vekil_city
19.11.2023 10:32
Hassa günüm halym sorap gelmeýän,
Kyn günümde kömek edip bilmeýän.
Aglamda aglaman,gülsem gülmeýän,
Nämä gerek maňa biderek dostlar.

Ýasymda görünmän toýuma gelýän,
Müň bir hile bilen maňa al salýan.
Özgäniň ýanynda üstümden gülýän,
Nämä gerek maňa biderek dostlar.

Iki ýüzli syrpäki dek öwüsýän,
Rysgalym galaýsa egnimden basýan.
Öz duzumdan iýip saçagma gusýan,
Näme gerek maňa biderek dostlar.

Ýalan-ýaşryk gürläp bagrymy ýakýan,
Büdresem,ýykylsam heşelle kakýan.
Gelnime,gyzyma hyrydar bakýan,
Nämä gerek maňa biderek dostlar.

Giç hem bolsa indi serim aýlaýyn,
Ýaman dostdan ýagşy dosty saýlaýyn.
Toýlarymy çyn dost bilen toýlaýyn,
Nämä gerek maňa biderek dostlar.

Bellik: Dogry, goşgy arhiw goşgy, okalyp-okalyp suwy çykyp giden. Haladymda paýlaşaýdym. Maglumat paýlaşmak meň bilen, okap peýdalanyp bahalandyrmak SIZ bilen :)
20
71
vekil_city
19 Noýabr 2023
@_Bilesigeliji, olam bir esermi şular ýaly?
nabat_
19 Noýabr 2023
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.