Bitewilik sakla
Iki ýürek bir-biri üçin urmasa,
Ýarym galan ýüregini dolmasa,
Her bir çagda syrdaş kimin görmese,
Söýgi däl,guran,mahrum bendidir.
@aygul_seyliyewaSylagyny berip öýiňde-işde,
Sylagyny bermän,ýat ýerde daşda,
Ulylykmy?! Bu niçiksi häsiýetde,
Sylagsyz,söýgisiz duran gapyldyr.
Eşitdim,gördüm ulus iliň jepasyn,
Ýetimlik tutupdyr ýeriň bir ýüzin,
Kakasy bar bolup ýetim diýdiren,
Balalaň söýgüsin harlan eý gapyl.
@aygul_seyliyewaAzaşmaň adamlar ýary söýmekde,
Hak üçin ýylgyrdyň,nurly ýüzlerde,
Galp iş etmegin göwünlik ýolda,
Her ýagdaý bolsa-da ojak saklagyn.
Ýykmak üçin gurlan däl bu ojak,
Goraň keramatly beýik bir gudrat,
Gurma ojak ýasan ýaly oýunjak,
Oýlaş, öz bagtyňa özüň çemeleş.
@aygul_seyliyewaAýgül dilär, hak ýolunda il üçin,
Agzybir,parahat giň arzuwlaryn,
Balalar ojakda bitin ulalsyn,
Ene-ata, bitewilik saklasyn.
AÝGÜL SEÝLIÝEWA ÇARYMYRADOWNA