vekil_city
26.11.2023 10:58
Ýy­la­dyş­ha­na şert­le­rin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len gar­pyz­la­ryň bi­şen­di­gi we ta­ga­my­nyň süý­jü­di­gi mä­lim edil­di. Şeý­le hem bu yl­my iş dün­ýä­niň iň so­wuk ýe­rin­de ha­syl alyp bol­jak­dy­gy­ny gör­kez­di.
Rus­si­ýa­nyň Ark­ti­ka-An­tark­ti­ka bar­lag ins­ti­tu­ty An­tark­ti­ka­da­ky “Wos­tok” be­ke­din­de rus alym­la­ry­nyň il­kin­ji ge­zek hy­ýar ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip, ýo­ka­ry ha­syl alan­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di. Be­ýa­nat­da ekin eki­len ýer­de 60 gü­nüň do­wa­myn­da 16,5 ki­log­ram ha­syl al­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Mun­dan ozal, bu ýer­de gar­pyz ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­lip­di. Ins­ti­tu­tyň be­ýa­na­tyn­da hy­ýar ös­dü­rip ýe­tiş­dir­me­giň gar­pyz­dan aň­sat bo­lan­dy­gy bel­le­nil­di.
Alym­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, “Wos­tok” be­ke­din­dä­ki iki ýy­la­dyş­ha­na­da “pa­no­po­nik” teh­no­lo­gi­ýa­sy ula­ny­lyň, her ýyl­da ine­dör­dül metr ba­şy­na 100 ki­log­ra­ma çen­li hy­ýar, 29 ki­log­ram po­mi­dor, 11 ki­log­ram burç we 149 ki­log­ram ke­lem ha­sy­ly­ny alyp bol­ýar.

Çeşme: Zaman Türkmenistan gazeti.

