tm_girl
27.11.2023 00:49
Iki dost ýylgyryp geçdiler çete,
Diýdi "Dost kakamda ulag bolsady"
Beýleki dost diýdi gam-gussa bilen
"Ulagsyz bolsada kakam bolsady".
25
127
tm_girl
23.11.2023 18:45
BAGT NÄME?

Bagt näme diýip beryäñmi sowal?
Özä maña şeýle eşdildi owaz

Bagt dälmi bu dünýäde bolmagyñ
Bagt dälmi gürläp eşdip bilmegiñ

Bagt ahyr görýän bolsa dideleñ
Körä şondan özge bagtam idemez

Bolmasa bolmasyn akja mersedes
Agsak üçin sagdyn aýaklaram bes

Soñkydan aýfonyñ bolmasa eger
Kemsinme ejeñden jañ gelse ýeter

Bagt däl dört gatly jaýyñ bolmagy
Bagt barja çatmañ mähre dolmagy

Diýjek bolýan zadym üýtgeşik zat däl
Pul bilen tapylýan zatlar bagt däl

Bagt bar zadyña etmekdir şükür
Bagty Alla diñe şükürden ýeti:r.


Myrat Adalakow.
25
49
tm_girl
23.11.2023 14:35
BALYK IÝMEGIÑ PEÝDASY.

🐟Belogyň ajaýyp çeşmesi bolan balygyň ýokumlylygy, görnüşine baglylykda üýtgeýär. Balygyň ortaça 100 gramynda takmynan 19,5 gram belok bar. Iýmit belogy myşsalary berkitmek we süňkleri sagdyn saklamak üçin zerurdyr. Çagalaryň süňkleriniň kadaly ösmegi üçin zerur mukdarda belok iýmek saglyk üçin möhümdir.

🐟Balyklaryň ýokumlylygy we düzümi görnüşine baglylykda üýtgeýär. Polýar ýa-da losos ýaly balyklarda köp mukdarda omega-3 bar we bedenimiz üçin zerur ýag kislotalary bar. Adam bedeni olary öndürip bilmeýändigi sebäpli, olary iýmit bilen almaly bolýar.

🐟Balyk şeýle hem seleniň, ýodyň we D witaminiň baý iýmit çeşmesidir. Selen immun ulgamyny güýçlendirýär we tiroidiň işlemegine kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, selen sagdyn saçlar we dyrnaklar üçin zerur iýmit çeşmesidir.

🐟Soňky ýyllarda D witaminiň ýetmezçiligi bütin dünýäde we Ýewropada möhüm meseläniň biri bolup durýar. D witamini myşsalaryň işleýşini, immunitet ulgamyny, süňkleri we dişleri saklamak üçin zerurdyr.
17
11
tm_girl
22.11.2023 08:46
ÝUMURTGANYÑ PEÝDASY.🥚

🍳Ýumurtga örän peýdaly önüm. Ol özünde birnäçe peýdaly zatlary jemleýär. Ýumurtganyň adam bedenini arassalap bilmek ukyby bar we ondan holesterini, ýagy hem-de beýleki zyýanly zatlary bölüp çykarýar. Ýumurtganyň agy bolsa, myşsalar üçin iň gowy “gurujy material” bolup hyzmat edýär.

🥚Ýumurtga – iýmitlendiriji mikroelementleri we maddalary özünde jemleýän özboluşly iýmit. Onuň belogynyň özüniň peýdasy boýunça balygyňkydan we etiňkiden öňe geçýändigini bilýän az-azdyr. Ýumurtgada nerw merkeziniň işine oňaýly täsir edýän ýarym witamin holin, şeýle-de özüniň antioksidantlary bilen tanalýan selen we lýutein saklanýar. Ýumurtga göreje gowy täsir edýär we kataraktanyň hem-de gözde ýaşyň ulalmagy bilen bagly bolup geçýän üýtgeşmeleriň öňüni alýar.

