vekil_city
22.10.2023 08:32

Eliňden gidirip arzyly zadyň,

Dünýäň derdi bilen aglap gördüňmi?

Gözden gam inende soralsa halyň,

"Aý, gowy-la" diyip aldap gördüňmi?


Gijelerne ýalňyz galyp gördüňmi,

Ýyldyzly köýnegin synlap asmanyň?

Gülkiňe gussaňy garyp gördüňmi,

Bendi bolup em tapylmaz ahwala?


Gördüňmi ýodany yzarlap ýüp deý,

Nämedir bir zady küýsän mahalyň?

Awunyp gördüňmi minnetli gepden?

Gyş bolup gördümi ýaşyl baharyň?


Käte-käte adam gözläp gördüňmi?

Elewräp gördüňmi ýüregiň gysyp?

Uzak menzillere ugrap gördüňmi,

Kiçijik haltaňy arkaňdan asyp?


Daňlyp gördüňmi soňsuz soraga,

Jogap tapman, ýüregiňi çişirip?

Garaşyp gördüňmi kimdir birine,

Gije-gündiz garap ýatyp işige?


Bulutdan syrygyp, ýagyş ýaganda,

Gussalaň bar zatdan çykýarmy üstün? Çyndanam şeýlemi? Gutlaýan onda —

Biz meňzeş ekenik, hoş geldiň, dostum!


Awtor: Nowça daýzamyz ))

21
148
vekil_city
21.10.2023 09:13

Hatiko 1923-1935-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen “akita” tohumyndan bolan bir meşhur itdir. Ony akita we beýleki itlerden şu wagta çenli tapawutlandyrýan aýratynlyk çäksiz wepalylygydyr.

Asyl ady “hati” bolup “ko” beýleki tarapdan, ýapon dilinde –“meniň çagam, söýgi” ýaly many aňladýan goşulmadyr. Hatiko heýkeliniň dirikä dikilenini gören ýeke-täk it bolmagy hem ahmal. Indi bu meşhur it baradaky kiçiräk hekaýa bilen tanyş bolalyň.



Hatikonyň hekaýasy


1925-nji ýyl. Hatiko Tokionyň bir uniwersitetiniň Eizaburo atly mugallymynyň itidir. Öňki okuwçysy tarapyndan sowgat edilen bu it professory her gün irden Şibuýa stansiýasyndan işe ugradýar we her gün agşam şol bir ýerde garşylaýar. Emma bir gün professor uniwersitetde ýürek agyry keselinden aradan çykýar. Bu Hatikonyň on ýyllap umytsyz garaşmagynyň başlangyjy bolýar. Hatiko şol bir wagtyň özünde 1935-nji ýyla çenli (tä Hatiko aradan çykýança)  öz eýesini garşylamaga gidýär.

Ýapon däp-dessuryna görä ýanýoldaşlary aradan çykan aýallar gaýtadan durmuşa çykmaýarlar. Professor Eizaburonyň aýaly hem ozal ýaşaýan jaýyny satyp, kakasy bilen ýaşamag gidýär. Bu jaýa uzak wagtlap alyjy tapylmaýar. Hatiko birnäçe ýyllap şol jaýyň gapysynyň öňünde eýesine garaşýar. Çünki hiç kim ony bu zatlardan saklap bilmändir.

Wagt geçýär. 1933-nji ýyl gelýär. Hatiko hem garraýar. Günde iki gezek şol bir uzyn ýoldan ýöremek gaty kyn bolansoň, Şibuýa wokzalynda ýaşap başlaýar. Hemmeleriň köp ýyl bäri tanaýan bu itini wokzalyň başlygy howandarlygyna alýar.



Hatikonyň hatyrasyna heýkel dikildi


Meşhur aktrisa Ýoşi-ko Kawadanyň maddy goldawy we beýleki köp sanly haýyr-sahawatlar bilen, Hatikonyň bürünç heýkeli wokzalyň gapdalynda eýesine garaşyp duran şekilde dikeldilýär. Hatikonyň bürünçden ýasalan heýkeli Ikinji jahan urşy döwründe zerurlyk sebäpli eredilipýär, ýöne uruşdan soň heýkel täzeden dikeldilýär. Hatikonyň wepalylygy, sabyrlylygy onuň gahryman bolmagyna getirdi.



