yakup allabayew
06.02.2023 20:18
Zalym pelek seni gynaýanda-da,
Sabyr bilen kynçylygy ýeñjek bol
Öwrümli ýollarda synaýanda-da,
Umyt bilen öñe sary eñjek bol,

Bagt ynha gülüp bakaýsa birden,
Ýeldirgäp seriñi aldyrma elden
Nebsiñ azm urup çykaýsa çenden
Şol pursat özüñi mäkäm tutjak bol

Bolup galsañ bir wezipäñ eýesi,
Unutmagyn senem Hudaý bedesi,
Eger öz deñiñden göräýseñ pesi,
Başarsañ kömegiñ gaýgyrmajak bol

Hiç haçan güllemez bahylyñ bagy,
Pespällik giden bir döwletiñ ýary,
Adyña "Pylanjan" diýilen çagy,
Şol wagt bolşuñdan üýtgetmejek bol.

Awtory: Ýakup Allabaýew
8
83
yakup allabayew
6 Fewral 2023
Leýla💔, sag bol
Leýla💔
6 Fewral 2023
Likeeeeeee 😊👍
yakup allabayew
6 Fewral 2023
A.E.S,👍👍
A.E.S
6 Fewral 2023
👍🏻👍🏻👍🏻✅.......
yakup allabayew
6 Fewral 2023
zolushka,🤦 hovva sag bol bendesi bolmaldy
zolushka
6 Fewral 2023
Manysy gowy eken👍👍👏👏 udaçi
zolushka
6 Fewral 2023
Bedesimi ýa " bendesi"
Myhman Myhman
6 Fewral 2023
Ýakyp Allaberdiýew , like 👍.... dossum
yakup allabayew
6 Fewral 2023
Tokio,minnetdar
Tokio
6 Fewral 2023
Likeeee.agam.👏👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.