🍳Lukman-dietologlaryň sözlerine görä, ýumurtga iýmek artykmaç agrama garşy göreşmäge ýardam edýär. Çünki ol adamy uzak wagtyň dowamynda dok saklaýar. Iýmitiň düzümine girýän E witamini gan aýlanyş damarlarynyň we ýürek sistemasynyň saglygyna gözegçilik edýär, A witamini immunitetiň işine jogap berýär, D witamin dişiň we süňküň üçin peýdaly. Ýumurtga organizmi energiýa bilen doldurýan proteine baý. Şonuň üçin ony ähli türgenleriň rasionyna goşmagy maslahat berýärler.

🥚Ýumurtganyň ýokary derejeli holesterin sebäpli saglyga zyýan ýetirip bilýändigi barada hem pikir bar, ýöne ol örän jedelli. Köp dietologlar ony irdenki rasiona goşmagy we witaminleriň uly möçberini, şeýle-de kalsiýni, fosfory, sinki we demiri saklaýan ýumurtga sarysyndan gorkmazlygy maslahat berýärler. Bularyň ählisi saçyň, dyrnaklaryň we deriniň ýagdaýyna oňaýly täsir edýär.
22
62
tm_girl
21.11.2023 19:17
NALAÇ BABA ÝADYGÄRLIKLER TOPLUMY.

📌Üstýurt gyrynyň uzyn dilkaw şekilli bir çüňki ýurdumyzyň demirgazyk çäginde ýarym aýlaw şekilli uzap gidýär. Şol dilkaw şekilli gyryň içki bölegine Aýböwür diýilse, günorta gündogara uzap gutarýan bölegine Nalajyň gyry diýilýär. Şol ýerde Nalaç baba ady bilen gadymy gonamçylyk hem-de ýadygärlikler toplumy ýerleşýär.

📌Ýerli ilat Nalaç babany jykyry oýlap tapan, şonuň bilen gyryň üstüne suw çykaran adam hasaplaýar. Türkmen halkynyň arasynda Nalaç baba, ýene bir rowaýatda bolsa Noş pygamber jykyryň piri hökmünde bellidir. Halk arasynda aýdylýan rowaýatlara görä, Nalaç baba bir ugurda ýedi ýerde jykyr gurup, gyryň üstüne suw çykarypdyr, şol suw bilenem daýhançylyk edipdir.

📌Dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlüginde»: «Nalaç (näalaç) — «alaçsyz» diýmekdir, çünki gadym zamanlarda Hywa hany bir goja we onuň kowumlaryna gyryň üstünden ýer berýär. «Nä alaç edip, gyra suw çykaryp, ekin ekip bilerkäm?» — diýip, zeýrenýändigi üçin, ilat oňa Nalaç baba diýip at goýýar» diýlip bellenilýär. Nalaç baba 6-7 ýerde jykyr gurup, gyra suw çykarýar we ekin ekýär. Ýokarky delilden çen tutsaň, Nalaç baba onuň lakamy bolmaly.

📌Rowaýatlarda Nalaç babanyň uly pir, keramatly ulama, sahawatly daýhan bolandygy hakynda-da aýdylýar. Onuň aramgähiniň gapdalynda, gyryň etegindäki gowagyň içinde Gowsul Agzam piriň (Abdylkadyr Geýlanynyň) mazary bar. Abdylkadyr Geýlany Eýranyň Geýlan şäherinde 1077-nji ýylda doglup, 1166-njy ýylda Bagdat şäherinde aradan çykýar. Geýlany hukukçy, alym, uly pir bolupdyr. Onuň mazarynyň Nalaç babanyň ýanynda bolmagy hakynda dürli rowaýatlar bar. Ýokardaky deliller Nalaç babanyň Geýlany bilen döwürdeş bolup biljekdigi, onuň bilen gatnaşykda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky pikiri hyýalyňa getirýär. Getirilen mysallardan çen tutsaň, bu pirler hakyndaky maglumatlary ylmy taýdan doly öwrenmegiň gerekdigi öz-özünden düşnükli bolýar duruberýär.
22
65
tm_girl
20.11.2023 14:22

SAÇLARY BERKITMÄGE GÖNÜKDIRILEN IÝMITLER.