24.11.2023
23
66
vekil_city
25.11.2023 10:43
Az­dan baş­la­mak, bu ka­da­ly­dyr. Küý­ze kem-kemden
dol­ýar. Is­len­dik ha­ly­pa, ha­çan-da bol­sa, bir­wagt
şä­girt bo­lan­dyr. “Ki­çi­si bol­ma­dy­gyň ulu­sy bol­maz”
diý­li­şi ýa­ly, äh­li zat ki­çi­den baş­lan­ýar, şo­nuň üçin kiçi
zat­la­ra bi­per­waý ga­ra­maň! Eger-de siz haý­sy hem
bol­sa, bir iş­de yzy­gi­der­li­li­gi sak­lap, sa­byr­ly bol­sa­ňyz,
hök­man üs­tün­lik ga­za­nar­sy­ňyz! Hiç ki­mem bir gün­de
äh­li za­da ýe­ten däl­dir, kim­de-kim ki­çi­den baş­la­ma­ga
taý­ýar bo­lup, er­jel­lik bi­len zäh­met çek­ýän bol­sa, üstün­lik
onuň hem­ra­sy­dyr.
Bi­ziň aňy­myz­–­biz. Siz nä­me hak­da pi­kir ed­ýän
bol­sa­ňyz, şo­ňa gö­rä bo­lar­sy­ňyz. Eger adam ýa­ra­maz
zat­la­ry aýd­ýan bol­sa ýa-da bet işi jäht edi­nen bol­sa,
ol gam-gus­sa gi­rifar bo­lar. Eger-de adam päk ni­ýetli
zäh­met çek­ýän bol­sa, bag­ty­ýar­lyk oňa sa­ýa sa­lyp,
on­dan daş­laş­maz. Dog­ry ýa­şa­mak üçin aňy­ňy dog­ry
pi­kir­ler bi­len dol­dur­ma­ly. Dog­ry-dürs dü­şün­je is­leýän
zat­la­ry­ňy­zyň ba­ry­ny eçi­ler; nä­dog­ry dü­şün­je­ –­
ýa­ra­maz­lyk bo­lup, ahyr­so­ňy öz ba­şy­ňy­za ýet­ýär. Ähli
ga­ba­hat iş­ler ak­lyň kem­ter­li­gi ze­rar­ly ýü­ze çyk­ýar.
Eger-de akyl-dü­şün­je öz­ger­se, ha­ta iş­ler bol­maz.
Içiň­de ga­har-ga­zap sak­la­mak, kim­dir bi­ri­niň üs­tüne
zyň­mak mak­sa­dy bi­len eliň­de köz sak­lan ýa­ly bolup,
ahyr­da-da oňa özüň kö­ýer­siň. Ha­çan-da,siz kimdir
bi­ri­ne ýag­şy­lyk ede­ni­ňiz-de bu ýag­şy­ly­gy ed­ýän­di­gi­ňi­zi unut­maň! Sen öz ba­dy­ňy bas­man, hiç
ki­miň ba­dy­ny ba­syp bil­mer­siň. Ba­gyş­la­ma­gy öw­ren,
özem tiz ba­gyş­la­ma­gy öw­ren!
Se­niň he­re­ket­le­riň köp za­dy aň­lad­ýar. Ösüş üçin
he­re­ket et­me­giň la­zym, tiz ösüş ga­zan­ma­gyň üçin
bol­sa, yzy­gi­der­li he­re­ket et­me­giň ge­rek. Hem­me­ler
ga­zanç edip bil­ýär­ler, ýö­ne he­mi­şe he­re­ket­de bolýan­lar
onuň nä­me­di­gi­ni bil­ýär­ler. Şeý­le­räk bir pä­him
bar: “Hu­daý her bir gu­şa gur­çuk ber­ýär, ýö­ne ony höwürt­ge­si­ne
ok­la­ma­ýar”.
Dü­şün­mä­ge ta­gal­la ediň! Biz ha­ky­kat üçin däl-de,
eý­sem, özü­miz üçin gö­reş­mä­ge baş­la­dyk. Il­ki dü­şünjek
bo­luň, di­ňe şon­dan soň, özü­ňi­ze dü­şün­mek­le­ri
üçin ta­gal­la ediň! Siz baş­ga bi­ri­niň nuk­daý­na­zar­la­ryna
dü­şün­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry­ňy­zy et­me­li­si­ňiz.
Baş­ga­la­ry diň­läň, ola­ryň nuk­daý­na­zar­la­ry­na dü­şü­niň
we şon­da ra­hat­ly­ga gow­şar­sy­ňyz.
Özü­ňi­zi ýe­ňiň! Müň­ler­çe jeň­de ýe­ňe­ni­ňiz­den,
özü­ňiz­den rüs­tem ge­le­ni­ňiz ýag­şy­dyr. Şon­da ýe­ňişsize
hem­ra bo­lar. Ony siz­den hiç bir güýç alyp bil­mez.
Özü­ňi ýeň­mek üçin öz pi­ki­riň­den rüs­tem gel­me­li. Siz
öz ed­ýän pi­kir­le­ri­ňi­ze gö­zeg­çi­lik et­me­li. Çün­ki olar
de­ňiz tol­kun­la­ry ýa­ly çyr­py­nyp bi­ler­ler.
Öza­ra saz­la­şyk­da ýa­şaň! Saz­la­şyk ýü­rek­den gelýär,
ony da­şyn­dan göz­le­mäň! Di­ňe öz ýü­re­gi­ňiz­de
bo­lup bil­jek za­dy da­şyn­dan ag­tar­maň. Saz­la­şyk­–­bu
kal­by­ňyz­da­ky asu­da­lyk­dyr.
Şü­kür­li bo­luň! Nä­me­dir bir za­da şü­kür et­mä­ge
nä­me­dir birzat­lar ta­pyl­ýar. Iň kyn pur­sat­lar­da-da hiç
ha­çan ruh­dan düş­mäň! Şü­kür­li kalp si­zi beý­gel­der.

