tyllayev_allanur
03.02.2024 11:19
Daş çyksam stolumy biri eýelär öýdüp, ol gabyz keselinden pahyr bolupdyr.
***
<
***
Onuň goşgusynyň ýekeje ýetmezi bardy, olam düşnükliligidi.
***
Sakaldaş, näçe ýaşadyň?
«Ata, sen bir dymsana» diýlen ýaşa-ha ýetdim.
***
Oglum, indi senem işle. Kaka, men ýetim däl ahyry.
***
Öňki başlyga «zat okanok» diýip dil ýetirerdiler. Ol takal okaýardy ahyry.
***
Naharhanamyzyň müdiri bäş ýylda üç gezek maşynyny üýtgetdi.
Emma menýu üýtgänok.
***
Käbir adam holodilnik ýaly bir zat, erbet häsiýetini üýtgetmän saklap bilýär.
***
Olar diş-dyrmak bolşup, özlerine köşk ýaly ymarat gurundylar. (Adamsy diş tehnikdi, aýaly iliň dyrnagyny reňkleýärdi).
***
Maşynyň astyna düşen özüň bolma.
***
Taý ýetim galsa kürre bilen dost bolar.
***
Ol ilden ýüz görmese-de, ýüz elli-hä görerdi.
***
Ol hemişe «Külüňi çykaryn!» diýip käýinerdi. Diýen sözüni gögertmek üçin bolsa, eli bedreli kül atardy.
***
<
***
<
***
<Gara goýnuňam fermada bakylýany.
***
Erbet adamlaryň bolanlygy gowy zat. Ýogsam gowy adamlar erbet bolmaly däldiklerini nädip bilsinler.
***
Alym bolmak aňsat, ýuwmak kyn.
Ol birki gyş ile ot ýakdyrmady. «Betligi» üçin ony topbazanyň direktorlygyndan kowdular.
***
Ýeri sary öküz göterýän bolsa, ol Günüň daşyndan däl-de, sygyrlaryň aýlanardy. daşyndan
***
Maşynyň gaz alşy neneň? Düz ýer bolsa keýig-ä alýar.
***
Ol naçalnigiň ody bilen girip, küli bilen çykjakdy. Emma naçalnigiň öýi bug bilen gyzýardy.
***
Radio oýlanyp tapylmadyk bolsa, käbir bagşysumagy dine sesiniň ýetýän ýeri ýigrenerdi.
***
Ol garawulam bolsa ýokary wezipä ymtylýardy. Gije başlygyň kabinetinde uklardy.
***
«Taýym, taýym» diýlip ösdürilen çaga ulalansoň eşek bolar.
***
Ol aýaly garradýan zat gündiz adamsynyň iňirdisi, gijesine-de horruldysy.
***
Halypa, wagt näçe? Satyjy: On birden 25 manat işledi.
Aýalym meniň bilen aýrylyşmak üçin suda arza berdi.
Sen razymyň?
Wah, hawa-la, menem arza berdim.
Beýle aňsat ylalaşyp bilýän bolsaňyz, ýaşaşybermeli ekeniňiz-dä.
***
Aýalyň bilen sögüşýäňmi?
Geplemän oňup bolmaz ahyry.
***
Tommaýly söz, adatça, kütek tankytçyda bolar.
***
Troleýbusa 4 köpük tölemejek bolup, ol kontýolýor geleninde, gyssanjyna 5 manadyny komposter etdi.
***
Myhmançylykda otyrkalar aýaly: Waý, kakasy, huşum gursun, hakyt ütügi tokdan ayyrman gaýdyberipdirin-dä - diýýär. Adamsy: Arkaýyn bolaý, gelinbaý, menem suw kranyny ýapmagy ýadymdan çykarypdyryn.
39
228
tyllayev_allanur
10.01.2024 22:22
Jorj Kleýson
Iň baý adamyň iň gadymy syry: nädip baýamaly?
Ir zamanlarda gadymy Wawilonda Arkad atly tüçjar baý ýaşapdyr. Hemme ýerde onuň baýlygy hem jomartlygy hakdaky gürrüňler dilden-dile geçipdir. Maşgalasyny bol-telki ýaşadypdyr, mätäçlere eli açyk bolupdyr. Şeýle sahy bolsa-da, baýlygy egsilmändir, puly näçe köp hem tiz-tizden sowdugyça, ol şonça-da tiz artypdyr.
