vekil_city
22.11.2023 07:57
Adamlar gadymy döwürlerden başlap käbir zatlaryň bela-beterden, howup-hatardan goraýandygyna ynanypdyrlar. Sowet Soýuzyna uzak wagtlap ýolbaşçylyk eden Leonid Brejnewiň pişigi barada hem geň gürrüňleri aýdýarlar. Geliň indi bu wakalar nähili bolupdyr, bu barada giňişleýin bileliň. 1969-njy ýylyň ýanwar aýynyň başyna L.Brejnewiň Hindistana ilkinji resmi wiziti başlanypdyr. Şol wzitiň dowamyndaky kabul edişlikleriň birinde SSSR-iň Hindistandaky ilçisi M.Pegow Brejnewi Hindustandaky Tibet ruhanysy Dalaý-Lama bilen tanyşdyrypdyr. Оl ruhanyň täsin başarnyklary baradaky gürrüňler bütin günorta-gündogar Aziýa meşhurdy. Ol ruhany adatdan daşary ukyba eýedi. Birnäçe seansda agyr ýatan näsagy bejerýärdi, gözleri daňyk ýagdaýda kitap okap bilýärdi. Brejnewiň elini gysyp salamlaşanda elini tutup ol dilmajyň üsti bilen "Hormatly myhman 13 ýyl mundan öň infarkt geçiripdir " — diýýär. Bu hakykatdan hem dogry bolup, 1956-njy ýylda Brejnew infark geçiren ekeni. Soňra ruhany Brejnewe bir pişik sowgat berip, bu pişik boljak zatlary öňünden bilmäge ukyply, ol seni durmuşyňda bolup biläýjek howup-hatarlardan gorar diýýär. Ruhany pişigi Brejnewe gowşurup şeýle zady berk sargaýar ýagny, pişigi diňe özi öz eliňden naharlamaly, özem diňe çig et bermeli. Şeýle hem Brejnewe özüň hem pişik ölenden soň uzak ýaşamarşyň diýip duýdurýar. Pişigi gowy edip ýeke özüne bir otag berip saklaýarlar, adyna ruhanyň hormatyna Lama diýip at goýýar. Lama Brejnewden başga adamyny golaýna getirmändir, diňe şonuň elinden ganly göle etini iýipdir. 21-nji ýanwar 1969 ýylda Brejnew pişiginiň öňden görmek ukybyna şaýat bolupdyr. Şol gün Kremlde kosmonawtlary kabul etmeli ekeni, köçelerde müňlerçe olary garşylamaga çykan adamlar bar ekeni. Padiolarda Brejnewiň kosmonawtlary garşylamak üçin barýan hatar maşynlaryň arasynda 2-nji maşynda barýandygyny köp gezek aýdypdyrlar. Нaçanda maşynlar Kremliň derwezesine baranlarynda bir polisýa eşigini geýen ýaş adam öňe çykyp her elinde bir pistoletli Brejnewiň oturmaly maşynyny atyp başlapdyr. Atýan adam ol maşynda Brejnewiň ýokdugyny we onda kosmonawtlaň oturandygyny bilmeýärdi. Kiçi leýtenant Wiktor Ilin 2 pistoletde 14 ok atyp ýetişipdir we maşynyň sürüjisini agyr, beýleki kosmonawtlary ýeňil ýaralapdyr. Kast edilme wakasy bolan güni Lama öňkülerinden ir oýanypdyr we hojaýynyň ýatýan otagynyň gapysyny dyrçanaklap başlapdyr.Ony öýe goýberenlerinden Brejnewiň döşüniň üstüne böküp ýüzüne seredip naýynjar mawlap başlapdyr. Bütin ertirlik edilýän wagt pişik hojaýynynyň aýaklaryna süýkenip naýynjar mawlapdyr. Bu bolsa howsalaly duýduryşdy. Brejnew hindi ruhanyň aýdanlaryny ýatlap kosmonawtlary garşylamak dabarasyna gitjek, ýöne iň yzyndan ýörejek diýip şeýle hem edip kast edilmekden sypypdyr.
2-nji waka, 20-nji fewral 1970-nji ýylda bolupdyr. Brejnewiň iş waty Kremlde 8:30-da başlaýar ekeni. Şol gün irden pişik turşuna Brejnewiň kabinetine baryp naýynjar mýawlap başlapdyr. Haçanda Brejnew işe gitmekçi bolanda onuň balagyndan dişläp goýbermändir. Pişigi bu hereketleri yzgiderli edip duransoň Brejnew goragçylaryna siz mensiz gidiberiň diýýär we özi şol ýerde dokumentleri işlemäge galýar. Goragçylar gidenlerinde ýolda ýol hadysasy ýüze çykýar we Brejnewiň münmeli maşynyndakylaň käsiniň gapyrgasy döwülýä, käsiniň beýnisi çaýkanýa, Brejnewiň oturmaly ýerindäki adamyň kellesiniň ýary gidipdir. Bu wakany Brejnewe aýdanlarynda ol pişiginiň ukybyna has göz ýetirip oňa has hem ynanypdyr. Şeýle hem Brejnew pişigine gowy seretmegi başarmandyr we ol pişik 1982-nji ýylyň ýazynda maşynyň aşagyna düşüp ölüpdir. Brejnew pişiginiň ölenine gaty gynanypdyr we şondan soň gaýgyly ýagdaýda ýaşap şol ýylyň noýabrynda ýogalypdyr.

Bellik: Bu maglumat çynmy-ýalanmy anyk bilemok, arhiwimde bar eken, menem paýlaşmagy makul bildim :)

Hormatlamak bilen, @Vekil_City
22.11.2023ý. 07:16
21
85
vekil_city
22 Noýabr 2023
@4982, tanyş bilişiň bar bolsa maňa-da zakaz etsene, ylalaşarys🤭
4982
22 Noýabr 2023
Hindistana giden tanyş bilişlere pişik zakaz etmelimi 🤣🤣🤣
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.