tyllayev_allanur
12.11.2023 13:34

Siziň üçin ýörite psihologik test taýýarlady. «Iň soňky gezek haçan...» diýip başlanýan ähli soraglara jogap berip, özüňiziň nädereje bagtlydygyňyzy bilip bilersiňiz.


Indi bolsa eliňize kagyz we ruçka alyň. Test örän ýönekeý. Her bir soraga pikirlenip, dogry jogap bermegiňizi sizden haýyş edýäris. Synagdan soň her bir soragyň jogaplary üçin ýörite bal berilýär we olaryň jemi siziň näderejede bagtlydygyňyzy kesgitleýär. Her soragy okap, aşakda görkezilen jogaplary saýlaň.


a) 1 hepde öň;


b) 1 aý öň;


ç) 1 ýyl ozal;


d) birnäçe ýyl ozal.


Indi bolsa psihologik testimize başlaýarys.

Iň soňky gezek haçan gül suwardyňyz?


Iň soňky gezek haçan öý haýwanyny sakladyňyz?


Iň soňky gezek haçan Günüň dogup gelýän ýa-da ýaşyp gelýän pursatyny synladyňyz?


Iň soňky gezek haçan siziň gadyryňyz bilindi ýa-da özüňize mynasyp baha berildi?


Iň soňky gezek haçan sowgat berdiňiz?


Iň soňky gezek haçan muzeýe ýa-da sergi zalyna baryp gördüňiz?


Iň soňky gezek haçan roman okadyňyz?


Iň soňky gezek haçan kompýuteri we telewizory öçürip, öýde maşgalaňyz bilen wagt geçirdiňiz?


Iň soňky gezek haçan asmandaky Aýy synladyňyz?


Iň soňky gezek haçan oýun oýnadyňyz?


Iň soňky gezek haçan uzak wagtlap görmedik dostuňyz bilen ýüzbe-ýüz duşuşdyňyz?


Iň soňky gezek haçan agladyňyz?


Iň soňky gezek haçan garyp adama kömek etdiňiz?


Iň soňky gezek haçan özüňizde bar bolan zatlara şükür etdiňiz?


Iň soňky gezek haçan ýalňyz galyp, özüňizi diňlediňiz?


Iň soňky gezek haçan durmuşyňyzdaky adaty zatlary terk edip, üýtgeşik bir zat etdiňiz?


Iň soňky gezek haçan tebigatda dynç aldyňyz?


Iň soňky gezek haçan ýakyn adamyňyza garaşylmadyk sowgat etdiňiz?


Iň soňky gezek haçan gorkduňyz?


Iň soňky gezek haçan ýasamalygyňyzy taşlap, hakyky özüňiz bolduňyz?


Balymyzy nädip hasaplamaly?


Her jogabyňyz üçin aşakdaky ballary beriň we ählisini goşuň. Siziň balyňyz näçe ýokary bolsa, siz şol derejede bagtlysyňyz.


A jogap — 8 bal, b jogap — 6 bal, ç jogap — 4 bal, d jogap — 2 bal.


Balyňyz pes bolsa, näme etmeli?

Siziň işiňiz örän ýönekeý. Ýokardaky 20 maddany mümkin boldugyça durmuşyňyza ornaşdyrmaly. Janly tebigat bilen dostlaşyp, dünýäňiziň gözelliklerini açyp bilersiňiz. Dostuňyza baryp ýa-da halaýan adamyňyza garaşylmadyk sowgat alyp, ýakynlaryňyzy begendirip bilersiňiz. Kalbyňyzy arassalamak üçin aglap bilersiňiz.

28
245
tyllayev_allanur
16 Noýabr 2023
@haky, dogry
tyllayev_allanur
16 Noýabr 2023
@flowers_, ol manyda aytdamok
haky
12 Noýabr 2023
Haysy yurtly bolsan bolsan ozuni bagtly etmek ucin ahlisinide edip boluyar
nabat_
12 Noýabr 2023
154😄🙃
nabat_
12 Noýabr 2023
Şu wagt oy haywany ba bolsa name edmeli🙃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.