violinist
24.10.2023 22:24

Ýaşlykdanmy, daşlykdanmy?, Bilemok,

Ikimizem aýry ýola ýolukdyk,

Bahanamyz, biz pikirdeş dälmişik,

Öñler-ä biz ýürekdeşem bolupdyk.


Sansyz, soñsyz duýgylara uýupdyk,

Söýüpdigem bir-biregi jan bilen,

Gür şatlyga umyt eden hyýallam,

Tamam boldy bu gün ýene gam bilen.


Kalbyma dökülen ajylar bilen,

Dost tutundym ýalñyzlygy özüme,

Indi meni otlar sençe ýakanok,

Öwrenişdim ataşlaryñ közüne.


Belki, senem küýsegimde ýörensiñ,

Gözleriñe gussa bolandyr hekem,

Dünýede iñ uly ezýetleñ biri,

Hiç soñy gelmedik ýalñyzlyk eken.


Ýandaklary ýorgan edip ýapynýan,

Gijeleñ tümlügi göwnüme urna,

Ýörän ýollaryma ýalanyñ düşap,

Haýyş edýän durmuş, ýüzüme urma!.


Bagt meniñ mañlaýymdan öpmedi,

Ne-hä söýgim galdy ne-de höwesim,

Ýer gopan-da tisginmedik ýüregim,

Sen gideñde doldurypdy öwezin.


Gursagyma zäher bolan günleriñ,

Baryny unytjak başyndan başlap,

...

Bolýa-da hoş gal...!

24
169
altyyeva
25 Oktýabr 2023
Gursagyma zäher bolan günleriň, baryny unutjak başyndan başlap..🍃🤍
violinist
24 Oktýabr 2023
))
violinist
24 Oktýabr 2023
@eziz03, Kim näme üçin blok etsin?!
violinist
24 Oktýabr 2023
Ine-dä çat açylmasa
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.