Watanyñ öñünde edýärdik gulluk,
Öýmüze barmana şeýle howlukduk,
Ir säher nyzama barym jem bolduk,
Buýruga garaşyp durýardyk Eje.
Hatardan çykaryp diýdiler maña,
Öýüñde toýmudyr hat geldi saña,
Içimi gepledip ýylgyrdym çala,
Ýüregim bir zatlar syzýardy Eje.
Kamandir ýüzüme ýylgyrmaýardy,
Hiç kim maña oñaýly
Syr bermeýärdi,
Seniñ ogluñ näderini bilmäni,
Ýüregi ýarylyp barýardy Eje.
Kerkiden ýöredim Mary iline,
Howlugýan ýetäýsem dogduk ilime,
Ýetdimem sowukluk girdi inime,
Doganlamy başgapda görende Eje.
Ýeriñ ýüzi göýä maña dar geldi,
Ýazam bolsa añzak gyşly gar geldi,
Gözlerimden gandan doly ýaş geldi,
Gerdende tabydyñ görende Eje.
Ýetişmedim soñky ýüzüñ görmäne,
Ýüzüñ sypap razylygym bermäne,
"Razydyryn razy bolgun" diýmäne,
Ýürekde myjalym galmady Eje.
Üç çagañy goýup gitdiñ yzyñda,
Kakamjanam başyn goýup dyzynda,
Senli arzuwlarmyz gitdi yzyñda,
Öýmüziñ gyzygy galmady Eje.
Ejemjanym bolsun imanyñ ýoldaş,
Soñkuja ýoluña ugradýarys hoş,
Söýen ýarym bilen birikdirip goş,
Gyzyma adyñy goýaryn Eje.
Awtory: Ýakup Allabaýew