Zaman Türkmenistan gazeti
23
36
vekil_city
23.11.2023 03:31
Fran­si­ýa­nyň 1804-1815-nji ýyl­lar­da­ky hö­küm­da­ry, im­pe­ra­tor Na­po­le­on Bo­na­par­tyň baş­ga­by we beý­le­ki şah­sy zat­la­ry Pa­riž­de ge­çi­ri­len auk­si­on­da auk­sio­na çy­ka­ryl­dy. Bo­na­par­tyň meş­hur baş­ga­by 1,9 mil­li­on ýew­ro sa­tyl­dy. “Ose­nat” auk­si­on öýi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan söw­da­da Na­po­leo­nyň ge­ýen köý­ne­gi, el­li­gi, kü­müş ta­bak we beý­le­ki zat­lar hem sa­tyl­dy. Na­po­leo­nyň öm­rü­niň do­wa­myn­da şeý­le baş­gap­dan 120-si­ni ge­ýen­di­gi, olar­dan hä­zi­re çen­li 20-si­niň sak­la­nyp ga­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Auk­si­on­dan ozal bi­ler­men­ler baş­ga­byň 600-800 müň ýew­ro sa­tyl­jak­dy­gy­ny çak­la­ýar­dy­lar. Baş­ga­by sa­tyn alan ada­myň ady mä­lim edil­me­di.

Çeşmesi zaman Türkmenistan gazeti
17
57
vekil_city
23.11.2023 03:31
Öñem bir amerkaly öýüne gelip poçta gutusynda telefon töleg hatyny görse, bir aýda 500 dollar töweregi ýazylan. Depesinden gaýnan suw guýlan ýaly bolupdyr. Derrow jañ edilin belgileriñ sanawuny talap edipdir, we alyp seretse jañ edilen belgileriñ hemmesi dost-ýarlaryna degişli eken. «Aý, bolýa. Näme, tölemeli borda» diýip, tölegi töläpdir.
  Birdenem toty guşyna gözi düşer. Birbada ikirjiñlener:
- «Aý, ýokla, guşyñ günäsini almaÿyn, o gepleşen däldir». Ýöne içindäki şüwhe-de dowam eder:
- «Ýok, ýok o jañ edesi ýok-la» - «Ýa, jañ eden bolsa näme?» ...
   Gije toty guşy garagullamaga başlar. Birdenem toty guş telefonyñ ýanyna geler-de  adamyñ dostlaryna ýeke-ýekeden jañ eder, bir näçe sagatlap gepleşer. Adam gahardan ýaña däldiräp, baryp toty guşy tutarda ganatynan stena çüýläp goýar. Toty guş haç-a(krest) kakylan ýaly bolup stenada asylyp galypdyr. Adam gaharly toty guşa söger:
- «Bir hepde bärde asylyp dur hany, aklyñ ýerine geler. Çek jezañy».
  Adam gider. Toty guş bir seretse garşy diwarda haç-a(krest) kakylan  Isa dur, (toty guş Isa-ny tanamandyr) Derrow gürrüñe başlaýar:
  - «Dertdeş, näçe wagtdan bäri bärde dursyñ?!»
- «2000 ýyldan bäri». - diýipdir, Isa.
  Toty guş birden dumka gitýär(2000 ýyl), gaty geñ galýar:
  - « ...  olar ýaly nirik jañ etdiñ how?!». 
[Tuğçe]

