Ýaş suratkeş 100 sagatlyk žiwopis marafonyny gurnap, on ýyl mundan öňki iň dowamly surat çekiş boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Nigeriýadan ABŞ-a gelen Çensellor Ahagotu 2013-nji ýylda 60 sagatlap surat çeken Roland Palmaýerts tarapyndan goýlan öňki rekorddan geçdi.
Jorjiýa ştatynyň Atlanta şäherindäki Sungat we dizaýn kollejiniň ikinji ýyl talyby, rekordyň şertlerine görä, ýa-ha bir uly suratyň üstünde işlemelidi, ýa-da birnäçe surat döretmelidi, şol bir wagtyň özünde şekil düşnükli bolmaly – abstraksiýa ýol berilmeýär. Dört günüň dowamynda ýaş ýigit dürli zatlary – meşhur adamlary, azyk önümleri, ösümlikleri, haýwanlary we ş.m. şekillendirýän 106 eseri döretdi.
Dowamly marafonlaryň düzgünlerine laýyklykda, ol her bir sagat üznüksiz işden soň bäş minutlyk dynç alyp bilýär. Bu berlen wagtyň dowamynda hajathanadan peýdalanmak, naharlanmak ýa-da ýatmak bolýar.
Ilkibaşda Çensellor sagatda bir surat döretmegi meýilleşdiripdi, şonuň üçin marafon başlamazdan ozal eskizli 100 surat taýýarlady. Ýöne surat çekme wagty taslanan işleri birnäçe sagatda tamamlady, şol sebäpli galan wagty toslamaly boldy. Onuň soňky suraty halys ýadan adamyň keşbini saklaýar diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynda aýdylýar.