violinist
26.11.2022 17:55
Ýeke goýup gitdiñ, duýmady asman,
Bulutlar sarsmady, ýagmady ýagyş.
Ýöne gözýaşlardan öllendi desmal,
Ýüregme çekildi ot bilen nagyş.

Ýeke goýup gitdiñ, duýmady şemal,
Süññi sarsyp ýetişmedi agaçlañ.
Ýöne ömrüñ şatlyk, gülkisi kemäp,
Gidişin synladym ýaz çagy guşlañ.

Ýeke goýup gitdiñ, duýmady dünýä,
Millýardlar ýaşap ýör, bir maña ýer dar.
Hemem gohly durmuş, dymyk görünýär,
Sagat dilleriniñ ýöreýşi myrtar.

Ýeke goýup gitdiñ, duýan men boldum,
Yzyñdan gitmäge, ugur ýok maña.
Söýüp, söýlüp bilmän paýymy aldym,
Ýeñil gidişiñden, agyr ýatlama.

Kerim Hally
20
94
Myhman Myhman
26 Noýabr 2022
Govy gosgy 👍👍
wolf
26 Noýabr 2022
👍🔥👍🔥👍
Lalın
26 Noýabr 2022
👍👍👍👍👍
maral
26 Noýabr 2022
👍👍👍 .....
guli_
26 Noýabr 2022
👏👏👏👏👏👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.