Hatikonyň hatyrasyna film döredildi


Hatikonyň hatyrasyna 2009-njy ýylda “Hachi: A Dog’s Tale” ady bilen drama žanry esasynda film döredildi. Filmde Hatikonyň eýesiniň, ýagny, mugallymyň keşbini dünýä belli aktýor Riçard Gir janlandyrýar.


çeşme: talyplar.

27
77
vekil_city
20.10.2023 14:01

Hemme kişi çilim zyÿanly diýýär. Duruñ-how, peÿdalary hem bar...

İne peÿdalary:

1. Öÿüñe ogry girmez, sebäbi irdene çenli üsgürÿär;

2.Ÿanyna siñek gelmez, sebäbi nikotin ysy bar;

3.Garramaz, sebäbi ÿaş wagtlary ÿeriñ aşagynda tar;

4.Yüzüne renk geler, sebäbi dişleri ve murty saryja bolar ))

PS: Bu günlik bular ÿeter...

🤣🤣🤣

21
285
vekil_city
19.10.2023 08:13

Suyji bolsan, seni datman iyerler,

Ajy bolsan, bir gyrada goyarlar,

Gedem bolsan, senden basym doyarlar,

Yalancyda, gowy bolmak kyn eken.


Yuwash bolsan, calt ussunden basarlar,

Yetim bolsan, seni gyra gysarlar,

Pulsuz bolsan, seni sana goshmazlar,

Yalancyda, gowy gezmek kyn eken.


Ejiz bolsan, kop ustunden gulerler,

Aglap gezsen, gahar bilen bakarlar,

Sozlemesen, boynuna zat dakarlar,

Yalancyda, yashap gezmek kyn eken.


Kezzap bolsan, gozenege salarlar,

Sansyz bolsan, seni depip gezerler,

Jansyz bolsan, gara guma gomerler,

Yalancyda, yashap gezmek kyn eken.


Internet sahypalaryndan...

13
36
vekil_city
18.10.2023 18:02

Ol döwürler ýaňy öý telefonyna jogap berip başlan wagtym. Biziňem Balkan welaýatynyň kenarýaka ýerlerine göçüp baran döwrümizdi. Bu ýeriň şiwesem üýtgeşik. Mysal üçin: bu ýerlerde "kaka" sözüne, "däde" diýýäler. Menem kiçiligimden eje- kaka sözüne öwrenşipdirin.

Bir gün giçlikräk çaý-içip otyrdyk. Öýe jaň geldi. "Men alaryn" diýip, ylgap baryp aldym. Çaga wagtym bolansoň, gepleýşimem çaga dilinde:

-Alo

Bir daýy:

-alo, gowmy bala.

-Howwa

-Dädeňe beräý telefony.

-Meniň dädem ýok kakam bar.

-Ýoo kakaň gerekga dädeň gerek.

-Dädem ýoga meniň kakam bar.

-Dädeň bady-ra seň

-Ýok kakam bar meniň.

-Sen Gurban agaň gyzymy?

-Howwa

-Bolupdyr onna bar dädeňe ber

-Dädem ýok meň

-Bolýar bar onna Gurban aga ber.

"Kakaaaa" diýip, kakamy telefona çagyrdym. Telefondaky daýy:

-Kakaňa däl dädeňe ber.- diýip, howsala düşdi. Jogap berip bilmäkämem, kakam gelip telefony aldy.

Inni-inni pikir etýän kimkä şol daýy. Şumat nirde, näme etýär. Kakamdan sorasamam onuň ýadyna düşenak. Bu wakany dost-ýarlarym bilen paýlaşsam: "Bäääh Sofiýa, şol döwürlerem adamlaryň için ýakyp gezýän ekeniň" diýäler.

Bu bir çagalygymda ýatdan çykmajak pursatlarymyň biri. Ol daýam eger meni, şol wakany ýatlaýan bolsa, şol döwür kyn ýagdaýa salanym üçin bagyşlasyn.


Sofiýa Babaýewa(Xyivenia)

9
59
vekil_city
17.10.2023 08:39

Illeňä çagasy bela ýaly))

✍Awtory: Ejeler😆😆😆



Men şeýle baý adam welin awtobusa münemde gapylarynyň özi açylýa...))


