violinist
violinist
01.12.2022 00:34
Telim gezek aýtjak bolup, çekinip, Telim gezek söz deregne üsgürdim. Meniñ söýgi gaplan, dykyz kalbymdan, Dostluk bakyşlaryñ bilen üstündiñ. Göz aýladym, söz aýladym düşmediñ, Gözlerim çaşardy,
violinist
30.11.2022 20:53
Käte öz-özüňe gaharyň gelse,
Puşman bolup, edenleriň ýatlagyn.
Meň-ä sensiz günler işdäm bolmady,
Ökünjiňden, senem hiç zat datmagyn.

Käteler diňleseň, kalbyň sesini,
Sora ondan-edenleriň dogrumy?
Tiziräjik bu ýagdaýy çözmesek,
Maňa azap, sensiz günleň agramy.

Käte pikir etseň, ýalňyşlaň hakda,
Diňe men däl, özüňede seretgin.
Ýüzleşmäge tapylmasa bahana,
Jaň etmäge özüň sebäp döretgin.

Ýa-da, kejirligiň rugsat bermese,
Men ädim ataýyn, iterme meni.
Eliňdekä senden ýeke haýyşym:
Söýýärkäm, gaýrat et, ýitirme meni!

Esen Esenow
19
98
violinist
violinist
26.11.2022 17:55
Ýeke goýup gitdiñ, duýmady asman, Bulutlar sarsmady, ýagmady ýagyş. Ýöne gözýaşlardan öllendi desmal, Ýüregme çekildi ot bilen nagyş. Ýeke goýup gitdiñ, duýmady şemal, Süññi sarsyp ýetişmedi agaçlañ.
violinist
violinist
26.11.2022 13:46
Men şeýle söýýän...Hasapsyz, kitapsyz..garşylyksyz. Şeýle ýagdaýda kiçijik zatlardanam bagtly bolýaň..Bir ýylgyrsa meselem, maňa ýylgyrdymyka diýýäň..ähtimallygynam söýýäň). Hem uzakdan söýmek
violinist
24.11.2022 20:50
Gözlerime uky girmez gijeler,
Sagat görkezip dur bäşiň ýaryny.
Her kim ýatyr, süýji ukusyn pozman,
Men entegem ýatlap otyryn ýarymy.

Öz-özüme ezýet edip gijeler,
Çekýän derdim üçin begenerdiň sen.
Bir damja ýaşyňy görsem gözüňde,
Umman ýaly dertde bogulardym men.

Sen diýipsiň, "maňa näme derdinden,
Ýatsa ýatsyn, ýatmasa hiç ýatmasyn".
Bir dilegim şu gysgajyk ömürde,
Gadyrsyzy söýmeli bir etmesin...

Kuwwat Ýazmuhammedow
13
84
violinist
24.11.2022 18:52
Gürleşere gürrüň kändi şeýle bir,
Gürrüň kändi yşkymyzy güýmäre.
Ýöne,dymdyň,onsoň meňem dillerim
Maý tapmady sözlemäge,diýmäge.

Gözler bilen söhbet edip,hoşlaşyp,
Bir-birege bagt diläp oňduk biz.
Hemem şeýdip söýgimiziň goluny,
Goja bagyň damaryna daňdyk biz.

Mert görünjek boldukmy ýa?Bilmedim,
Gaýdanmyzda dogumlandy ädimler.
Gaýtdyk,ýolda aň ýetirmän bu söýgiň,
Bu zatlara mynasyp ýa däldigne.

Bir-birekden gaçdyk ýördük soňra-da,
Gözläp ýollaň duşurmajak ýerini.
Unutdyk biz,kyn bolsa-da,söýginiň,
Aýralygyň owazyny,heňini.

Gürleşere gürrüň kändi şeýle bir,
Gaýtmaklygam beýle aňsat düşmändi.
Ýöne,bilmen,onda neçün?Nämüçin?
Bir-birege bolup galdyk duşman deý?!