Bir gün çagalyk dostlary onuň ýanyna gelip, şeýle diýipdirler:
— Arkad, sen biziň barymyzdan rysgally ekeniň. Wawilonda senden baý adam ýok, biziň weli gara günümiz gaýgy. Sen iň owadan lybaslary geýip, iň şirin hem seýrek tagamlardan datýarsyň. Biz weli tapanymyzy iýýäs, geýýäs.
Ýöne ozal senem biz ýalydyň ahyr. Bir mugallymdan bilim aldyk. Bile oýnadyk. Okuwda-da, oýunda-da bizden üýtgeşik ýeriň ýa-da şäher içinde bizden artyk abraýyň ýokdy.
Bizden köp der dökmediň, işiňem biziňkiden agyr däldi. Ýöne näme üçin bir seniň edeniň ugruna bolup, gum diýip garbanyň gyzyla öwrülip, biziň gyzyl diýip ýetenimiz gum bolup çykýar? Bizem-ä baý bolmagy senden kem arzuw eden däldiris. Seň bagtyň getirdi, işiň şowuna. Islän eşretiňden binesip bolaňok.
Arkad olara garşy çykdy:
— Ýaşlyk ýyllarymyzdan bäri diňe ölmez-öde ýaşamaga ýeterlik pul gazanmagyňyz, ýa-ha baýlyk toplamagyň kanunlaryny bilmeýäniňiz, ýa-da bilseňizem, berjaý etmeýäniňiz zerarlydyr.
Şowlulyk hiç haçan hiç kime-de hemişelik ýaran bolanok. Tersine, ol ýeňil baýan, şowuna düşüp, altyna ýetenleri heläk edýär. Ol gerekmejek çykdajylara iterip, baýlygy isrip edýär. Onsoň şowlulyk bilen baýan adam bar zadyny elden gidirensoň, baýlyga öwrenişen nebsi bilen, zar-zelil halda, mätäçlikde galýar. Pul-püçegi bar wagty ondan peýdalanan adamlar bolsa, öwezine zat gelmejegini bilip, öz zatlaryny ondan gizlärler. Üstesine-de, mydama talaňçylardan gorkup ýörensoňlar, durmuş olara garaňky hem bimany ýaly görner.
Elbetde, azapsyz altyn gazanyp, ömrüniň ahyryna çenli bagtly, ýaşaýşyň eşretini duýup ýaşaýanlaram bar. Emma olar juda az, özüm-ä olar ýaly adamy gözüm bilen görmedimem, diňe eşitdim. Ur-tut baýan adamlary, uly emläk miras alan kişileri ýatlaň, men hak aýdypdyrynmy ýa-da nähak, özüňiz pikir edip göräýiň.
Arkadyň aýdanlaryny dostlary makullady. Baýlygy miras alan tanaýanlary babat¬da bu gürrüň dürsdi. Nädip uly baýlyk toplandygyny soranlarynda, Arkad ýene gürrüňini dowam edip başlady:
— Ýetginjekkäm islegimi kanagat¬landyrýan, bagt eçilýän köp zatlaryň barlygyna gözüm ýetdi. Olary diňe baýlyk bilen gazanyp boljakdygyna oňat düşünýärdim. Baýlyk — uly güýç. Bu güýç bilen köp iş bitirip bolýar. Öýüňi iň gowy öý-goşlary bilen bezäp bolýar. Deňizde alys kenarlara tarap ýüzüp bolýar. Çet ülkeleriň datly tagamlaryn¬dan iýip bolýar. Zergärleriň iň ajaýyp şaý-seplerini alyp bolýar. Belent ybadat-hanalary gurup bolýar. Göwnüňe rahat¬lyk berjek, duýgularyňy kanagatlandyr¬jak başga-da köp zatlary edip bolýar.
