ILKINJI SÖÝGIM(muştagymyň islegi)
Ýetginjeklik meni ýakdy lowlatdy,
Yşkyň azabyna duçaram kyldy,
Gülnar gyzyň maýyl-maýyl bakyşy,
llkinji söýgümiň sebäbi boldy.
Duşuşardyk toýlardyr,bagtly agşamda,
Haýranyň bolupdym dünýä içinde,
Söýýänem diýerdik ýyllar içinde,
Jalaý geýinişiň aýyrdy bizi.
Garyndaşym soň bolsa ýürekdeşim,
Diýip arzuwladym,puç boldy düýşüm,
Garyndaşlyk hasam berkesin diýsem,
Tersine,öňkilegem galmady indi.
Kakam diýdi" jalaý gelin gerek däl",
Ejem diýdi "haýyrsyz gelin gerek däl",
Edepligi daş keşbinde däl ahyr,
Diýdim,
Maňa şondan başga ýaram gerek däl.
Öz diýenni gögertdiler ene-atam,
Başga gözel bilen nikany gyýdym,
Ejäni ynjydan käbeni ýykar,
Şu söze eýerip,gülümden aýryldym.
Aýry ýollarmyzda bagtly boldum,
Guwanyp, söýenimiň bagtlylygyna,
Ýazgyda ynanyp etdim şükürüm,
Ýöne ýüregimde,ilkinji söýgim.
Aýgül Seýliýewa Çarymyradowna
Seyliyeva Aygul 🖋️📚🇹🇲