Aşyr Hanow
12
72
violinist
22.11.2022 08:55
Gürleşere gürrüň kändi şeýle bir,
Gürrüň kändi yşkymyzy güýmäre.
Ýöne,dymdyň,onsoň meňem dillerim
Maý tapmady sözlemäge,diýmäge.

Gözler bilen söhbet edip,hoşlaşyp,
Bir-birege bagt diläp oňduk biz.
Hemem şeýdip söýgimiziň goluny,
Goja bagyň damaryna daňdyk biz.

Mert görünjek boldukmy ýa?Bilmedim,
Gaýdanmyzda dogumlandy ädimler.
Gaýtdyk,ýolda aň ýetirmän bu söýgiň,
Bu zatlara mynasyp ýa däldigne.

Bir-birekden gaçdyk ýördük soňra-da,
Gözläp ýollaň duşurmajak ýerini.
Unutdyk biz,kyn bolsa-da,söýginiň,
Aýralygyň owazyny,heňini.

Gürleşere gürrüň kändi şeýle bir,
Gaýtmaklygam beýle aňsat düşmändi.
Ýöne,bilmen,onda neçün?Nämüçin?
Bir-birege bolup galdyk duşman deý?!


Aşyr Hanow
14
69
violinist
21.11.2022 15:38
Jan diýip, öñüñde çökmedim dyza,
Senem ejap etdiñ janym diýmäge.
Şeýdip suwjaryp däl,merdemlik bilen,
Söýmegi ozaldan guýduñ dünýäme.

Söýdüm eje ,munda barlygym üçin,
Dil bilen däl,gursagyma siñdirip.
Bilýän,señ göwnüñem juda hoşdugyn,
Meni giñ jahana,dünýä inderip.

Çünki meni ýollan ,ak ýollaryña,
Kir-kimirsiz aşan bolsa kerweniñ.
Eje,señ megerem yhlasyñ şudur,
Şu güne çen azap eden her güniñ.

Atarsam kerweniñ ýeneki ýola,
Owsaryn tutdyryp perzentlerime.
Guýan gursagyma ak süýdüñ bilen,
Eýerip,öwüt hem her pentleriñe.

Eje...hökmanam däl,owadan sözler,
Gaýta-gaýta alyp ýörmek dillere.
Razy,gursagyñda ahmyr goýmasam,
Hem ýodañy alyp gitsem ýollara.

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA
11
48
violinist
21.11.2022 07:14
Gitme!
Sen gidäýseñ, ýitirip ýolum,
Azaşmakdan gorkýan, başynda ömrüñ.
Gitme!
Sen gidäýseñ, göýdük galaryn,
Gülüp, ýaýnap, döwran sürmeli döwrüm.

Bogar meni söýgiñ nalasy,
Gitme!
Onsuzam horlukdan, horluk çekýärin...
Bu söýginiñ azaplary gizlenen,
Gowak ýaly oýlarynda çekgämiñ.

Gitme!
Gitmeklige ýokka zerurlyk,
Gum-gukluga atyp, şatlykdan saplap...
Söýgi bilen tutan näzik ellermi,
Goýbermek netim ýok gam-gussa gaplap...


Kerim HALLY
14
48
violinist
20.11.2022 23:37
Düýnüň gapysyny kakyp ýöremok,
O ýer indi kalbyň ýaly ýa:t maňa.
Indi seniň hatlaryňam döremok,
Nämä gerek nep bermejek ýatlama?!

Sen hakdaky hyýallarym ýitirdi,
Ömrümdäki "ýeke-täklik kärini".
Bagtyň özi gollaryma getirdi,
Sensizlikde ýanmazlygyň tärini.

O:t deý ýanýan ýüregimi güýmäre,
Emel tapdym takat bilen sabyrdan.
Kalbyň maňa, men kalbyňa bigäne,
Ony düýnüň salgymyna öwürdim.

Soňsuz pikirleriň düýbüne çümüp,
Gezemok men öz-özüme düşünmän.
Suwsuz elewrämde dodaga damyp,
Çalyşdy meň aram tapýan düşelgäm.


Aşyr Hanow
19
62