Soramaklyk üçin ýagdaý-halyny,
Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?
Dilleriñe sena edip adyny,
Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?
Ene kalby juda ynjyk bolýara,
Balam diýse müñ derdiñi sowýara,
Bir minutjyk işleñ goýup bir ýana,
Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?
Ýygy bakyp telefonyñ ýüzüne,
Garaşýandyr zar bolup bir sözüñe,
Dañ säherden şatlyk paýlap gününe,
Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?
Yryp gije gören düýşün gowluga,
Ol ýaşar çyn bagty diläp ogluna,
Diýip "Eje ähli zatlar ugruna"
Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?
Ejeñdir sebäpkär ýagty dünýäñe,
Dözäý telefonda onja teññäñe,
Bir gün zar bolmankañ "Eje" diýmäge,
Sen bu gün ejeñe jañ aýladyñmy?