tyllayev_allanur
14.11.2023 21:23

Garward uniwersitetinden talyplara motiwasiýa


Garward uniwersiteti öz talyplarynda okuwa bolan hyjuw döretmek üçin aşakdaky sözleri ulanýar:


Okaň, mümkin size-de peýdasy deger!


Häzir uklasaň, arzuwlaryňy düýşüňde görersiň. Eger-de ukynyň deregine okamagy saýlasaň, arzuwyňy durmuşyňda görersiň.


«Indi giç» diýip pikir edýän bolsaň, aslynda entäk irdir.


Okuw kynçylygy – wagtlaýyn. Bilmezlik kynçylygy – bakydyr.


Okuw – bu wagtyňy sarplamak däl. Okamak – bu hereket etmekdir.


Durmuş diňe okuwdan ybarat däl. Durmuşyň şu bölegini okap geçirmeseň, eliňden hiç zat gelmeýänligidir.


Wagt geçer. Häzirki uky ýetmezçiliginde gözüňe inýän ýaş, ertir begenç gözýaşyna öwrüler.


Eger bu gün pyýada ýöremegi islemeseň, ertir ylgamaga mejbur bolarsyň!


Geljegi üçin hereket edýän adam realistdir.


Seniň tapýan puluň – alan bilimiň bilen proporsionaldyr.

34
77
tyllayev_allanur
13.11.2023 22:17

Her kimem garaşar geljegin bilse,

Gelmejegni bilip,garaşmak söýgi.

Bir günde,bir ömrüň gussasyn çekip,

Ýene,bir söz bilen ýaraşmak,söýgi.


Gabanjyňdan ýersiz ýere öýkeläp,

Gijelerine gamly başyň oýkalap.

Daňa çenli,suratyny sypalap,

El degirmän,daşdan görüşmek,söýgi.


Bir sözde tüsseläp,ýanyp,tutaşyp,

Her göreňde,ýitiren dek tapyşyp.

Şum ajalyň ýakasyndan ýapyşyp,

İň soňky demiňde göreşmek söýgi.

26
41
tyllayev_allanur
12.11.2023 13:34

Siziň üçin ýörite psihologik test taýýarlady. «Iň soňky gezek haçan...» diýip başlanýan ähli soraglara jogap berip, özüňiziň nädereje bagtlydygyňyzy bilip bilersiňiz.


Indi bolsa eliňize kagyz we ruçka alyň. Test örän ýönekeý. Her bir soraga pikirlenip, dogry jogap bermegiňizi sizden haýyş edýäris. Synagdan soň her bir soragyň jogaplary üçin ýörite bal berilýär we olaryň jemi siziň näderejede bagtlydygyňyzy kesgitleýär. Her soragy okap, aşakda görkezilen jogaplary saýlaň.


a) 1 hepde öň;


b) 1 aý öň;


ç) 1 ýyl ozal;


d) birnäçe ýyl ozal.


Indi bolsa psihologik testimize başlaýarys.

Iň soňky gezek haçan gül suwardyňyz?


Iň soňky gezek haçan öý haýwanyny sakladyňyz?


Iň soňky gezek haçan Günüň dogup gelýän ýa-da ýaşyp gelýän pursatyny synladyňyz?


Iň soňky gezek haçan siziň gadyryňyz bilindi ýa-da özüňize mynasyp baha berildi?


Iň soňky gezek haçan sowgat berdiňiz?


Iň soňky gezek haçan muzeýe ýa-da sergi zalyna baryp gördüňiz?


Iň soňky gezek haçan roman okadyňyz?


Iň soňky gezek haçan kompýuteri we telewizory öçürip, öýde maşgalaňyz bilen wagt geçirdiňiz?


Iň soňky gezek haçan asmandaky Aýy synladyňyz?


Iň soňky gezek haçan oýun oýnadyňyz?


Iň soňky gezek haçan uzak wagtlap görmedik dostuňyz bilen ýüzbe-ýüz duşuşdyňyz?


Iň soňky gezek haçan agladyňyz?


Iň soňky gezek haçan garyp adama kömek etdiňiz?