terjime: Allaberdi
@Jupiter_Fire
30
216
vekil_city
22.11.2023 07:57
Adamlar gadymy döwürlerden başlap käbir zatlaryň bela-beterden, howup-hatardan goraýandygyna ynanypdyrlar. Sowet Soýuzyna uzak wagtlap ýolbaşçylyk eden Leonid Brejnewiň pişigi barada hem geň gürrüňleri aýdýarlar. Geliň indi bu wakalar nähili bolupdyr, bu barada giňişleýin bileliň. 1969-njy ýylyň ýanwar aýynyň başyna L.Brejnewiň Hindistana ilkinji resmi wiziti başlanypdyr. Şol wzitiň dowamyndaky kabul edişlikleriň birinde SSSR-iň Hindistandaky ilçisi M.Pegow Brejnewi Hindustandaky Tibet ruhanysy Dalaý-Lama bilen tanyşdyrypdyr. Оl ruhanyň täsin başarnyklary baradaky gürrüňler bütin günorta-gündogar Aziýa meşhurdy. Ol ruhany adatdan daşary ukyba eýedi. Birnäçe seansda agyr ýatan näsagy bejerýärdi, gözleri daňyk ýagdaýda kitap okap bilýärdi. Brejnewiň elini gysyp salamlaşanda elini tutup ol dilmajyň üsti bilen "Hormatly myhman 13 ýyl mundan öň infarkt geçiripdir " — diýýär. Bu hakykatdan hem dogry bolup, 1956-njy ýylda Brejnew infark geçiren ekeni. Soňra ruhany Brejnewe bir pişik sowgat berip, bu pişik boljak zatlary öňünden bilmäge ukyply, ol seni durmuşyňda bolup biläýjek howup-hatarlardan gorar diýýär. Ruhany pişigi Brejnewe gowşurup şeýle zady berk sargaýar ýagny, pişigi diňe özi öz eliňden naharlamaly, özem diňe çig et bermeli. Şeýle hem Brejnewe özüň hem pişik ölenden soň uzak ýaşamarşyň diýip duýdurýar. Pişigi gowy edip ýeke özüne bir otag berip saklaýarlar, adyna ruhanyň hormatyna Lama diýip at goýýar. Lama Brejnewden başga adamyny golaýna getirmändir, diňe şonuň elinden ganly göle etini iýipdir. 21-nji ýanwar 1969 ýylda Brejnew pişiginiň öňden görmek ukybyna şaýat bolupdyr. Şol gün Kremlde kosmonawtlary kabul etmeli ekeni, köçelerde müňlerçe olary garşylamaga çykan adamlar bar ekeni. Padiolarda Brejnewiň kosmonawtlary garşylamak üçin barýan hatar maşynlaryň arasynda 2-nji maşynda barýandygyny köp gezek aýdypdyrlar. Нaçanda maşynlar Kremliň derwezesine baranlarynda bir polisýa eşigini geýen ýaş adam öňe çykyp her elinde bir pistoletli Brejnewiň oturmaly maşynyny atyp başlapdyr. Atýan adam ol maşynda Brejnewiň ýokdugyny we onda kosmonawtlaň oturandygyny bilmeýärdi. Kiçi leýtenant Wiktor Ilin 2 pistoletde 14 ok atyp ýetişipdir we maşynyň sürüjisini agyr, beýleki kosmonawtlary ýeňil ýaralapdyr. Kast edilme wakasy bolan güni Lama öňkülerinden ir oýanypdyr we hojaýynyň ýatýan otagynyň gapysyny dyrçanaklap başlapdyr.Ony öýe goýberenlerinden Brejnewiň döşüniň üstüne böküp ýüzüne seredip naýynjar mawlap başlapdyr. Bütin ertirlik edilýän wagt pişik hojaýynynyň aýaklaryna süýkenip naýynjar mawlapdyr. Bu bolsa howsalaly duýduryşdy. Brejnew hindi ruhanyň aýdanlaryny ýatlap kosmonawtlary garşylamak dabarasyna gitjek, ýöne iň yzyndan ýörejek diýip şeýle hem edip kast edilmekden sypypdyr.
2-nji waka, 20-nji fewral 1970-nji ýylda bolupdyr. Brejnewiň iş waty Kremlde 8:30-da başlaýar ekeni. Şol gün irden pişik turşuna Brejnewiň kabinetine baryp naýynjar mýawlap başlapdyr. Haçanda Brejnew işe gitmekçi bolanda onuň balagyndan dişläp goýbermändir. Pişigi bu hereketleri yzgiderli edip duransoň Brejnew goragçylaryna siz mensiz gidiberiň diýýär we özi şol ýerde dokumentleri işlemäge galýar. Goragçylar gidenlerinde ýolda ýol hadysasy ýüze çykýar we Brejnewiň münmeli maşynyndakylaň käsiniň gapyrgasy döwülýä, käsiniň beýnisi çaýkanýa, Brejnewiň oturmaly ýerindäki adamyň kellesiniň ýary gidipdir. Bu wakany Brejnewe aýdanlarynda ol pişiginiň ukybyna has göz ýetirip oňa has hem ynanypdyr. Şeýle hem Brejnew pişigine gowy seretmegi başarmandyr we ol pişik 1982-nji ýylyň ýazynda maşynyň aşagyna düşüp ölüpdir. Brejnew pişiginiň ölenine gaty gynanypdyr we şondan soň gaýgyly ýagdaýda ýaşap şol ýylyň noýabrynda ýogalypdyr.