Şu hakykata düşünemsoň, ýaşaýyş eşretinden öz paýymy hökman al¬maly diýen pikire geldim. Özgeleriň bolçulygyna, şatlanyşyna keseden syn edesim gelmedi. Eleşan egin-eşikleri däl-de, gowy lybaslary geýmek isledim. Pukaranyň täleýine kaýyl bolasym gel¬medi. Durmuşyň toý-baýramynyň hor¬matly myhmany bolmak isledim.
Siz gowy bilýäňiz-ä, kakam pa¬hyr agyr maşgalanyň keşigini zordan çekýän, gününi ýetde-gütde aýlap ýören söwdagärdi. Ne atamdan miras galan baýlygym, ne-de gowy gazanjym bardy. Isleýän zatlaryma eýe bolmak üçin wagt hem bilim gerekdi.
O döwürde meniň üçin wagtdan bol zat ýok. Baýajak bolsaňyz, şoňa ýeterlik wagt sizde-de gyt bolan däldir. Emma öz aýdyşyňyz ýaly, häzir maşgalaňyzdan başga buýsanara zadyňyz ýok.
Bilim iki hili bolýar diýip, dana mu¬gallymymyz aýtmanmydy näme: biri mekdepde öwrenip ýat tutýanymyz, beýlekisi bolsa bilmeýän zatlarymyzy nireden tapyp boljagyny salgy berýän tejribe.
Şonuň üçin baýamagyň ýoluny öwrenip, ony maksat edinerin diýdim. Ýagty jahanda dirikäk ýaşaýşyň lez¬zetinden nesibeli bolmak dogry dälmi eýsem?! Başga dünýä gitmeli çagymyz ýanymyza gaýgy-hasratyň öz-özi geler.
Ilki ýazgylar edarasyndan iş tapyp, mürze bolup işe başladym. Uzakly gün palçykdan ýasalan ýazgylaň üstünde işleýärdim. Işläp ýörşüme hepde yzyna hepde, aý yzyna aý geçýärdi. Üýtgeşik gazanýan zadymam ýok. Gazananym iýmite, geýim-gejime, Hudaý ýoluna edýän sadakalaryma, başga-da ýady¬ma düşmeýän ownuk-uşak hajatlara gidýärdi. Baýamak höwesi welin günüme goýmady.
Bir gün şäher häkiminiň öýüne pul¬dar Algamiş gelip, maňa Dokuzynjy kanunyň sanawyny buýurdy. Ol maňa seredip:
— Iki günde taýýar etmeli. Eger ýetişseň, men saňa iki mis şaýy bererin – diýdi.
Azap edip işledim. Emma kanun uzyn bolansoň dynyp bilmedim. Algamiş gelende-de ýazyp otyrdym. Gahary gel¬di. Eger onuň guly bolan bolsam, ýen¬jerli görünýärdi. Şäher häkiminiň maňa degdirmejegine gözüm ýetensoň, gork¬madym. Men:
— Algamiş, sen juda baý adam. Meniňem baýasym gelýär. Nädip baýamalydygyny aýtsaň, şu gije bilimi ýazman, ertir irdene çenli ýetişdireýin – diýdim.
Ol ýylgyrdy-da, şeýle diýdi:
— Haý, sen ýüzi galyň diýsänim. Ýöne bu şert üçin aýtmaga men razy.
Bilim üzülere gelip, pelteli çyraň tüssesinden ýaňa başym aýlanyp, gözüm garaňkyrasa-da, uzak gije palçyk ýazgylary iş edindim. Ol irden gelende hemme ýazgy taýýardy.
— Indi söz beren zadyňy gürrüň ber – diýdim.
— Şertimize görä, sen öz borjuňy bitirdiň, oglum. Menem sözümde ta¬pylaryn. Bilmek isleýän zatlaryň bary¬ny gürrüň bermäge taýýar. Men indi garradym, garry adam bolsa lakgylda-magy gowy görýär. Ýaşlar garrylaryň ýanyna maslahata gelseler, ýyllarboýy toplanan tejribeden paý alýarlar. Ýöne käte ýaşlar gojalarda diňe geçen ýyllaryň paýhasy bardyr öýdýärler. Ýadyňda bolsun: şu günki nur saçyp duran Gün seniň kakaň doglanynda-da nur saçyp durdy, seniň soňky neberäň dünýesini täzeläninde-de, ony şu Gün ugradar.
