violinist
30.10.2023 09:50

Ellerimi saýawana öwürip,

Güneşden goranjak bolýaryn emma,

Meniň bu bolşuma ýaýkap başyny

Asmanda bulutlar haýdaşyp barýar.


Howada guşlaryň gaýýan sesleri,

Neçüýn gamgyn aýdym bolup eşdilýär?

Gözlermiň garasy agynda doňan,

Göreçlerim her kes üçin neşter däl.


Ýöne ol aňlanlar üçin alawdyr.

Goý, onuň oduna ýansyn kirpiklem.


Arzuwlarym haýsy ýola äkider?

Uzak wagt dymmak gowy däl beýdip.

Gözlerimi ýummaga-da gorkýaryn,

Soň başga bir ýerde oýanaryn öýdüp.


Gülnar GELDIMYRADOWA

14
29
violinist
29.10.2023 19:17

Ilkinji duşuşyk! Ir säher bilen,

Men işe barýaryn, undup dünýäni,

Şonda gözleriňe gözüm düşüpdi,

Şol garaýşyň üýtgedipdi dünýämi.


Gara geýinsemem "ýyldyrym urdy",

Seniň otly nazaryňa çaknyşyp.

Seň köçäňe barýan trolleýbus men,

Öz sadaja umytlamdan aslyşyp.


Nirä barýanymam unutdym şonda,

Ýaşaýyşam şol pursatdan başlady,

Özgelerden nämesi artyk? diýmäň!

Wah ol gyzyň ýaradylşam başgady.


Bolmasa şadyýan, gamsyz ömrümi,

Pida edip "yşk kepenin" geýmezdim,

Oň nämesi artyk, düşündir? diýmäň!

Düşündirip bilýän bolsam söýmezdim...

17
73
violinist
28.10.2023 21:30

Aýt hany,

Dogryňdan gel-de, aýt maňa,

Gussalarňy durmuş basyp, ýitmänkä,

-Näçe gezek meň belgime jaň edip,

Öçürip agladyň, gudok gitmänkä?!

20
63
violinist
26.10.2023 10:09

"Nireden ýadyma düşdüň?" diýme sen,

"Salam!" diýmek üçin düşdüm ýadyňa...

"Tallaryň boýnuna tama öýmesin

saraý" diýmek üçin düşdüm ýadyňa.


Ýogsa, men böljekmi ünsüň-üşügiň?

Tekepbir bolsamam, bilýän düşünip.

"Gül göwnüňden öýke buldun düşürip,

ýagaý" diýmek üçin düşdüm ýadyňa.


Göwnüňe degenin geň görüp ýören,

Göwnüm nämelere döz gelip ýörer?!

"Men-Adam bolmagy öwrenip ýören

zenan" diýmek üçin düşdüm ýadyňa.


Men maý tapsam, ugramakçy barybir...

Hiç bilemok adamlara garylyp.

"Bir gün ýarpy eser goýsam, ýarysyn

ýazaý" diýmek üçin düşdüm ýadyňa.


Biz bir gelýäs,

Kepil ýokmuş ýenäge.

Bigadyrlyk bu gümanyň sebäbem.

Men welin zat tapman seni deňäre

"Halal!" diýmek üçin düşdüm ýadyňa.


Aýgül Garaýewa

23
67
violinist
24.10.2023 22:24

Ýaşlykdanmy, daşlykdanmy?, Bilemok,

Ikimizem aýry ýola ýolukdyk,

Bahanamyz, biz pikirdeş dälmişik,

Öñler-ä biz ýürekdeşem bolupdyk.


Sansyz, soñsyz duýgylara uýupdyk,

Söýüpdigem bir-biregi jan bilen,

Gür şatlyga umyt eden hyýallam,

Tamam boldy bu gün ýene gam bilen.


Kalbyma dökülen ajylar bilen,

Dost tutundym ýalñyzlygy özüme,

Indi meni otlar sençe ýakanok,

Öwrenişdim ataşlaryñ közüne.


Belki, senem küýsegimde ýörensiñ,

Gözleriñe gussa bolandyr hekem,

Dünýede iñ uly ezýetleñ biri,

Hiç soñy gelmedik ýalñyzlyk eken.


Ýandaklary ýorgan edip ýapynýan,

Gijeleñ tümlügi göwnüme urna,

Ýörän ýollaryma ýalanyñ düşap,

Haýyş edýän durmuş, ýüzüme urma!.


Bagt meniñ mañlaýymdan öpmedi,

Ne-hä söýgim galdy ne-de höwesim,

Ýer gopan-da tisginmedik ýüregim,

Sen gideñde doldurypdy öwezin.


Gursagyma zäher bolan günleriñ,

Baryny unytjak başyndan başlap,

...

Bolýa-da hoş gal...!

24
169
violinist
23.10.2023 01:07

Hala sen äsgerme, hala sen äsger,

Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel.

Bileniňden galma, bagtyňdan galma,

Şatlykdan doýma ýok, bu bagtdan ganma.