Bir gün oglanlar üýşüp otyrka birine jaň gelýär.

Oglan: Alo!

Aýaly: Alo ezizim men özüme bir köwüş alaýyn?

Oglan: Bolýa alaý.

Aýaly: Köýnegem alaýynda?

Oglan: Bolýa, öýde pul bolsa alyber!

Aýaly: Sumkada alaýynmy?

Oglan: Öýde pul bolsa alyber diýip telefony öçürýärde, oglanlar şu telefonyň eýesi kimaý diýýär...?))


Bir obada arak köp içýänleri zerarly obaň başlygy her hili çäre görüp çykypdyr. Bolmandyr arak içýänleriň sany gün-günden köpelipdir. Bir günem oň ýanyna samsygrak alkaşlaň biri gelip:

- Tapdym, tapdym aragy nädip goýdyrmagynyň ýolyny – diýipdir. Oba başlygy begenip nädipdigini soranda häliki alkaş:

- Obadaky hemme araklary çöpläp içip gutormaly – diýäýipdir.


Dälihanada däliler hatara durup günde bir deşikden seredýän ekenler. Dogtorlaryň biri hem bu ýagdaýa geň galyp ol hem hatara durýa. Onuň nobaty ýetende ol 5 minutlap şol deşige seredip hiç zat görüp bilmeýä we beýleki dälileň edişi ýaly ýene-de hataryň iň yzyndan oçyra durýa. Ahyr çydap bilmän öňündäki däliden soraýa:

- Eý siz şol deşikden nämäni görýäňizaý menä hiç zat görüp bilmedim! – diýip sorapdyr. Şonda däli:

- Bah sen bir gezek seredip hiç zat görüp bilmänsiň a biz bolsa 10 ýyl bäri hem şol deşikden seredip hiç zat görüp bilmän ýörs, seňki hiçle…


80 ýaşly baba aýalyna \"gülüm, balym, ...\" diýip ýüzlenýän eken. Bunu görüp haýran galan ýaş oglan soraýar:

- Bah, tüweleme ýaşuly. Bu ýaşda beýle sözler aýtmak nireden kelläňe gelýä.

- Ah balam, 15 ýyl öň men oň adyny unutdym.


bizin bir garryja (ayal adam) proffessorymyz bar... 70 yaşlarynda...gulagy, gözü pesiräk.

bir gün kursdaşlarymdan biri derse (sapaga) gija galyp gelyar. we işigi açyp önde duryar.

prof:

-name edyarsin gapyn agzynda?

talyp:

-yany meni özünüz çagyrdynyz.

prof:

ha şeylemi ya, geç onda tagtany (doskany) tämizle...


Gyşyn bir güni garry mama bilen baba ağşam öyde pejin gapdalynda hümürdeşip otyrlar, şol wagt daşardan bir zil maşynyn \"Zssss\" edip gelip duran sesi eşidilyar we daşardan ses gelyar: \"Yaşuly odun gerekmiii!!!\", yaşulam sowukda daşaryk çykjagam bolman içerden \"Ay yok gerek dal oglum, sagbol\" diyip oturan yerinden jogap beryar.


Son ertesi daşaryk çykyp görseler öz yygnanja odunlaryndan nam nyşan yok. :)

35
214
vekil_city
16.10.2023 22:22

Surata seretseňiz ýeterlik. Galany teswirlerde ))

15
169
vekil_city
15.10.2023 08:17

Bir ,,görüp" hakynda ýazjakdym goşgy,

Galamam, depderem, taýyn öňümde.

Ähli pikirlemi dagatdy bir ýan,

Bir garagol siňek gonup elime.


Kowýan ellerimi galgadyp her ýan,

Ol bolsa uçýada öňümde gonýar.

Indi bir arkaýyn ýazaýyn diýsem,

Ol ýene gelýä-de elime gonýar.


Bir öýüň içinde bir siňek bir men,

Düşünişip bilmedik ikiçäk galyp.

Ony öldürmäge elim baranok,

A gaharym barýa beýnimi ýaryp.


Ol bolsa ganatyn galgadyp çala,

Ýüzüni sypaýa ýüzüme garap.