Iň soňky gezek haçan özüňizde bar bolan zatlara şükür etdiňiz?


Iň soňky gezek haçan ýalňyz galyp, özüňizi diňlediňiz?


Iň soňky gezek haçan durmuşyňyzdaky adaty zatlary terk edip, üýtgeşik bir zat etdiňiz?


Iň soňky gezek haçan tebigatda dynç aldyňyz?


Iň soňky gezek haçan ýakyn adamyňyza garaşylmadyk sowgat etdiňiz?


Iň soňky gezek haçan gorkduňyz?


Iň soňky gezek haçan ýasamalygyňyzy taşlap, hakyky özüňiz bolduňyz?


Balymyzy nädip hasaplamaly?


Her jogabyňyz üçin aşakdaky ballary beriň we ählisini goşuň. Siziň balyňyz näçe ýokary bolsa, siz şol derejede bagtlysyňyz.


A jogap — 8 bal, b jogap — 6 bal, ç jogap — 4 bal, d jogap — 2 bal.


Balyňyz pes bolsa, näme etmeli?

Siziň işiňiz örän ýönekeý. Ýokardaky 20 maddany mümkin boldugyça durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Janly tebigat bilen dostlaşyp, dünýäňiziň gözelliklerini açyp bilersiňiz. Dostuňyza baryp ýa-da halaýan adamyňyza garaşylmadyk sowgat alyp, ýakynlaryňyzy begendirip bilersiňiz. Kalbyňyzy arassalamak üçin aglap bilersiňiz.

28
245
tyllayev_allanur
11.11.2023 15:05

Her synada bir wezipe bolsa-da,

Agramly bölegi birine düşýär.

"Urmakdan" başgada daşky dünýäniñ,

Bar bolýan zatlary ýürege üýşýär.


Ynsan hergiz ýakynyndan, ýadyndan,

Käte ýeke sözi göwnüne alýar.

Dolan yürek artyk gussa - gaýgydan,

Şeýdip öz işine yetişmän galýar.


Biynjalyk edip dur onsañ gürsüldi,

Käte çalt urýandyr, käte haýallap.

Yürek diýýän ýaly "yadadym indi

Gözler on halyna gynanýar aglap.


Başga agza ýaly dyncy ýok onuñ,

Dynç alar urmasyn bes eden güni.

Şoña çenli derdin içine salyp,

Bar zady göterýär ýürek görgüli.


#Şanazar Hydyrow

29
39
tyllayev_allanur
10.11.2023 20:29

Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, şäheriň Aşgabat ady (eshq «söýgi») we (abad «şäher») diýen pars sözlerinden gelip çykypdyr.


* * *


2008-nji ýylda paýtagtymyzdaky Döwlet muzeýiniň öňündäki meýdançada dikilen Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň belent sütüni «Dünýäniň iň beýik flagştogy» diýlip, Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Onuň agramy 420 kilograma, ini 52,5 metre we boýy 35 metre barabar. Ýaşyl Tugumyz 133 metr belentlikde parlaýar.


* * *


2017-nji ýylda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýäde iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Atyň çeper şekiliniň beýikligi 40,05 metr, uzynlygy 37,69 metr, ini bolsa 40,24 metrdir.


* * *


2010-njy ýylda Aşgabat «Köpçülik ýerinde iň köp suw çüwdürimleri özünde jemleýän suw çüwdürim toplumly şäher» diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şol suw çüwdürim Oguz hanyň we ogullarynyň heýkelleri ýerleşdirilen arhitektura-heýkeltaraşlyk toplumydyr. Onuň tutýan meýdany 14,2 gektar bolup, toplum 27 sany yşyklandyryş enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman suw çüwdürimlerini özünde jemleýär.


* * *


2011-nji ýylda «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkeziniň binasy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Köpetdagyň belent gerişlerinden soň hem 211 metr beýiklige uzak gidýän binanyň aýratyn gözelligine öwrülen Oguzhanyň sekizburç ýyldyzy iň uly ýyldyz şekili hökmünde hasaba alyndy. Döwrebap merkeziň umumy beýikligi 211 metr. Toplumyň esasy desgasy 31 gatdan ybaratdyr.


