Nowruz baýram
Türkmeniň täze ýyl,täze bir güni,
Ýylgyryp seredýär günem asmanda,
Bahar bilen alyp gelinen bagty,
Görýän ýylgyryşy Nowruz baýramda.
Halkymyz şat bolar güllere besläp,
Bu baýramyň gujagynda ýaýnaklap,
Gyzlar gopuz çalar, bezenip,beslenip,
Gözellige dolan Nowruz baýramda.
Saçaklar bezeler semene bilen,
Dürli-dümen,naz nygmatlar goýular,
Elleri lezzetli mährem zenanlar,
Läle-de kakarlar, Nowruz baýramda.
Bu baýramlar eýýamlara atarylsyn,
Türkmen ojagynda şatlyk ýatmasyn,
Sungatda zehinimiz hijem ýitmesin,
Gutlap ýazdym,bu gün Nowruz baýramda.
Awtor:Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
Link: Seyliyewa Aygul 🖋️📚🇹🇲