6 ýaşly gyzy bardy. Onuň elinde gök şar bardy, ol ony hiç kime elledenokdy. "Bile oýnalymy diýdim" ol "ýok aýrylsa öýlerin diýdi". Ýarylsa men saňa has gowularyny alaryn diýdim, ol maňa şeýle jogap berdi: "şary kakam çişirdi, içinde onuň demi bar" diýdi.

40
121
yanabayeva
14.11.2023 18:36
Täze dörän nakyllar

#Düýeden uly pil bar, pilden uly pul bar.
#Irden turda imoňy gör, imoňdan soň instany.
#Suw akar daş galar, toý gutarar alkaş galar.
#Ýagşylyk etseň ynsana, aýlanyp deper ýeňsäňe.
38
248
yanabayeva
09.11.2023 11:35

Bu gyz söýgülisi bilen aýrylandan soñ, 27000 den gowrak jañ, 12000 den gowrak sms, 127 gezek sesli sms, 47 gezek bolsa, poçta ugradanlygy üçin tussag edildi.

42
262
yanabayeva
08.11.2023 11:46

Siz haysyny ilki gorduniz?

43
243
yanabayeva
07.11.2023 01:16

Biraz gulki

45
269
yanabayeva
06.11.2023 13:04

Gülmek ömürden

34
379
yanabayeva
04.11.2023 14:33

Ilki bilen telefony öçürmeli we batareýasyny aýyrmaly. Soñra gorag daşlygyny we plýonkasyny aýyrmaly, Sim kartyny we çipini aýyrmaly dinamigi we birikdirijileri barlamaly, pamyk taýajyklar ýa-da kagyz sūpürgiçler bilen galan suw damjalaryny aýyrmaly.

Telefon günüň aşagynda guradylmaly daldir, sebäbi ekrandaky pikselleriñ ýa-da kamera matrisasynyñ ýanmagy mümkin. Saç guradyjy enjam bilen guratmakdan saklanmaly, çünki käbir bölekleriň eremegi we damjalaryň has çuñluklara aralaşmagy mümkindir. Telefon azyndan bir gün ýyly otagda tekiz ýerde galdyrylmalydy.

35
73
yanabayeva
23.10.2023 15:26

Çekeýin dünýäniñ ähli jepasyn,

Günäm bolsa meni bagyşla eje!

Allam uzak etsin käbäm señ ýaşyñ,

Hiç wagt hiç haçan aglama eje.


Allam çekdirmesin senin zaryñy,

Durmuşym yazmasyn awy paýymy,

Señ bilen ýaşaýyn ömür barymy,

Ömrüñde hiç wagt aglama eje!


Dünýäde dymsada akar çeşmeler,

Balam sözüñ hiç hem dymmasyn eje.

Arkañda dag yaly perzendiñ durka,

Hiç wagt ejizläp aglama eje!

30
29
yanabayeva
19.10.2023 22:06

Öýünde ýylan saklaýan zenan, gowy görýän ýylanynyñ hiç zat iýmeýänini gördi. Näme etsede 3 metirlik ýylany hiç zat iýenokdy. Derdine çäre gözläp ýylany weterinara äkitdi we ýylanyñ ýagdaýyny oña düşündürdi. Weterinar lukman oña: ýylan size oraşýarmy, ýanyñyzda ýatýarmy, diýip sorady. Hawa, diýip jogaplady zenan.

Ýagdaýa düşünen weterinar dowam etdi. Diñläň siziñ ýylanyñyz hassa däl ol sizi iýmäge taýýarlanýar. Şol sebäpden size oraşyp näçe ulalmasy gerekdigini ölçeýär. Hiç zat iýmemeginiñ sebäbem siziñ üçin garnynda ýer açmagy.


Bu kyssadan bolsa netije:Ýanyñyzdaky ýylanlary gowy tanañ. Bir ynsan size ýakyn durýan bolsa, bu gowy niýetlidigini görkezmez. Hyýanat mydama gapyda bolup biler.

34
178
yanabayeva
18.10.2023 18:35

Soramaklyk üçin ýagdaý-halyny,

Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?

Dilleriñe sena edip adyny,

Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?


Ene kalby juda ynjyk bolýara,

Balam diýse müñ derdiñi sowýara,

Bir minutjyk işleñ goýup bir ýana,

Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?


Ýygy bakyp telefonyñ ýüzüne,

Garaşýandyr zar bolup bir sözüñe,

Dañ säherden şatlyk paýlap gününe,

Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?


Yryp gije gören düýşün gowluga,

Ol ýaşar çyn bagty diläp ogluna,

Diýip "Eje ähli zatlar ugruna"

Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?


Ejeñdir sebäpkär ýagty dünýäñe,

Dözäý telefonda onja teññäñe,

Bir gün zar bolmankañ "Eje" diýmäge,

Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?

37
53