Gürleşere gürrüň kändi şeýle bir,
Gürrüň kändi yşkymyzy güýmäre.
Ýöne,dymdyň,onsoň meňem dillerim
Maý tapmady sözlemäge,diýmäge.
Gözler bilen söhbet edip,hoşlaşyp,
Bir-birege bagt diläp oňduk biz.
Hemem şeýdip söýgimiziň goluny,
Goja bagyň damaryna daňdyk biz.
Mert görünjek boldukmy ýa?Bilmedim,
Gaýdanmyzda dogumlandy ädimler.
Gaýtdyk,ýolda aň ýetirmän bu söýgiň,
Bu zatlara mynasyp ýa däldigne.
Bir-birekden gaçdyk ýördük soňra-da,
Gözläp ýollaň duşurmajak ýerini.
Unutdyk biz,kyn bolsa-da,söýginiň,
Aýralygyň owazyny,heňini.
Gürleşere gürrüň kändi şeýle bir,
Gaýtmaklygam beýle aňsat düşmändi.
Ýöne,bilmen,onda neçün?Nämüçin?
Bir-birege bolup galdyk duşman deý?!
Aşyr Hanow