Ýaşlaryň pikiri gije süýnýän ýyldyzlaryň ýalpyldysy ýalydyr. Gojalaryň paýhasy bolsa deňizçilere ýol görkezýän ýyldyzlar kimin hemişe üýt¬gewsiz nur saçyp durandyr.
Meni gowja diňle, eger sen öwretjek hakykatymy süňňüňe siňdirmeseň, onda gije ýatman çeken azabyňy puç boldy hasap edäýgin.
Ösgün gaşlarynyň astyndan siňe seretdi-de, pessaý ses bilen gürledi:
— Men baýlyga barýan ýoly gaza-nan pullarymyň bir böleginiň özüme degişlidigini bilenimden soň tapdym. Ony senem tapyp bilersiň.
Ol ýiti nazary bilen bakyp oturşyna, soň hiç zat gürlemedi.
— Bary şumy? – diýdim.
— Çopanyň ýüregini puldar ýürege öwürmäge şu-da ýeterlik bolupdy – diýip jogap berdi.
— Gazanýan zadym şeýle-de maňa degişli ahyr.
Algamiş al-petimden aldy:
— Asla beýle däl. Eýsem sen tikinçä pul töläňokmy? Geýýän çepegiň üçin köwüşçä näme berýäň? Iýýän iýmitiň mugtmy nä? Sen Wawilonda çykdajy et¬män, ýaşap bilmersiň ahyr. Soňky aýda¬ky gazanjyň näçesini harçladyň? A ýyl¬da näçe sowduň? Akmak! Sen özüňden başga çem gelene pul berýäň. Ähli gazanýanyň başgalara gidýär. Bar onda, git-de, gara günüň guly bol, iýjegiňe-geýjegiňe ýeter diýip hojaýynyň berýän hakyna kaýyl boluber. Eger sen gazanjyň, iň bolmanda, ondan birini özüňe goýan bolsaň, on ýylyň içinde näçe pul ýygnardyň?
Arifmetika bilimim ýüzügara etmedi, dessine jogap berdim:
— Bir ýylda gazanýanymy ýygnardym.
— Bu diňe dogry jogaba degişli böle¬gi. Seniň ýygnan her bir altyn teňňäň guluňa öwrülip, seň üçin işläp başlaýar. Onuň getirýän her bir mis şaýy seň guluň ogly bolup, o-da seň haýryňa işleýär. Eger iru-giç baýaýsaň, ähli top-lan baýlygyň seň üçin pul gazanyp, seni isleýän eşretiňe ýetirer.
Gije ýatman çeken zähmetiň üçin men seni aldandyryn öýdýäňmi? Eger kelläň işleýän bolsa, saňa aýan eden hakykatym bilen, men saňa müň esse köp töledim.
Gazanýanyň bir bölegi saňa degişli, senem ony hökman saklamaly. Näçe girdejiň barlygyna garamazdan, ýygna¬jak bölegiň gazanjyň ondan birinden az bolmasyn. Köp ýygnap bilseň has gowy. Gazandyňmy, ilkinji nobatda özüň bilen hasaplaş. Tikinçä-de, köwüşçä-de özüňe aýyrýanyňdan köp töleme. Azyk üçin, haýyr-sahawat, sadaka üçinem pul goýmagy ýatdan çykarma.
Baýlyk kiçijek tohumdan şine ýaryp, gögerýän daragt mysalydyr.
(dowamy bar...)
26
70
tyllayev_allanur
07.01.2024 22:25
Ýaş suratkeş 100 sagatlyk žiwopis marafonyny gurnap, on ýyl mundan öňki iň dowamly surat çekiş boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Nigeriýadan ABŞ-a gelen Çensellor Ahagotu 2013-nji ýylda 60 sagatlap surat çeken Roland Palmaýerts tarapyndan goýlan öňki rekorddan geçdi.
Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherindäki Sungat we dizaýn kollejiniň ikinji ýyl talyby, rekordyň şertlerine görä, ýa-ha bir uly suratyň üstünde işlemelidi, ýa-da birnäçe surat döretmelidi, şol bir wagtyň özünde şekil düşnükli bolmaly – abstraksiýa ýol berilmeýär. Dört günüň dowamynda ýaş ýigit dürli zatlary – meşhur adamlary, azyk önümleri, ösümlikleri, haýwanlary we ş.m. şekillendirýän 106 eseri döretdi.
Dowamly marafonlaryň düzgünlerine laýyklykda, ol her bir sagat üznüksiz işden soň bäş minutlyk dynç alyp bilýär. Bu berlen wagtyň dowamynda hajathanadan peýdalanmak, naharlanmak ýa-da ýatmak bolýar.
Ilkibaşda Çensellor sagatda bir surat döretmegi meýilleşdiripdi, şonuň üçin marafon başlamazdan ozal eskizli 100 surat taýýarlady. Ýöne surat çekme wagty taslanan işleri birnäçe sagatda tamamlady, şol sebäpli galan wagty toslamaly boldy. Onuň soňky suraty halys ýadan adamyň keşbini saklaýar diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynda aýdylýar.
28
96
tyllayev_allanur
05.01.2024 20:19
Köp girdeji, aýyrmak, az çykdajy, deňdir tygşytlanan pul. Bu kesgitleme, köp adamlaryň pikrine mahal-mahal gelip durýar. Bu kesgitlemäni durmuşa geçirmek üçin, maşgala býujetinde ýa-da şahsy býüjetde, meýilleşdirme, çykdajylaryň gözegçiligi we seljerme ýaly birnäçe hereketleri amala aşyrmak zerurdyr. Biz bu makalda hakykatdan hem pulyny hakyky tgşytlamak isleýän adamlara kömek bolar diýen umyt bilen ýazmagy makul bildik.
Girdejiler barada aýtsak, bu adamynyň bilimine, başarjaňlygyna, ýa-da durmuşda saýlap alan kärine hem-de hünärine baglydyr. Bu makala girdeji barada dälde, tygşytlylyk barada bolar. Dowam edeli;
1. Hasabat ýörediň
Häzirki wagtda, ýurdymyzyň ýaşaýjylarynyň aglaba böleginde internede birikdirilen smartfonlar bar. Iňlis dilinden «Smartphone» sözi, Akylly telefon diýilip terjime edilýär. Diýmek, biz bu enjamyň aklyndan peýdalanmaly. Iňlis we Rus dillerinde internediň gözleg ýerine “masgala býjeti” ýa-da “şahsy býjeti ýöretmek” diýip ýazsaňyz, size intrenet onlarça taýýar telefon priloženiýalary tapar. Bu priloženiýalarda ähli zatlar göz öňünde tutulan, ulanyjy diňe barmaklary bilen gerekli düwmeleri basyp çykdajylary girizýär. Aýyň soňunda bolsa ýygnalan maglumatlar esasynda pullaryň nirä sowulandygy baradaky hasabatlara seredýär.Çykdajylaryňyzy yzarlamagyň bu usuly iň amatly we oňaýly usuldyr. Bu usuly şu günden ulanyp başlamak bilen, Tejribede bu nähili görüner?:
2. Satyn almaga gitmezden ozal alynjak harytlaryň sanawyny ýazyň
Satyn almaga gitmezden ozal alynjak harytlaryň sanawyny ýazyň, şol sanawdan çykmazlyga synanşyň. Bu näme üçin gerek? Siz marketologlaryň toruna düşmezligiňiz üçin gerekdir. Bilişiňiz ýaly häzirki wagtda harytlaryň bolçylyk döwri zat satyn almaklyk gaty gyzykly we güýmenjeli, söwda merkezlerine, marketlere ýa-da bazara gireniňizde jübiňiziň nädip boşanyny duýman galarsyňyz, sanawdaky gerekli harytlar bolsa alynman galar.
3. Çykdajylar her dürli bolýar
Çykdajylaryňyzy öňünden meýilleşdiriň. Meýileşdirmek aňsat bolmasy üçin çykdajylary ikä ýagny hemişelik we üýtgäp durýan çykdajylara bölüň. Hemişelik çykdajylar üçin - kommunal tölegleri, iýmit, telefon, internet we şoňa meňzeş tölegleriň möçberini öňünden aýyryp goýuň. Üýtgäp durýan çykdajylara - bolsa arasynda gerekli bolan çykdajylar üçin niýetläň. Şeýlelikde siziň eliňizde galýan artykmaç pullary tygşytlama we toplama mümkinçiligi dörär.