🐟Ýagly balyk-gyzyl balyk bolmasa islendik saç üçin tutulýan berhizler dogry diýlip hasaplanmaýar. Ol belok, demir, B12 witamininiň we omega-3 ýag kislotasynyň ajaýyp çeşmesidir.


🥦Gök otlar – ysmanak, brokkoli, ýaşyl noýba- A, С, K, demir elementlerine baý otlardyr. Demir we kalsiý elementleri saçlaryň ösmegine gowy täsir edýär.


🍗Guş eti – hindi towugy diňe bir belogyň däl , eýsem sinkiň hem ajaýyp çeşmesidir. Guş etinde adam bedenine zerur we aňsatlyk bilen siňýän demir elementi hem bardyr. Guş etiniň az ýa-da umuman iýilmezligi saçlaryň döwülegen bolmagyna getirýär. Guş etini işdäaçarlarda iýmek bilen köp mukdarda witaminleri kabul edip bileris.


🌰Hoz – özünde sink we selen elementlerini köp saklaýar .Bu elementler saç dökülmeginiň öňüni alýar we kelläniň saglygynda möhüm rol oýnaýar.


🍳Ýumurtga – iýmek islegi bolan adamlar üçin ýenede bir beloga baý çeşme. B12 we B7 witaminlere baý. Saçyň deriniň dyrnagyň saglygyna peýdalydyr. Hat-da çig ýumurtgany kelle agyrmasynyň öňüni almakda ýapgy hökmünde ulanýarlar.


🥛Süýt we süýt önümleri – süýt , kokteýl, kefir, gatyk beloga baý hasaplanýar. Süýtli önümleri halaýan adamlara olary köpräk günortan wagty içmek maslahat berilýär. Olar saçlaryň berkemegine, owadan bolmagyna getirýär.

24
31
tm_girl
19.11.2023 19:36
GÖZLI ATA.

📌Türkmenistanda zyýarat maksatly gelim-gidimli ýerleriň biri hem zyýarat syýahatçylygyna degişli bolan Gözli atanyň ýatan ýeridir. Gözli atanyň gubury Garagumda, Türkmenbaşy şäheriniň 150 kilometr demirgazyk-gündogarynda Çilmämmetgum bilen Akgyr dag ulgamynyň aralygynda ýerleşýär. Ol ýerde iki sany ýanaşyk duran kümmetiň biri Gözli atanyň beýlekisi bolsa, onuň ýanýoldaşy Aksuluw enäniň kümmetleridir. Dört reňkli, dört dagdan emele gelen tebigy gala bilen gurşalan oýuň içinde ýerleşýän bu keramatly ýere zyýarata gelýänleriň sany-sajagy ýok. Bu ýerde Türkmenistanyň ähli künjeginden, şeýle hem goňşy ýurtlardan gelýän zyýaratçylary kabul etmek maksady bilen myhmanhana we sadaka bermek üçin ähli şertler döredilen toplum gurulypdyr.

📌Aslyny dört çaryýarlaryň üçünjisi Hezreti Osmanyň öwlatlarynyň ilkinjisi Abdulla Ekberden alyp gaýdan, halkymyzyň arasynda Gözli ata ady bilen tanalýan Muhup Ibn Hasan XII-XIII asyrlarda ýaşap geçipdir. Ol atalaryň soňky neslibaşysydyr diýip ýazuw çeşmelerde ýatlanyp geçilýär. Gözli ata 1110-njy ýylda Horezmde dogulýar we dini mekdepde okaýar. Gözli atanyň Hoja Ahmet Ýasawynyň elinde okanlygy barada ýazuw gollanmalarda maglumatlar bar. Gözli ata Mangyşlak we Üstýurtda yslam dini okuwyndan ders berip başlaýar, şeýle hem sufi (sopuçylyk) mekdebine ýolbaşçylyk edýär. Ol ylym-yrfany we tarykat esaslaryny beýik Türküstan welisi Hoja Ahmet Ýasawydan öwrenipdir.