Et göwne gelenin, köňül söýläniň,

Parhy näme söýýänim ýa söýmänim.

Men bolmaýyn aýagyňa çolaşan,

Owal söýüp soň söýgüde sowaşan

Ömürbaky bir-birege ýagydyr,

Seň bagtyň - özgäň betbagtlygydyr.


Hala sen äsgerme, hala sen äsger ,

Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel,

Aslyşmaýyn saklamaýyn ýoluňda,

Kem galma dünýäniň bary ýogundan.

Peýdasy ýok saralmaň-da solmaň-da,

Günler geçer men bolamda, bolmanda.

Meni horla sen özüňe jebr etme,

Oňat bolsa, bar, bagtly bol jennetde.

Gözýaş ýaly asylmaýyn kirpikde,

Kastym ýok arym ýok saňa birjik-de.

Kiçelt mertebämi, dök sen abraýym,

Ýöne özüm özüm bolup galaýyn.


Hala sen äsgerme, hala sen äsger

Men seniň bagtyňa bermäýin päsgel.


Atamyrat Atabaýew

19
66
violinist
22.10.2023 15:23

Salam-salam ýitip gitmez, bilýärin,

Sen bar ahyr bir künjünde dünýäniň.

Ýöne käte ýalňyzlygmy ýanja-da,

— Biljek boldum, menden soňam gülýämiň

— diý-de,

Sen maňa jaň et!


Durmuşdyr bu, käte göwnüň ýykylar,

Bolup durmaz öňden eden çakyňam.

Meň belgimi telefondan pozsaňam,

— Aldym dostlaryňdan belgiň tapybam

— diý-de,

Sen maňa jaň et!


Ýalňyz wagtyň ýalňyşmarsyň sygynsaň,

Ahmyryňy saklap biljek syryň men.

Ýa bolmasa, gowluk wagty hemme zat,

— Gürleşäýin diýdim, ýöne şu gün bir...

— diý-de,

Sen maňa jaň et!


Seni söýüp, gabanmaklyk adatym,

Ýöne indi ýogam onuň hajaty.

A şonda-da, köne tanşyň hasaplap,

Hemişe däl, käwagt bir

— Ýatladym...

— diý-de,

Sen maňa jaň et!


Dogry, menem ýatlanmagmy islämok,

Boýn alaýyn, ýat bolmagam islämok.

Ýöne käte

— Gowy bolar hemme zat,

Bolan zatlar däldi meňem islänim

— diý-de,

Sen maňa jaň et!



Allanur ÇARYÝEW

21
91
violinist
21.10.2023 17:23

Men seni bireýýam ýatdan çykardym,

Ýatlap ýörmek peýdasyz-a söýmeseň.

Unutdym,

her säher suratyň ogşap,

Her agşamam düýşe girýäň diýmeseň...

27
92
violinist
19.10.2023 15:19

Baram bolsa, ýogam bolsa,

Geçdim men günäñi, dostum!

Sen meniñ serimiñ dumany, dostum!

Bir dem bagtly boldum seniñ yşkyñdan,

Indem dilemerin amany, dostum!

Seni gabanmaryn gyzdan-gelinden,

Goý, gözeller lezzet bersin janyña!

Goý, seni söýsünler, ynanaýyn men

Seni söýüp, sende ýalñyşmanyma.

Da:ş ýaly doñduran ýüregmi meniñ

Islän ýeriñe zyñ,

"wah" diýmen her hal.

Meñ ýüregim saña gerek bolmasa,

Düşün-ä, ol ýürek nämäme derkar?!

Baram bolsa, ýogam bolsa

Geçdim men günäñi, dostum!

Sen meniñ dilimiñ senasy, dostum!

Säher çaglarynda saýgarmarsyñ sen

Ýaşa dönüp daman sedamy, dostum!

Sen bagtyýar ýaşa, gam-gussa batma,

Ylaýym, duşma-da bela-betere!

Eger bagtyñ ýatsa...

Bir zaman da:şa

Öwrüp zyñan ýüregime büdüre!


Nobatguly REJEBOW.

21
50
violinist
19.10.2023 00:07

Gözleňden nämedir bir zat gözleýän

Ýöne meň gözlegim sygmaz göwrüme

Şowsuz günlerimi arşa göteren

Gözleriň şowlulyk geti:r ömrüme.


Çalynmadyk sazlarymyň notasy

Sen ekeniň aýdylmadyk sözlerim.

Hakydaňa ýerleşdiren keşbimi

Aýna bakyp gözleriňden gözlegin.


Sen ekeniň sensizligi kör edip,

Maňa uly umyt bolup dolanan.

Hemem yşgyň alawyny köredip,

Meni garşy aldyň durmuşym bilen.


Sen ekeniň näme gazanan bolsam,

Şolaň ählisinden beýik utuşym.

Wiý, belki-de özüň bilýänem dälsiň,

Ýaraýar maňa.

Adymy üýtgeşik edip tutuşyň.


Gülnar Geldimyradowa

15
54