4. Maşgala buhgalterini belläň
Egerde maşgalada birnäçe adam işleýän we ýaşaýan bolsa, onda olaryň jemlenýän girdejisi we çykdajysy bar. Bu ýagdaýda ähli girdejiler we çykdajylar bir adamyň elinde jemlense amatly we tygştly bolýar. Maşgala ýygnagynda maşgala agzasynyň birini buhgalter edip bellemeklik hojalygyň maliýe işlerinde ykdysady bähbit getirer.
5. Tehnologiýalar bilen dostlaşyň
Tehnoloigiýalar biziň durmuşymyzy gurşap aldy. Eger biz olar bilen dostlaşsak onda wagtymyzy hem-de pulymyzy tygşytlarys. Mysal, eger siz öýjükli telefon ulanýan bolsaňyz, “Altyn Asyr” operatory öz abonentleri üçin her - hili amatly tarifleri teklip edýär, bularyň hemmesini oturan ýeriňizden internediň üsti bilen yzarlap bu tariflere geçip bilersiňiz . Bir tarifi mysal alsak, aýda abonentlik tölegi 20 manat bolan tarif size aýyň dowamynda 1000 minut + 200 mb internet + 300sms mümkinçiligi berýär.
Eger “Altyn Asyr” plastik kartyňzyň üsti bilen Internet-bank hyzmatyny peýdalanan ýagdaýyňyzda, otyran ýeriňizden kommunal we gary tölegleri tölemäge mümknçilik alarsyňyz.
6. Bilimiňizi artdyryň
Gitmek hem-de gelmek pulyň funksiýasydyr. Egerde siz maliýe taýdan sowatly bolsaňyz pullary kynçylyksyz dolandyryp bilersiňiz.
Puly tygşytlamak barada kimde nähili pikirler bar? Teswirlerde öz pikirleriňizi ýazyp bilersiňiz!
29
40
tyllayev_allanur
05.01.2024 13:40
Telekeçilik işiniň hem-de başga görnüşdäki işleriň obýektlerine goýum edilip goýulýan, şonuň netijesinde hem peýda (girdeji) alynýan ýa-da durmuş netije gazanylýan emläk we intellektual (ruhy) gymmatlyklaryň hemme görnüşi maýa goýumlar diýlip hasaplanylýar.
Şeýle gymmatlyklara aşakdakylar degişlidir:
🔸️pul serişdeleri, belli maksat üçin niýetlenen bank goýumlary, paýlar, paýnamalar we beýleki gymmatly kagyzlar;
gozgalýan we gozgalmaýan emläk (jaýlar, desgalar, enjamlar hem-de beýleki maddy gymmatlyklar);
🔸️awtorlyk hukugyndan gelip çykýan emläk hukugy, “nou-hau” tejribesi (guramaçylyk, ylmy-tehniki, tehnologiki, täjirçilik bilimleri) hem-de beýleki intellektual gymmatlyklar;
ýerden hem-de beýleki tebigy baýlyklardan peýdalanmak hukugy, şeýle hem beýleki emläk hukuklary;
beýleki gymmatlyklar.
Esasy gaznalary artdyryp, täzeläp durmakda maýa goýumlar düýpli maýa goýumlary görnüşinde amala aşyrylyp bilner.
Maýa goýum işi
- Maýa goýum işi diýlende döwletiň, fiziki we ýuridiki taraplaryň maýa goýumlary durmuşa geçirmek barada edýän praktiki hereketleriniň tutuş jemine düşünilýär.