* * *


Paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Älem» medeni-dynç alyş merkezi özüniň binagärlik-gurluşyk, bezeg aýratynlyklary bilen özüne çekýär. Täsin binanyň daşy Oguz hanyň altyn ýyldyzy we bäş sany göl bilen gurşalandyr. Beýikligi 95 metre ýetýän binanyň ýörite syn ediş çarhynyň diametri 57 metrden ybaratdyr. Alty orunlyk öýjagazlaryň 24-sini özünde jemleýän äpet synlaýyş aýlawy bu merkeziň esasy binagärlik aýratynlygyny emele getirýär. Täsin görnüşli bu bina dünýäde iň uly aýlanýan ýapyk görnüşli synlaýyş aýlawy hökmünde hasaba alnyp, 2012-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


* * *


2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý – Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellenilip başlandy.


* * *


2016-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda paýtagtymyzda Halkara howa menzili açyldy. 1200 gektara golaý meýdanda 100-den gowrak desgany öz içine alýan bu toplum binagärlik taýdan gaýtalanmajak gözel keşbe eýe boldy. Ýolagçy terminalynyň esasy binasynyň ýokarsyna 705 inedördül metr haly gölüniň şekillendirilmegi netijesinde Aşgabadyň Halkara howa menzili Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.


* * *


2018-nji ýylyň 1-nji iýunynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosport boýunça okuw sapagyny geçirmekde dünýäniň täze rekordy goýuldy. Bu okuw sapagyna jemi 3246 adam gatnaşdy.

26
162
tyllayev_allanur
09.11.2023 12:27

Yor yor aytmang yangalar


Ichimda nelar o'tar

Quloq solmaydi hech kim

Hammada xursandchilik

Ular bilmaydi dardim


Opoq libosda turgan

Axir mening sevgilim

Yoningdagi men emas

Azoblanar bu dilim


Yor yor aytmang yangalar

Meni qalbimni tilkalab

Uni olib ketmanglar

Yuragimni parchalab


Axir u bilan meni

Yuragim butun edi

Shuncha asragan gulim

O'zga qo'liga ketti


Yolg'ondan kulmoqdaman

Og'risa ham yuragim

Baxtli bo'lsa xursandman

Yor yor ovozi bugun


Yorimni olib ketar

Men asaragan bu gulim

O'zga bag'riga yetar

Yor yor aytmang yangalar


Janob Rashid

28
96
tyllayev_allanur
08.11.2023 00:09

Biziň ýaşaýan dünýämizde 24 sagadyň dowamynda ululy-kiçili täsin wakalardyr hadysalar bolup geçýär. Biz köplenç bu wagty bolaýmaly ýaly, ähmiýetsiz hasaplaýarys, ýöne käbir jandarlar üçin Ýer ýüzüniň bir güni bütin ömürdir.


Ýer ýüzünde bir günde nämeler bolýar?


7 ýertitreme, 18 müň tüweleý, 8,6 million ýyldyrym.


Takmynan, 18 million adam doglan gününi belleýär.


Takmynan, 365 müň adam dünýä inýär.


Her gün bir agaç planetanyň iki ýaşaýjysy üçin ýeterlik bolan kislorody bölüp çykarýar.


Orta hasap bilen her birimiz günde 15 gezek gülýäris.


Ynsan ýüregi günde 104 müň gezek urýar.


Kagyz haltalary ýasamak üçin 40 müň agaç, hajathana kagyzy ýasamak üçin 27 müň agaç kesilýär.


Ösümlikleriň, mör-möjekleriň, guşlaryň we süýdemdirijileriň 150-200 görnüşi daş-töweregiň hapalanmagy, ýeriň zaýalanmagy we daşky gurşawa zeper ýetmegi sebäpli ýok bolar.


Hytaýly daýhanlar 510 müň tonna tüwi ýygnaýarlar.


Dünýä ýüzi boýunça 1,700,000 tonna miwe ýygnalýar.


