Bir ,,görüp" hakynda ýazjakdym goşgy,
Galamam, depderem, taýyn öňümde.
Ähli pikirlemi dagatdy bir ýan,
Bir garagol siňek gonup elime.
Kowýan ellerimi galgadyp her ýan,
Ol bolsa uçýada öňümde gonýar.
Indi bir arkaýyn ýazaýyn diýsem,
Ol ýene gelýä-de elime gonýar.
Bir öýüň içinde bir siňek bir men,
Düşünişip bilmedik ikiçäk galyp.
Ony öldürmäge elim baranok,
A gaharym barýa beýnimi ýaryp.
Ol bolsa ganatyn galgadyp çala,
Ýüzüni sypaýa ýüzüme garap.
Men oňa hiç zadam edemok welin,
Ol mana uzak gün geçdi yrsarap.
Kä depämde gonup käte ýüzüme,
Ýüregime düşäýdi diýmäýin diýsem.
Ho:ol gyra geçirip süýjüjik goýdum,
Oňa-da gonanok güýmäýin diýsem.
Indem gözlerini mölerdip maňa,
Dilinem çykarýa görsene muny.
Üstümden gülüp dur kiçijek jandar,
Häzir onuň hökmü menkiden uly.
Garaz, görüp hakda goşgy ýazdyrman,
Ol özi hakynda ýazdyrdy eser.
Ýa görüp diýýänim şul siňekmikän?
Ýa-da ol tersine maňa derdeser?!