Çekeýin dünýäniñ ähli jepasyn,
Günäm bolsa meni bagyşla eje!
Allam uzak etsin käbäm señ ýaşyñ,
Hiç wagt hiç haçan aglama eje.
Allam çekdirmesin senin zaryñy,
Durmuşym yazmasyn awy paýymy,
Señ bilen ýaşaýyn ömür barymy,
Ömrüñde hiç wagt aglama eje!
Dünýäde dymsada akar çeşmeler,
Balam sözüñ hiç hem dymmasyn eje.
Arkañda dag yaly perzendiñ durka,
Hiç wagt ejizläp aglama eje!