violinist
22.10.2023 15:23

Salam-salam ýitip gitmez, bilýärin,

Sen bar ahyr bir künjünde dünýäniň.

Ýöne käte ýalňyzlygmy ýanja-da,

— Biljek boldum, menden soňam gülýämiň

— diý-de,

Sen maňa jaň et!


Durmuşdyr bu, käte göwnüň ýykylar,

Bolup durmaz öňden eden çakyňam.

Meň belgimi telefondan pozsaňam,

— Aldym dostlaryňdan belgiň tapybam

— diý-de,

Sen maňa jaň et!


Ýalňyz wagtyň ýalňyşmarsyň sygynsaň,

Ahmyryňy saklap biljek syryň men.

Ýa bolmasa, gowluk wagty hemme zat,

— Gürleşäýin diýdim, ýöne şu gün bir...

— diý-de,

Sen maňa jaň et!


Seni söýüp, gabanmaklyk adatym,

Ýöne indi ýogam onuň hajaty.

A şonda-da, köne tanşyň hasaplap,

Hemişe däl, käwagt bir

— Ýatladym...

— diý-de,

Sen maňa jaň et!


Dogry, menem ýatlanmagmy islämok,

Boýn alaýyn, ýat bolmagam islämok.

Ýöne käte

— Gowy bolar hemme zat,

Bolan zatlar däldi meňem islänim

— diý-de,

Sen maňa jaň et!



Allanur ÇARYÝEW

21
91
violinist
23 Oktýabr 2023
Barybir, sen meni söýmän bilmersiň, Ýaz ýaly ýazylar kinedir-öýkäň. Köşeşer gyz göwnüň, Düşüşer göwnüň, Hem maňa ýene-de düşüner göwnüň, Bilmersiň, sen meni bilmersiň söýmän!
oras
23 Oktýabr 2023
@violinist, gowy setirler yazyan tuweleme sozum yok. Yone durmusydaky tankyt zatlary dalde sadyyan zat hakda aytsan gowumyka diyyan mena
violinist
23 Oktýabr 2023
Men maý tapsam, ugramakçy barybir... Hiç bilemok adamlara garylyp. "Bir gün ýarpy eser goýsam, ýarysyn ýazaý" diýmek üçin düşdüm ýadyňa.
violinist
23 Oktýabr 2023
"Nireden ýadyma düşdüň?" diýme sen, "Salam!" diýmek üçin düşdüm ýadyňa... "Tallaryň boýnuna tama öýmesin saraý" diýmek üçin düşdüm ýadyňa.
violinist
23 Oktýabr 2023
@oras, Ýok!
oras
23 Oktýabr 2023
@violinist, siz soygunizi yitirena dalsiniz hanym
violinist
23 Oktýabr 2023
Gursagyma zäher bolan günleriñ, Baryny unytjak başyndan başlap, ... Bolýa-da hoş gal...!
violinist
23 Oktýabr 2023
Bagt meniñ mañlaýymdan öpmedi, Ne-hä söýgim galdy ne-de höwesim, Ýer gopan-da tisginmedik ýüregim, Sen gideñde doldurypdy öwezin
oras
23 Oktýabr 2023
@violinist, tuweleme tuweleme her sozuni sygyr bn beyan edyanow ha
violinist
23 Oktýabr 2023
Ýaşlykdanmy, daşlykdanmy?, Bilemok, Ikimizem aýry ýola ýolukdyk, Bahanamyz, biz pikirdeş dälmişik, Öñler-ä biz ýürekdeşem bolupdyk.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.