Öýünde ýylan saklaýan zenan, gowy görýän ýylanynyñ hiç zat iýmeýänini gördi. Näme etsede 3 metirlik ýylany hiç zat iýenokdy. Derdine çäre gözläp ýylany weterinara äkitdi we ýylanyñ ýagdaýyny oña düşündürdi. Weterinar lukman oña: ýylan size oraşýarmy, ýanyñyzda ýatýarmy, diýip sorady. Hawa, diýip jogaplady zenan.
Ýagdaýa düşünen weterinar dowam etdi. Diñläň siziñ ýylanyñyz hassa däl ol sizi iýmäge taýýarlanýar. Şol sebäpden size oraşyp näçe ulalmasy gerekdigini ölçeýär. Hiç zat iýmemeginiñ sebäbem siziñ üçin garnynda ýer açmagy.
Bu kyssadan bolsa netije:Ýanyñyzdaky ýylanlary gowy tanañ. Bir ynsan size ýakyn durýan bolsa, bu gowy niýetlidigini görkezmez. Hyýanat mydama gapyda bolup biler.