tyllayev_allanur
23.11.2023 20:34
Wombatlar Awstraliýada ýaşaýan süýdemdirijiler klasyna degişli bolan haýwandyr. Olar daşky görnüşi boýunça ownuk aýylara ýa-da uly hamsterlere meňzeýärler. Bedeniniň gurluşy we aýry-aýry bölekleri nukdaýnazaryndan onuň koala bilen köp umumylygy bar, ýöne olaryň gatnaşygy gaty uzakdyr.

Bedeniniň uzynlygy 70-130 sm, agramy bolsa 20-40 kg aralygyndadyr. Ýöne ýitip giden wombatlaryň arasynda bedeniniň ululygy we agramy boýunça ondan hem ululary bolupdyr. Wombatlaryň bedeni galyň we ykjamdyr. Kellesi uly, gapdallary birneme tekizlenen ýaly görünýär, gözleri we gulaklary kiçi hem-de tegelekdir. Adatça olaryň burunlary tüýsüz bolýar, emma olaryň arasynda burunlary tüýlüleri hem duş gelýär. Guýruklary gysga, elleri we aýaklary güýçli, bäş barmakly, olardan daş tarapda ýerleşen dördüsi ýer gazmak üçin uýgunlaşan uly dyrnaklar bilen örtülen. Onuň tüýleri ýaşaýan ýerine baglylykda goňur, çal ýa-da goýy reňkde bolup bilýär.

Wombatlaryň eňekleri we dişleri gemrijiler bilen meňzeşdigini görkezýär. Olaryň eşidijiligi we ys alyjylygy gaty oňat ösen. Ýöne olar gowy görüp bilmeýärler. Bu haýwanlar daşyndan ýalta görünýändiklerine garamazdan örän çalt we çalasyndyrlar. Olar howpdan gutulmak üçin örän çalt bökýärler, agaja aňsatlyk bilen çykyp ýa-da howuza çümüp bilýärler. Olar sagatda 40 km tizlik bilen ylgaýarlar, käbir halatlarda gysga aralyklara bökende olaryň tizligi 60 km/sag tizlige çenli hem ýetip bilýär.
30
204
paradisem
26 Noýabr 2023
Yaryš sanalgy minutlar galdy yaryşa gija galman
paradisem
26 Noýabr 2023
Meñ soñky postuma gelayyin
tyllayev_allanur
23 Noýabr 2023
@Bitter, post öçürmegiňi maslahat berýän hemmemize paydaly bolar
tyllayev_allanur
23 Noýabr 2023
@Bitter, nc yyl siz?
tyllayev_allanur
23 Noýabr 2023
@Bitter, hä bolýa👍
tyllayev_allanur
23 Noýabr 2023
@Bitter, öz islegiňiz maňa tapawudy ýok
tyllayev_allanur
23 Noýabr 2023
@Bitter, howwa gyzyklanýan ýöne haýwanlar hakda goýamokdym
tyllayev_allanur
23 Noýabr 2023
@Bitter, olam bolup biler herkimiň düşünjesi gyzyklanmalary herhili ýöne adamlardan haýwanlar gowy diýip pikir edýän. Näme üçin durmuşyňyz gyzykly däl her bir sekunt minutyňyzyň gadryna ýetip wagtyňyzy gyzykly zatlara geçiriň durmuşyňyz gyzykly we bagtly bolarsyňyz:)
tyllayev_allanur
23 Noýabr 2023
Ýöne men bu posty limitim boş geçmesin diýip paýlaşaýdym näme goýjagymy bilmedim
tyllayev_allanur
23 Noýabr 2023
@Bitter, men gyzyklanyan haýwanlary gowy görýän siz gyzyklanmaýarsyňyzmy? Halaňzokmy?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.