wise
23.03.2024 17:43

MAGTYMGULYMYZ

Türkmenlere akyl paýhas saçmasy,

Jemşidiň jamy deý dünýä açmasy,

Düýn,bu gün,ertir hem akyl çeşmesi,

Arşdan berlen akyldar,Magtymgulymyz.


Watan diýip ençe goşgular ýazdyň,

Garaşsyz ýurt isläp,arzuwlap gezdiň,

İl günüň derdini,özüň dek gördün,

Mert ýigit merdana Magtymgulymyz.


Arzuwlan zamanyň geldi Pyragy,

Aýdan sözleriňden nusga alaly,

Adyny aýrylmaz daga ýazaly.

Nusgalyk akyldar Magtymgulymyz.


Bu gün belleýäris üç ýüz ýyllygyň,

Sungat dünýäsine yolum acanyň,

Seniň ömür boýu gaçmaz gymmatyň,

Pirim sen akyldar Magtymgulymyz.


Awtor: Aygül Seýliýewa Çarymyradowna

Link: Seyliyewa Aygul 🖋️📚🇹🇲

22
30
sima
23 Mart 2024
👌
ATOMIC
23 Mart 2024
👍❤️
komekovva
23 Mart 2024
Gaty govy gosgy bolupdr❤️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.