Bellik: Bu maglumat çynmy-ýalanmy anyk bilemok, arhiwimde bar eken, menem paýlaşmagy makul bildim :)

Hormatlamak bilen,
@Vekil_City
22.11.2023ý. 07:16
21
85
vekil_city
21.11.2023 09:13

Howwa, bu gün abadan daýzañ gyzy Merjene goňşy obadan gudaçylyga geldiler. Myhmany gowy garşy aldyk,habarynam aldyk. Tanamaýan yerimiz, tanamaýan adamlarymyz bolansoň sorap-idäp göreris diyip myhmany bellibir jogap berman ugratdyk. gyzymdan sorasam-tanamok,name etseñ goysañ sonada razydyryn diydi. seylelik bn birnace wagtdan son ayal doganym bile bu gudalyñ ugryna cykdym. bardyk gonsy oba,sorap-idesek-" gül yaly masgala. ejesi suyt satyar,kakasy bn ogly ise gidip-gelip duran arassa icmeyan cekmeyan gowy masgaladyr, yone yekeje aýby bardyr-olam garypdyrlar diydiler. Heeeýýýýý garyplygam indi aýyp boldymyy???

15
37
vekil_city
20.11.2023 22:23
Arhiwi dörjeläp ýörkäm öňümden çykýan zada seredä 🙄🤦‍♂️ Çagaponýatalygym bar ekenaý o döwürler 🤦‍♂️🤦‍♂️🤦‍♂️
Onda näme, meň çagalyk ýyllaryma tarap, öňe ))) Erkin ýazjakmyşym🙄🤦‍♂️

Erkin ýazjak, degmäň meniň göwnüme,
Men şahyr däl, ýazar ýaly şygary.
Erkin pikirlerim — şahsy ýazgylam,
Isle sögüň, isle söýüň parhy ýok.

Erkin ýazjak, durmuş hakda, din hakda,
Erkin ýazjak, ylym hakda, ýurt hakda.
Erkin ýazjak, boýun egmän düzgüne,
Isle okaň, isle pozuň, siz biliň.

Erkin ýazjak özüm hakda, il hakda,
Erkin ýazjak ýalançy dünýä hakda,
Erkin ýazyp hakykaty aýtmasam
Mundan baka gidip bilmerin asla.

Hawa, her zadyňam çägi bar ahyr,
Erkin ýazjak diýsemem bilmerin ýazyp.
Gowsy tamamlaýyn bolgusyz goşgym,
"Dek gezen dok gezer" edip ýaşaýyn...

Ahmet Gurbanmyradow.
18
78
vekil_city
20.11.2023 03:04
Zähmet hakda kän setirler ýazypdym,
Zähmet meniň durmuşdaky şygarym.
Zähmet hakda ýene bir söz aýtmasam
Hiç ýetmedi kararym.

Babamyň babasyn öldüren zähmet,
Babamyň özünem öldüren zähmet.
Müň gezek agladyp atam pahyry,
Ömründe bir gezek güldüren zähmet.

Ajal töweregne guranda duzak,
Ýatypdyr geplemän, ýatypdyr uzak.
Iň soňky deminde: «Gidýän hoş galyň!»
Diýip, ýylgyranmyş ýekeje gezek.

Belki-de ol
ýatlap altmyş ýaşyny,
Ýatlap çeken gumun, ören daşyny,
Iň bolmanda, ölmezden öň bir gezek
Ýylgyrdandyr ýylgyrmadyk dişini.

Belki-de ol
şol ýylgyryp bakanda,
Seredendir ýyldyrymyň çakanna.
Öýüň tüýnüginden ýagtyny görüp,
Oýlanandyr ýagty günler hakynda.