Ortaça, her bir adam takmynan 48 müň sany söz aýdýar.


Bütin dünýädäki towuklar 190 million ýumurtga berýärler.


Dünýädäki adamlar her gün hajathananyň suwuny 22 milliard gezek goýberýärler. Bu suw mukdaryna adamzadyň ýarysy suwa düşüp bilerdi.


142 müň awtoulag öndürilýär. Eger bu täze öndürilen awtoulaglar zynjyr görnüşde hatara düzülen bolsa, olaryň uzynlygy takmynan 512 kilometre barabar bolardy.


Adam her gün 23 müň gezek dem alýar.


Adam bedeninde her günde 50 trillion öýjük ölüp, täzeden döreýär.


Adamyň 40 — 100 aralygynda sany saçy dökülýär.


Adamlar bir günde 800 million apelsin, 1 milliard alma, 1,5 milliard sany bolsa banan iýýärler.


Adam saçlary 0,35 millimetr ösýär.


24 sagat maýyp güjügiň gysga ömri.


Bir günde adamlar şulary satyn alýarlar:


570 müň sany telewizor;

3,4 million sany telefon;

540 million sany gazet;

820 müň sany golf topjagazy.

Her günde 2753 sany kitap çap edilýär.


Ýer ýüzünde 24 sagadyň dowamynda Gün bir gezek dogup, bir gezek batýar. Şeýle-de bolsa, Halkara kosmos stansiýasynyň (ISS) astronawtlary günde 16 gezek Günüň doguşyny we 16 gezek Günüň batyşyny görýärler.


Ýer togalagymyzda her günde bolup geçýän wakalar örän köp bolsa-da, köplenç olara ähmiýet bermeýäris. Bir günde köp sanly janly-jandar dünýä inýär we ölýär, ekinler ösýär we miweler bişýär, köp mukdarda önüm öndürilýär. Tebigatyň ýaşaýşy yzygiderli ösüp-ýetişip dowam edip dur, adamzat işleýär, kämilleşýär.


24 sagadyň içinde milliardlarça jandar üçin ýaşaýyş üpjün edip, ullakan özgerişler sikli başdan geçirilýär. Bu zatlaryň ählisi planetamyzy her pursatda ajaýyp wakalaryň bolup geçýän ýerine öwürýär.

32
63
tyllayev_allanur
07.11.2023 16:50

Eger hemme zady pul çözýän bolsa,

Ýurdy üçin näçe gerçek ölüpdir.

Şolaryň haýsysy mertligi üçin,

Ýa-da ömri üçin töleg alypdyr.


Eger hemme zady pul çözýän bolsa,

Munda näçe ynsan dünýä gelipdir.

Şolaryň haýsysy emen süydüniň,

Hakyny doluça töläp bilipdir.


Eger hemme zady pul çözýän bolsa,

Haýsy baýyň bakylygny gördüňiz.

"Munda hemme zady pul çözýär"diýip,

Baý bilen garyby ýandaş gömdiňiz.


Eger hemme zady pul çözýän bolsa,

Pul aýlardy häzir ertäni,giji.

Käbir zatlar satylmaýar hiç pula,

Puluň arzan zada ýetýändir güýji.

32
167
tyllayev_allanur
06.11.2023 20:56

Kompýuter programmirlemesi häzirki zaman sanly döwrüň esasyny düzýär. Programmirleme dilleriniň taryhyny gözden geçirenimizde, kompýuter programmirlemesiniň ýyllar boýy näderejede ösendigini görmek mümkin.



Maşyn kodlaryndan başlap häzirki wagta çenli halaýan tehnologiýalarymyzy güýçlendirýän taryhy düşünmek, bahasyna ýetip bolmajak zatdyr. Kompýuter programmirleme dilleri maşynlara näme etmelidigini aýtmaga mümkinçilik berýär. Programma dilleri maşynlar bilen adamlaryň arasyndaky boşlugy aradan aýyrmak üçin zerurdyr.



