yakup allabayew
08.02.2023 20:37
🇹🇲Türkmen-Türk 🇹🇷
Watandaşlara
Guduraty güýçli eý beýik Allam,
Sabyr ber Türkmen-Türk watandaşlara,
Tizden-tiz aýaga dikeler ýaly,
Kuwwat ber Türkmen-Türk garyndaşlara.
Sagat 4:17 gijäniñ ýary,
Gaflat ukysynda ýatyrdy bary,
7,4 derejä silkinip pany,
Eý Allam kömek et ýakyn-daşlara,
Ýa Allam kuwwat ber garyndaşlara.
Ýykyldy binalar, ýumruldy öýler,
Ýykyldy metjitler, ýykyldy jaýlar,
Türkmen halky görüp göze ýaş aýlar,
Eý Allam kömek et ýakyn-daşlara,
Ýa Allam sabyr ber garyndaşlara.
Kyn ahwalda goýup ençe hallary
Ajal gelip, alyp gitdi janlary,
Günde-günden artyp bulañ sanlary,
Eý Allam kömek et ýakyn-daşlara,
Ýa Allam sabyr ber garyndaşlara.
Bilmedim gözümden ýaşymy gizläp,
Ýazdym goşgym zordan elimi düzläp
Ölenlere iman baýlygny diläp,
"Eý Allam iman ber gidenlerine"
"Ýa Kadyr Kuwwat ber galanlaryna"
Awtory:Ýakup Allabaýew
13
100
yakup allabayew
06.02.2023 20:18
Zalym pelek seni gynaýanda-da,
Sabyr bilen kynçylygy ýeñjek bol
Öwrümli ýollarda synaýanda-da,
Umyt bilen öñe sary eñjek bol,
Bagt ynha gülüp bakaýsa birden,
Ýeldirgäp seriñi aldyrma elden
Nebsiñ azm urup çykaýsa çenden
Şol pursat özüñi mäkäm tutjak bol
Bolup galsañ bir wezipäñ eýesi,
Unutmagyn senem Hudaý bedesi,
Eger öz deñiñden göräýseñ pesi,
Başarsañ kömegiñ gaýgyrmajak bol
Hiç haçan güllemez bahylyñ bagy,
Pespällik giden bir döwletiñ ýary,
Adyña "Pylanjan" diýilen çagy,
Şol wagt bolşuñdan üýtgetmejek bol.
Awtory: Ýakup Allabaýew
8
83
yakup allabayew
31.01.2023 06:39
Dünýä seni tanaýar,
Hiç kim sensiz oñmaýar,
Gije sensiz bolmaýar,
Gadyrdanym sen ýassyk.
Ýadowlynyñ daýanjy,
Ýaşulynyñ söýenji,
Gije ukyñ guwanjy
Gadyrdanym sen ýassyk.
Goýsañ kellä nep bolýar,
Kelle agryñ dep bolýar,
Çagañ daşyna sep bolýar,
Gadyrdanym sen ýassyk
Öýkeleseñ syrdaşyñ,
Gijelerne ýoldaşyñ,
Çaý başynda daýanjyñ,
Gadyrdanym sen ýassyk.
Ýakup Allabaýew
15
90
yakup allabayew
26.01.2023 00:27
Watanyñ öñünde edýärdik gulluk,
Öýmüze barmana şeýle howlukduk,
Ir säher nyzama barym jem bolduk,
Buýruga garaşyp durýardyk Eje.
Hatardan çykaryp diýdiler maña,
Öýüñde toýmudyr hat geldi saña,
Içimi gepledip ýylgyrdym çala,
Ýüregim bir zatlar syzýardy Eje.
Kamandir ýüzüme ýylgyrmaýardy,
Hiç kim maña oñaýly
Syr bermeýärdi,
Seniñ ogluñ näderini bilmäni,
Ýüregi ýarylyp barýardy Eje.
Kerkiden ýöredim Mary iline,
Howlugýan ýetäýsem dogduk ilime,
Ýetdimem sowukluk girdi inime,
Doganlamy başgapda görende Eje.
Ýeriñ ýüzi göýä maña dar geldi,
Ýazam bolsa añzak gyşly gar geldi,
Gözlerimden gandan doly ýaş geldi,
Gerdende tabydyñ görende Eje.
Ýetişmedim soñky ýüzüñ görmäne,
Ýüzüñ sypap razylygym bermäne,
"Razydyryn razy bolgun" diýmäne,
Ýürekde myjalym galmady Eje.
Üç çagañy goýup gitdiñ yzyñda,
Kakamjanam başyn goýup dyzynda,
Senli arzuwlarmyz gitdi yzyñda,
Öýmüziñ gyzygy galmady Eje.
Ejemjanym bolsun imanyñ ýoldaş,
Soñkuja ýoluña ugradýarys hoş,
Söýen ýarym bilen birikdirip goş,
Gyzyma adyñy goýaryn Eje.
Awtory: Ýakup Allabaýew
18
155