Soralmandyr ýylgyrannyň sebäbin,
Özi bilen äkidipdir jogabyn.
Ýene şol jogabyň gapdaly bilen
Äkidipdir altmyş ýylyň azabyn...

Ondan bäri döwür-döwran üýtgeşip,
Toprak, dünýa, ynsan,
zaman uýtgeşip,
Şol toprakda çekýän zähmetimiz-de
Boldy ähli zähmetlerden üýtgeşik.

Indi güýjümize güýç goşýan-da şol
Islese ýer ýaryp, dag deşýände şol.
Umyt, ynanç, mähir, muhabbet bilen
Ýag bilen süýt ýaly goşluşýan-da şol.

Indi zähmetimiň hili başgadyr,
Indi zähmetimiň ýoly başgadyr...
Ynsany haýwana dönderen zahmet
Indi bizden ýarym asyr daşdadyr.

Dünýä ýeter ol miweleň lezzeti
Ol miweler – zähmetimiň hezzeti
Şonda-da öz adyn üýtgetmän çykar
Watanymyň «Zähmet» diýen gazeti.

Babalaň zähmeti – zähmete – mähnet,
Biziň zähmetimiz – zähmete – rehnet.
Iki dürli zähmet gördük dünýäde,
Ös, Watan, üçünji zähmete-de ýet.

Isläniňçe işle, isläniňçe geý,
Öz çeken zähmetiň miwesinden doý,
Babalaryň çeken zähmetine-de
Nesilleň adyndan ýadygärlik goý!

Üstümizden milýon ýyllar geçse-de,
Zähmet bolar durmuşdaky şygarym.
Zähmet bolar ýaşlygymda mydarym,
Zähmet bolar
gojalykda kararym.

*Goşgy gysgaldylyp alyndy.

Kerim Gurbannepesow
10
15
vekil_city
19.11.2023 10:32
Hassa günüm halym sorap gelmeýän,
Kyn günümde kömek edip bilmeýän.
Aglamda aglaman,gülsem gülmeýän,
Nämä gerek maňa biderek dostlar.

Ýasymda görünmän toýuma gelýän,
Müň bir hile bilen maňa al salýan.
Özgäniň ýanynda üstümden gülýän,
Nämä gerek maňa biderek dostlar.

Iki ýüzli syrpäki dek öwüsýän,
Rysgalym galaýsa egnimden basýan.
Öz duzumdan iýip saçagma gusýan,
Näme gerek maňa biderek dostlar.

Ýalan-ýaşryk gürläp bagrymy ýakýan,
Büdresem,ýykylsam heşelle kakýan.
Gelnime,gyzyma hyrydar bakýan,
Nämä gerek maňa biderek dostlar.

Giç hem bolsa indi serim aýlaýyn,
Ýaman dostdan ýagşy dosty saýlaýyn.
Toýlarymy çyn dost bilen toýlaýyn,
Nämä gerek maňa biderek dostlar.

Bellik: Dogry, goşgy arhiw goşgy, okalyp-okalyp suwy çykyp giden. Haladymda paýlaşaýdym. Maglumat paýlaşmak meň bilen, okap peýdalanyp bahalandyrmak SIZ bilen :)
20
71
vekil_city
19.11.2023 04:48
Salam hemmäňize


Erkek adam aýalyny juda söýýär, hem-de şeýle bir gabanýardy. Günortan öz iş ýerinde nahar berilsede, her öýlän uzyn ýoly geçip öýüne gelýärdi. Aýaly bilen birlikde nahar iýýärdi. Aýaly, ärini diňe nahar iýmek üçin gelýändir diýip pikir edýärdi. Bilmeýän zady bardy aýalynyň, äriniň her gün aýalyna göz aýlap gitýänini bilmeýärdi.