Ilkinji programmirleme dili 1843-nji ýylda döredildi. Ol Ada Lovelace-iň maşyn belliklerinde kompýuter tarapyndan işlenilip düzülen ilkinji algoritmdir. Häzirki wagtda bu algoritm durmuşymyzyň köp bölegini öz içine alýan kompýuter programmalarynyň düýbüni tutmaga uly goşant goşdy.



1944-1945-nji ýyllar aralygynda Konrad Zuse “Plan Calculus” atly ilkinji “hakyky” programmirleme dilini döretdi. Zeus tarapyndan işlenilip düzülen bu dil, gündelik amallary ýerine ýetirmek üçin birnäçe gezek çagyrylyp bilinjek kod böleklerini saklaýan proseduralary döretmäge mümkinçilik berdi.



Fortran (1657) – FORmula terjimesi ýa-da FORTRAN Jon Backus tarapyndan döredildi. Häzirki wagtda ulanylýan iň gadymy programmirleme dili hasaplanýar. Programmirleme dili ýokary derejeli ylmy, matematiki we statistiki hasaplamalar üçin döredildi. FORTRAN häzirki wagtda dünýäniň iň ösen superkompýuterlerinde ulanylýar.



Algoritmiki dil ýa-da ALGOL (1958), Amerikaly we ýewropaly kompýuter alymlarynyň bilelikdäki komiteti tarapyndan döredildi. ALGOL, C ++ we Java ýaly iň möhüm programmirleme dillerini ösdürmegiň başlangyç nokady bolup hyzmat etdi.



LISP (1958) – Massaçusets tehnologiýa institutynda Jon Makkarti tarapyndan oýlanyp tapyldy. Ilkibaşda emeli intellekt üçin döredilen LISP häzirki wagtda hem ulanylýan iň gadymy programma dilleriniň biridir we Ruby ýa-da Python-a çalyşmak üçin ulanylyp bilner.



COBOL (1959), kredit kartlarynda, bankomatlarda, telefon we jübi telefonlarynda we traffik signal ulgamlarynda ulanylýan programmirleme dilidir. COBOL häzirki wagtda bank ulgamlary üçin ulanylýar.



BASIC (1964). Başlangyjynyň köp maksatly simwoliki görkezme kody diýlip atlandyrylýan BASIC, Dartmut kollejiniň okuwçylary tarapyndan işlenip düzüldi. Mundan başga-da, Microsoft-yň esaslandyryjylary Bill Geýts we Pol Allen tarapyndan bu kompaniýanyň ilkinji satylan önümi boldy.



PASKAL (1970). Kompýuter programmirlemesi üçin okuw guraly hökmünde işlenip düzülen Paskal, ulanmagyň aňsatlygy we güýji üçin kompaniýanyň ilkinji günlerinde Apple tarapyndan saýlandy.


C (1972) programmirleme dili, Unix operasiýa ulgamy bilen ulanmak üçin Bell Labs-da Dennis Ritçi tarapyndan işlenip düzüldi. “B” diýilýän köne dile esaslanýandygy üçin oňa “C” diýlipdir. “C” Google, Facebook we Apple ýaly uly kompaniýalar tarapyndan henizem ulanylýar.


SQL-i (1972) IBM-iň gözlegçileri Reýmond Boýs we Donald Çemberleýn işläp düzdi. SQL maglumat bazalarynda saklanýan maglumatlary görmek we üýtgetmek üçin ulanylýar. Häzirki wagtda SQL ulanýan kompaniýalar köp.


C++ (1979) programmirleme dili, ýokary derejeli programmalary gurmak üçin ulanyp boljak obýekte gönükdirilen dil. Bu “C” diliniň giňeldilen görnüşidir. Bu dil, Daniýaly programma alymy Bjarne Stroustrup tarapyndan işlenip düzüldi. C++ programmirleme dili programmistlere ulgam çeşmelerine we ýadyna ýokary derejede gözegçilik edýär. Windows operasiýa ulgamyny goşmak bilen köp programma üpjünçiligi C++ dilinde kodlanýar.


Objective-C (1983). Bred Koks we Tom Love tarapyndan işlenip düzülen “Objective-C”, “Apple” -iň operasiýa ulgamy macOS we iOS üçin ulanylýan esasy programma dillerinden biridir.