- Maýa goýum işi şu aşakdakylar esasynda amala aşyrylýar:
eýeçiligiň haýsy görnüşine degişlidigine garamazdan, fiziki taraplaryň, hojalyk assosiasiýalarynyň, jemgyýetleriň we şereketleriň, şeýle hem jemgyýetçilik we dini guramalaryň, gaýry ýuridik taraplaryň amala aşyrýan maýa goýmak işi esasynda;
Türkmenistanyň häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerli döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan býujet serişdeleriniň, býujete degişli däl gaznalaryň hem-de karz serişdeleriň hasabyna, şeýle hem döwlet kärhanalary we edaralary tarapyndan öz serişdeleriniň hem-de karz serişdeleriň hasabyna döwletiň amala aşyrýan inwestirleme işi esasynda;
daşary ýurt döwletleriniň, ýuridiki we fiziki taraplaryň şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň amala aşyrýan maýa goýmak işi esasynda;
Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň, ýuridiki hem-de fiziki taraplaryň, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlaryň bileleşikli amala aşyrýan maýa goýmak işi esasynda.
Maýa goýum işiniň obýektleri
Maýa goýum işiniň obýektlerine hojalyk işiniň ähli pudaklarynda we ugurlarynda täzeden döredilýän hem-de döwrebaplaşdyrylýan (täzelenýän) esasy gaznalar we dolanyşyk serişdeleri, gymmatly kagyzlar, belli maksada niýetlenen pul goýumlary, ylmy-tehniki önümler, intellektual gymmatlyklar, beýleki eýeçilik obýektleri, şeýle hem emläk hukuklary girýär.
Eger döredilýän we ulanylýan obýektler ýer titremesine (seýsmiki taýdan) çydamlylygy, ýangyn partlama howpsuzlygy baradaky kadalara, sanitariýa-gigiýena, ekologiýa we şäher gurluşygy baradaky talaplara laýyk gelmeýän bolsa, raýatlaryň, ýuridik taraplaryň we döwletiň kanun arkaly goralýan hukuklaryna we bähbitlerine zyýan ýetirýän bolsa, şeýle obýektlere maýa goýmak gadagan edilýär.
Maýa goýum işiniň subýektleri
- Daşary ýurt döwletleriniň fiziki hem-de ýuridik taraplary, şeýle hem gös-göni şol döwletleriň özleri maýa goýum işiniň subýektleri (maýa goýujylary we oňa gatnaşýanlar) bolup bilerler.
- Hususy, karz alnan we çekilen emläk hem-de intellektual gymmatlyklary goýuma goýmak hakynda kararlary kabul edýän maýa goýum işiniň subýektleri ‒maýa goýujylar bolup durýarlar. Maýa goýujylar goýumçylar, algydarlar, satyn alyjylar hökmünde çykyş edip, şeýle hem maýa goýum işine gatnaşýan her bir subýektiň wezipesini ýerine ýetirip bilerler.
- Maýa goýumlaryň buýurmalary ýerine ýetirijiler hökmünde ýa-da maýa goýujyň tabşyrmagy esasynda amala aşyrylmagyny üpjün edýän Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň fiziki we ýuridik taraplary maýa goýum işine gatnaşýanlar hasaplanýar.
Çeşme: “Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny
28
45
tyllayev_allanur
31.12.2023 11:08
Salam hemmäñizi ýetip gelen täze ýylyňyz gutly bolsun güler ýüzüňiz hiç wagt solmasyn! Mydam gülüp geziň aljagyňyz alkyş, görjegiňiz gowluk iýjegiňiz süýjülik bolsun! Ähli arzuw niýetleriňize ömrüňizden beýik bolan biribarymyz hasyl eýlesin. Iň agyr ýüküñiz abraýyňyz bolsun! Sagdyn ömrüňiz, süýji durmuşuňyz, bagtyýar nesliňiz, mynasyp ýaryňyz, göternip biljek baýlygyňyz, agzybir maşgalaňyz bolmagyny isleýän. Size geljekde tapylmaýan, tapylsada satylmaýan bagt arzuw edýän! Mydama söýlüp ýaşaň. Her gün säher bilen dogýan gün size bagt, şatlyk, rowaçlyk getirsin! Işiňizde maşgalaňyzda, durmuşyňyzda, üstünlik, abraý, rowaçlyk arzuw edýän! Arzuwlarňyza ýetiň! Täze 2024-nji balyk ýylyňyz gutly bolsun!🎄🎁🎉
31
68
tyllayev_allanur
23.11.2023 20:34
Wombatlar Awstraliýada ýaşaýan süýdemdirijiler klasyna degişli bolan haýwandyr. Olar daşky görnüşi boýunça ownuk aýylara ýa-da uly hamsterlere meňzeýärler. Bedeniniň gurluşy we aýry-aýry bölekleri nukdaýnazaryndan onuň koala bilen köp umumylygy bar, ýöne olaryň gatnaşygy gaty uzakdyr.