Elbetde äri gelibem, öýünde aýalyny tapmadyk wagta çenli.
Gapyny açyp seslendi aýalyndan ses ýok... Her otaga aýlanyp çykdy, ýok.. ýok.. ýok. Telefonyna jaň edip gördi. Aýalynyň telefony öçürilipdir. Birden pikirlendi, aýalym meni aldaýar diýip pikir etdi. Hemme tanyşlaryna jaň edip gördi maşgalasyna, dostlaryna, goňşularyna hiçkim görmändir aýalyny. Sagatlar geçýär aýalyndan habar-hatyr ýokdy. Agşam boldy erkek adam öýünde kellesinde garyşan pikirler bilen umytsyz halda otyrdy.
Şeýdip bir gije geçdi, daň atdy aýaly gelmedi. Erkek adam özüne adwokat tutunyp aýaly bilen aýrylyşmagy karar berdi, indi dolanyp gelmeýär, geler ýaly ýüzi ýok. Aýalym meni aldaýar diýip dawa açdyrmaga gitdi.
Öýûne gelende aýalyna degişli näme ba bolsa surat, eşikleri hemmesini ýakdy. Telefona jaň geldi.
Erkek adam: Alo diýdi.
Telefondaky: Salam ertiriňiz haýyrly bolsun. Men (plan) hassahanadan jaň edýärin. Bir gün mundan öň hassahanamyza ýaralanan bir ýaş aýaly getirdiler. Şükürler bolsun şuwagt özüne geldi bolsada. Siziň adyňyzy aýtdy, häziriň özünde geliň diýdi...
Adamsy ýene ýalňyş pikirler edip başlady, nädip ýaralandyka. Başga söýgülisi urandyr diýdi içinden. Indi gitsemmi ýa gitmesemmi diýip pikirlendi. Ýok gideýin gowusy, "ýüzüne tüýküreýin" — diýdi aldany üçin. Hassahana geldi aýalynyň otagyny tapdy. Girmän aýnadan seretdi dogrydanam gaty ýaralanmyşdy aýaly, ýöne nädip?
Gapyny kakyp doktorlar bilen gürleşdi, özüni tanatdy we aýalymy görmek isleýän diýdi...
Doktorlardan biri " Yzy ýarasyn " aýalyňyzy halas edip bilmedik diýdi. Erkek adam söýdügi üçinmi ýada aldanany üçinmi, seretmedi aýalynyň ýüzüne soňky gezek, jynaza işlerini hem aýalynyň maşgalasyna goýdy.

Aradan 10 gün geçdi, erkek adam ruhy çökgün. durmuşdan sowan ýaly oturýardy. Dowamly aýalynyň söýgüliler gününde sowgat eden kartyna seretýärdi, kartda "Elmydama seniňki, seniňki bolup galaryn" diýip ýazdyrypdyr.
Gapy kakyldy. Gapyny açdy, bir ýaş oglan: Salam doglan günüňiz gutly bolsun. aýalyňyz 10 gün mundan öň bize sowgat sargap goýupdy, we edil şu gün doglan günüňizde bermeli diýip sargady diýdi. Sowgatly gutyny berip gitdi. Näme etjegini bilmeýärdi erkek adam doňup galdy birden.
Sowgady açdy ýokarda aýalynyň ýazan haty bardy:
Ezizim bilýäňmi maňa köýnek alyp bermek üçin, öz gowy görýän sagadyňy almakdan boýun towladyň. Indi men sowgat etýän.
" Ezizim, doglan güniň gutly bolsun. Bu sowgadym kabul et" diýip ýazylgydy. Gutyda goşar sagat bardy.
Ýenede bir ýazgy bar.
"Işden öýe gijä galan wagtlaryň garaşýan her minudym ölüm ýalydy. Belkide indi gijä galmarsyň. Doglan güniň bilen uzak ýaşa."

...Şol gün adamsy işden gelende aýalyny tapmadyk güni — aýaly adamsyna sowgat saýlamaga hemde, doglan güninde getirip bermekleri üçin marketlere sargamaga gidipdi. Öýüne gelýärkä hem telefony zarýady öçýär. Adamym meni alada etmesin diýip köçedäki telefondan adamsyna jaň etmek üçin, ýoluň beýleki tarapyna geçip barýarka, ýokary tizlikli gelýän ulagy görmändi. Şeýdip ýaralanyp hassahana düşýär we ... .

Soňy.
20
77