Bir näçe wagtlyk obadan gaýdyp
Halal nanym tapyp, işledim niçe
Degdiler göwnüme del sözler aýdyp
Ýylgyryp göwnüne degmedim Eje
Diýdiler ýene-de pytçyñyn atyp
"Çyrşaýan ýokmudyr kagyza sençe"
A men bolsa durmadym akylym satyp
Señki dogry diýip ýöredim Eje
Beren terbiýäñden many aldymda
Kynam bolsa halal ýolyny seçe
Ýyksalarda söýendimde, galdymda,
Ýene şo ýolumdan ýöredim Eje
Arada öýüme myhman boldyñda
Geçeni ýatlatdyñ ençeme ençe
"Adamçylyk etgin name etseñde"
Diýdiñde edebim artdyrdyñ Eje
Sen gepläp otyrdyñ ýüzüme garap—
"Näme diýseler-de ötä git geçe"
A men bolsa gasynlarña seredip,
Garrandygñy görüp gysyndym Eje
Şol gasynlañ haýsy meniñ paýyyma
Diýdimde oýlandym uzakly gije
"Elindäki ýok ýüzündäki"
" Wah hemmesi meniñ paýyma"
Gasyn atdy diýip agladym Eje
Bu ejiz ogluñy BAGYŞLA EJE.
Awtory: Ýakup Allabaýew
+99362249056