Bedeniniň uzynlygy 70-130 sm, agramy bolsa 20-40 kg aralygyndadyr. Ýöne ýitip giden wombatlaryň arasynda bedeniniň ululygy we agramy boýunça ondan hem ululary bolupdyr. Wombatlaryň bedeni galyň we ykjamdyr. Kellesi uly, gapdallary birneme tekizlenen ýaly görünýär, gözleri we gulaklary kiçi hem-de tegelekdir. Adatça olaryň burunlary tüýsüz bolýar, emma olaryň arasynda burunlary tüýlüleri hem duş gelýär. Guýruklary gysga, elleri we aýaklary güýçli, bäş barmakly, olardan daş tarapda ýerleşen dördüsi ýer gazmak üçin uýgunlaşan uly dyrnaklar bilen örtülen. Onuň tüýleri ýaşaýan ýerine baglylykda goňur, çal ýa-da goýy reňkde bolup bilýär.
Wombatlaryň eňekleri we dişleri gemrijiler bilen meňzeşdigini görkezýär. Olaryň eşidijiligi we ys alyjylygy gaty oňat ösen. Ýöne olar gowy görüp bilmeýärler. Bu haýwanlar daşyndan ýalta görünýändiklerine garamazdan örän çalt we çalasyndyrlar. Olar howpdan gutulmak üçin örän çalt bökýärler, agaja aňsatlyk bilen çykyp ýa-da howuza çümüp bilýärler. Olar sagatda 40 km tizlik bilen ylgaýarlar, käbir halatlarda gysga aralyklara bökende olaryň tizligi 60 km/sag tizlige çenli hem ýetip bilýär.
30
204
tyllayev_allanur
22.11.2023 14:55
Ýokary derejeli superkarlar barada aýdylanda, Bugatti, Ferrari we Rolls-Royce ýadyma düşýär. Galyberse-de, bu kompaniýalar dünýäniň iň gymmat, iň çalt we iň owadan awtoulaglaryny öndürip, özlerini pudak ýolbaşçylary hökmünde görkezdiler.
Bugatti Centodieci - $ 9,000,000
Bugattiniň 110 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan Centodieci modeli bary-ýogy 10 nusga bilen çäklenýär. Diýmek, ýolda şuňa meňzeş modeli görmek ähtimallygyňyz ýok.
Bugatti Chiron Profili - $ 10,800,000
Başga bir Bugatti eseri. “Chiron Profilée” klassiki “Chiron” -dan kän bir tapawutlanman biler, ýöne esasy artykmaçlygy özboluşlylygydyr.
“Rolls-Royce Sweptail” - 12,800,000 dollar
13 million dollar bilen “Rolls-Royce Sweptail” öz döwrüniň iň gymmat awtoulagydy. Şondan bäri modeliň bahasy birneme arzanlasa-da, bu henizem ajaýyp bolmagyny bes etmeýär.
“Bugatti La Voiture Noire” - 13,400,000 dollar
Seýrek duş gelýän “Bugatti La Voiture Noire” markanyň taryhdaky iň gymmat awtoulagdyr. Bularyň hemmesi 1479 at güýji 8 litrlik dört turbo görnüşli V16 hereketlendirijisini, täze tigirleri we özboluşly, özüne çekiji aýratyn fasiýany öz içine alýan ýörite bukjasyna gelýär.
“Rolls-Royce” Boat Tail - 28,000,000 dollar
2017-nji ýyldaky Sweptail-iň mirasdüşeri bolan “Boat Tail” özboluşly daşky, ýokary hilli içki bezegi we hatda şampan holodilnigi we gün örtügi bilen “hosting toplumy” bar.
Çeşme:
www.Daryo.uz
21
27