Ol döwürler ýaňy öý telefonyna jogap berip başlan wagtym. Biziňem Balkan welaýatynyň kenarýaka ýerlerine göçüp baran döwrümizdi. Bu ýeriň şiwesem üýtgeşik. Mysal üçin: bu ýerlerde "kaka" sözüne, "däde" diýýäler. Menem kiçiligimden eje- kaka sözüne öwrenşipdirin.
Bir gün giçlikräk çaý-içip otyrdyk. Öýe jaň geldi. "Men alaryn" diýip, ylgap baryp aldym. Çaga wagtym bolansoň, gepleýşimem çaga dilinde:
-Alo
Bir daýy:
-alo, gowmy bala.
-Howwa
-Dädeňe beräý telefony.
-Meniň dädem ýok kakam bar.
-Ýoo kakaň gerekga dädeň gerek.
-Dädem ýoga meniň kakam bar.
-Dädeň bady-ra seň
-Ýok kakam bar meniň.
-Sen Gurban agaň gyzymy?
-Howwa
-Bolupdyr onna bar dädeňe ber
-Dädem ýok meň
-Bolýar bar onna Gurban aga ber.
"Kakaaaa" diýip, kakamy telefona çagyrdym. Telefondaky daýy:
-Kakaňa däl dädeňe ber.- diýip, howsala düşdi. Jogap berip bilmäkämem, kakam gelip telefony aldy.
Inni-inni pikir etýän kimkä şol daýy. Şumat nirde, näme etýär. Kakamdan sorasamam onuň ýadyna düşenak. Bu wakany dost-ýarlarym bilen paýlaşsam: "Bäääh Sofiýa, şol döwürlerem adamlaryň için ýakyp gezýän ekeniň" diýäler.
Bu bir çagalygymda ýatdan çykmajak pursatlarymyň biri. Ol daýam eger meni, şol wakany ýatlaýan bolsa, şol döwür kyn ýagdaýa salanym üçin bagyşlasyn.
Sofiýa Babaýewa(Xyivenia)