vekil_city
21.10.2023 09:13

Hatiko 1923-1935-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen “akita” tohumyndan bolan bir meşhur itdir. Ony akita we beýleki itlerden şu wagta çenli tapawutlandyrýan aýratynlyk çäksiz wepalylygydyr.

Asyl ady “hati” bolup “ko” beýleki tarapdan, ýapon dilinde –“meniň çagam, söýgi” ýaly many aňladýan goşulmadyr. Hatiko heýkeliniň dirikä dikilenini gören ýeke-täk it bolmagy hem ahmal. Indi bu meşhur it baradaky kiçiräk hekaýa bilen tanyş bolalyň.



Hatikonyň hekaýasy


1925-nji ýyl. Hatiko Tokionyň bir uniwersitetiniň Eizaburo atly mugallymynyň itidir. Öňki okuwçysy tarapyndan sowgat edilen bu it professory her gün irden Şibuýa stansiýasyndan işe ugradýar we her gün agşam şol bir ýerde garşylaýar. Emma bir gün professor uniwersitetde ýürek agyry keselinden aradan çykýar. Bu Hatikonyň on ýyllap umytsyz garaşmagynyň başlangyjy bolýar. Hatiko şol bir wagtyň özünde 1935-nji ýyla çenli (tä Hatiko aradan çykýança)  öz eýesini garşylamaga gidýär.

Ýapon däp-dessuryna görä ýanýoldaşlary aradan çykan aýallar gaýtadan durmuşa çykmaýarlar. Professor Eizaburonyň aýaly hem ozal ýaşaýan jaýyny satyp, kakasy bilen ýaşamag gidýär. Bu jaýa uzak wagtlap alyjy tapylmaýar. Hatiko birnäçe ýyllap şol jaýyň gapysynyň öňünde eýesine garaşýar. Çünki hiç kim ony bu zatlardan saklap bilmändir.

Wagt geçýär. 1933-nji ýyl gelýär. Hatiko hem garraýar. Günde iki gezek şol bir uzyn ýoldan ýöremek gaty kyn bolansoň, Şibuýa wokzalynda ýaşap başlaýar. Hemmeleriň köp ýyl bäri tanaýan bu itini wokzalyň başlygy howandarlygyna alýar.



Hatikonyň hatyrasyna heýkel dikildi


Meşhur aktrisa Ýoşi-ko Kawadanyň maddy goldawy we beýleki köp sanly haýyr-sahawatlar bilen, Hatikonyň bürünç heýkeli wokzalyň gapdalynda eýesine garaşyp duran şekilde dikeldilýär. Hatikonyň bürünçden ýasalan heýkeli Ikinji jahan urşy döwründe zerurlyk sebäpli eredilipýär, ýöne uruşdan soň heýkel täzeden dikeldilýär. Hatikonyň wepalylygy, sabyrlylygy onuň gahryman bolmagyna getirdi.



Hatikonyň hatyrasyna film döredildi


Hatikonyň hatyrasyna 2009-njy ýylda “Hachi: A Dog’s Tale” ady bilen drama žanry esasynda film döredildi. Filmde Hatikonyň eýesiniň, ýagny, mugallymyň keşbini dünýä belli aktýor Riçard Gir janlandyrýar.


çeşme: talyplar.

27
77
vekil_city
21 Oktýabr 2023
Menem maslahat berýän...
vekil_city
21 Oktýabr 2023
@guga00, gaty manyly, dogry, ýöne gaty gynançly...
guga00
21 Oktýabr 2023
Kinosyny gorupdum. Gaty manyly kino. Maslahat beryan
223311
21 Oktýabr 2023
Halladym
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.