Perl (1987), Larri Wall tarapyndan döredilen umumy maksatly, ýokary derejeli programmirleme dilidir. Häzirki wagtda CGI maglumatlar bazasy programmalary, ulgam dolandyryşy, torlaýyn programmirlemek we grafika programmirlemek ýaly maksatlar üçin giňden ulanylýar.


Python (1991). “Monti Python” komediýa toparynyň adyny göterýän Python, Guido Van Rossum tarapyndan döredildi. Python dürli programmirleme dillerini goldamak üçin ulanylýan umumy maksatly, ýokary derejeli programmirleme dilidir. Python häzirki wagta çenli dünýäde iň meşhur programmirleme dilleriniň biridir. Google, Yahoo! we Spotify ýaly uly kompaniýalar tarapyndan ulanylýar.


PHP (1995). Öň “Şahsy öý sahypasy” diýlip atlandyrylýan PHP Rasmus Lerdorf tarapyndan işlenip düzüldi. Ulanyş meýdany hökmünde serweriň ösüşini, dinamiki web sahypalaryny üpjün edýär. “Facebook”, “Wikipedia”, “Digg”, “WordPress” we “Joomla” ýaly dünýäniň iň uly kompaniýalary PHP-ni ulanyjylardyr.


Java (1995), Jeýms Gosling-iň interaktiw teleýaýlym taslamasy üçin döreden umumy maksatly, ýokary derejeli dilidir. Java, kompýuterlerden başlap, smartfonlara çenli köp platformalarda ösmäge mümkinçilik berýär.


Swift (2014). “C”, “C ++” we “Objective-C” çalyşmak üçin “Apple” tarapyndan işlenip düzülen Swift, ýokarda agzalan dillerden has aňsat we ýalňyşlyk üçin az ýer goýmak üçin işlenip düzüldi. “Swift”-iň köp taraplylygy, iş stoly, ykjam we bulut programmalary üçin ulanylyp bilinýär. Öňdebaryjy dil programmasy “Duolingo” Swift-de ýazylan täze programma döretdi.


jаvascript (1995). Brendan Eich tarapyndan işlenip düzülen jаvascript, PDF resminamalaryny, web brauzerlerini we iş stoly gurallaryny döretmek üçin dinamiki web ösüşi üçin ulanylýar. Esasy web sahypalarynyň köp bölegi jаvascript ulanýar. Gmail, Adobe Photoshop we Mozilla Firefox belli mysallary öz içine alýar.


C# (2000), C++ diline esaslanýar we Java bilen köp meňzeşligi bar. Bu dil, Microsoft önümleriniň köp böleginde ulanylýar we ilkinji nobatda iş stoly programmalaryny döretmekde görünýär.


Go (2009), esasy programma üpjünçiligi ulgamlary sebäpli ýüze çykýan kynçylyklary düzeltmek üçin Google tarapyndan işlenip düzüldi. Go Google, Uber, Twitch we Dropbox ýaly dünýäniň iň uly tehnologiýa kompaniýalarynyň arasynda meşhurlyk gazandy.


Häzirki zaman programmirleme dilleriniň döremegi programmirleme babatynda täze bir döwri döretdi. Ýurdumyzda bilim ulgamy – sanly ulgama geçirilýär. Bilim edaralarynda ýaşlara berilýän bilimiň mazmuny has-da baýlaşdyrylýar. Häzirki döwürde kompýuter mümkinçiliklerinden ähli pudaklarda giňden peýdalanylýar. Ylmyň ösmegi, intellektual şahsyýetiň kemala gelmegi üçin kompýuter tehnologiýalarynyň wezipesi örän uludyr. Ylmyň gazananlarynyň esasy bölegi öňdebaryjy tehnologiýalaryň hyzmatydyr. Ýokary derejeli hünärmenlere programmirleme dillerini öwretmek iň wajyp meseledir

21
31
tyllayev_allanur
10.10.2023 20:10

Hemmä salam! gowmysynyz öwrenmeli agzalary...🙋‍♂️

31
263