Men oňa hiç zadam edemok welin,

Ol mana uzak gün geçdi yrsarap.


Kä depämde gonup käte ýüzüme,

Ýüregime düşäýdi diýmäýin diýsem.

Ho:ol gyra geçirip süýjüjik goýdum,

Oňa-da gonanok güýmäýin diýsem.


Indem gözlerini mölerdip maňa,

Dilinem çykarýa görsene muny.

Üstümden gülüp dur kiçijek jandar,

Häzir onuň hökmü menkiden uly.


Garaz, görüp hakda goşgy ýazdyrman,

Ol özi hakynda ýazdyrdy eser.

Ýa görüp diýýänim şul siňekmikän?

Ýa-da ol tersine maňa derdeser?!


@Wulkan

20
51
vekil_city
14.10.2023 11:49

Maňa ykbaldan düşen paýyň saýasynda köp adamlaryň durmuşyndan bir bölek almaga mümkinçiligim boldy. Bu diýdigim, ýakynlarymyň (we käte bir sebäp bilen işi düşenleriň) käbir soraglarda ýüz tutmaklary ýa maslahat soramaklary, maňa başgalaryň durmuşyndan bir bölegine bitarap synçy hökmünde analiz etmäge mümkinçilik berýärdi.

Her kimiň durmuşyny analiz etmekden başga işiň ýokmy diýseňiz? Men ýakynlarymyň özüni gowy duýmagyna goşant goşasym gelýändigi ikuçsuz, ýöne gaty ýakyn tanamaýan adamym hem bolsa depressiya, alada, howsalalylyk alamatlaryny görsem el uzadasym gelýär.

Men psiholog däl, hökman maslahat hem berjek bolamok ýa-da hemme ýagdaýda ýaramly maslahat berip bilýändirin hem öýdemok. Ýöne käte adamlary diňe diňlemek hem ýeter. Käte adamlar diňe bir özleriniň eşdilen bolmagyny isleýärler.

Dürli adamlar bilen gürleşmeklik, pikir alyşmaklyk, olaryň dünýä, belli zatlara bolan garaýyşy hakda eşitmeklik, seniň hem adamlar bilen düşünişip bilmeklik ukyplylygyňy ýokarlandyrýar. Bu bolsa häzirki wagtda islendik işde ösmek, ökde bolmak üçin zerur zatlaryň biri bolup durýar.

Ýöne temanyň esasy ýerine geleýin. Men “dertler” analizyndan bir zada göz ýetirdim: adamlaryň 60–70% töweregi öz ýagdaýlaryny özleri kynlaşdyrýarlar. Köp ýagdaýlarda diýen ýaly aňsat çözgüt tapyp bolýarka, adamlar ýagdaýlary dramalaşdyrmagyň ugruna düşýärler. (Belki şeýle has gyzykly bolýan bolmagam ahmal)

Elbetde hemme soraglaryň, meseleleriň, dertleriň çözgüdini özüňden aňsatlaşdyryp bolanok. Çünki durmuşda bize bagly bolmadyk faktorlar hem kän. Ýöne ýenede mümkin boldugyndan durmuşy kynlaşdyrmaga derek aňsatlaşdyrjak bolmak öz elimizdäki saýlawymyz diýip pikir edýärin.


@Nirvana

18
157
vekil_city
13.10.2023 09:24

Ejem aglamazdy dokma dokanda,

Ýa-da üçburç haty alyp okanda,

Belki, aglanardy seýrek-setanda,

Eger ganym uruş bolmadyk bolsa.


Başymyz bir bolup, daşymyz gülki,

Ýa-da salardy ol baýlygy-mülki,

Haýsymyz götärdi kakamyz ilki,

Eger ganym uruş bolmadyk bolsa.


Bile örüp, bile ýatardyk gije,

Hemem oturardyk üýşip bileje,

Kakama düşmezdi betbagt bije,

Eger ganym uruş bolmadyk bolsa.


Urşy başda tapan ýeke tüpbozdy,

Meger, gözlese-de, ýaran tapmazdy,

Belki, ýerem yranmazdy, hopmazdy,

Eger zalym uruş bolmadyk bolsa.


Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy

15
39