vekil_city
20.11.2023 22:23
Arhiwi dörjeläp ýörkäm öňümden çykýan zada seredä 🙄🤦‍♂️ Çagaponýatalygym bar ekenaý o döwürler 🤦‍♂️🤦‍♂️🤦‍♂️
Onda näme, meň çagalyk ýyllaryma tarap, öňe ))) Erkin ýazjakmyşym🙄🤦‍♂️

Erkin ýazjak, degmäň meniň göwnüme,
Men şahyr däl, ýazar ýaly şygary.
Erkin pikirlerim — şahsy ýazgylam,
Isle sögüň, isle söýüň parhy ýok.

Erkin ýazjak, durmuş hakda, din hakda,
Erkin ýazjak, ylym hakda, ýurt hakda.
Erkin ýazjak, boýun egmän düzgüne,
Isle okaň, isle pozuň, siz biliň.

Erkin ýazjak özüm hakda, il hakda,
Erkin ýazjak ýalançy dünýä hakda,
Erkin ýazyp hakykaty aýtmasam
Mundan baka gidip bilmerin asla.

Hawa, her zadyňam çägi bar ahyr,
Erkin ýazjak diýsemem bilmerin ýazyp.
Gowsy tamamlaýyn bolgusyz goşgym,
"Dek gezen dok gezer" edip ýaşaýyn...

Ahmet Gurbanmyradow.
18
73
vekil_city
21 Noýabr 2023
@gulia_maksatmyradowna, minnetdar uýam🙋‍♂️
vekil_city
21 Noýabr 2023
@aykamm, 😋sagboluň 😍
my_angel
20 Noýabr 2023
"Eldegirmesiz"gowy gosgy 👏🏻👏🏻👏🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.