📌Gözli atanyň Nur ata, Omar ata, Ybyk ata (Ybraýym ata) diýen üç sany ogly, Aýsulu we Akbibi diýen iki gyzy bolupdyr. Häzirki zamanda Gözli atanyň üç oglundan bolan nesilleri Türkmenistanyň, Eýranyň, Garagalpagystanyň dürli welaýatlarynda ýaşaýarlar. Gyzlarynyň biri Gerkeze, beýlekisi bolsa ärsary taýpasyna gelin bolup gidýär we başga taýpa-tirelerde Gözli atanyň garyndaşlyk bagyny döredýärler. Gözli ata atalaryň şejeresinde 25-nji arkasy bolup, ol atalaryň iň soňky nesilbaşysy diýip hasaplanylýar.

📌Ýeri gelende belläp geçsek, täsin öňden görüjilik ukybynyň bolanlygy üçin halk oňa Gözli ata diýen lakamy dakypdyr. Onuň geljegi görüp aýdan zatlary haýran ediji takyklygy bilen amala aşypdyr.
23
62
tm_girl
18.11.2023 02:19
"BAGT DAŞY".

📌Asuda asmanyň reňki deýin mawy öwüsýän pöwrize daşynyň ady «ýeňiji, ýeňiş getirýän» diýmegi aňladýar. Şeýle-de pars dilinden terjime edilende «firusa» — «bagt daşy» diýen manyny hem berýär. Ol, köplenç, gögümtil-ýaşyl hem-de ýaşyl reňkde gabat gelýär. Tebigatda onuň üç reňkini aýratynlandyrýarlar: ak, mawy, ýaşyl. Ak pöwrize entek kämil çykmadyk «ýaş» daş, ýaşyl reňklisi demir goşundyly, mawy pöwrize bolsa, iň gymmat bahalysy hasaplanýar.

📌Pöwrize daşy örän ynjykdyr. Bilermenler ony beýleki şaý-seplerden aýry, atyrdyr kremleriň ýok ýerinde saklamagy maslahat berýärler. Gelin-gyzlar nahar bişirýärkäler hem pöwrize gaşly şaý-seplerini aýyrmalydyrlar. Gyzgyn howa, ýuwujy serişdeler, ösümlik ýagy pöwrizäniň reňkiniň solmagyna sebäp bolup biler. Pöwrizäni çyg mahmal desmal bilen arassalamaly.

📌Gadymy döwürlerde parslar pöwrizäni söýginiň daşy hasaplap, ony ýaş juwanlar bir-birine söýgüsini bildirmek üçin sowgat beripdirler. Orta asyrlarda käbir ýurtlarda gyzlar göwün beren ýigidini özüne çekmek üçin olaryň penjegine ýa-da köýnegine, umuman, islendik eşigine pöwrize daşynyň bölejigini tikipdirler. Şeýdilende, gyzlar söýgi daşynyň olaryň duýgularyna kanagatlanarly jogabyň berilmegine hemaýat etjegine ynanypdyrlar. Şol döwürlerde pöwrizäni gyzlaryň hem-de ýaş gelinleriň tumary hasaplapdyrlar. Ony, esasanam, gyzlara ýetginjeklikden tä 30 ýaşa çenli, zenanlara bolsa 65 ýaşdan soň ýaşyl reňklisini dakynmagy talabalaýyk hasaplapdyrlar.

📌Pöwrize esgerleriň hem tumary hasaplanyp, ony ýaraglara zikgelemek ýörgünli bolupdyr. Söweşde pöwrize esgere üstünlik getiripdir, ýaralanmakdan gorapdyr. Şeýle-de pöwrize esgerleriň atdan ýykylmazlygyna ýardam beripdir. Şonuň üçinem at esbaplary, köplenç, pöwrize daşlary bilen bezelipdir. Ukusyzlykdan, ýaramaz düýşlerden biynjalyk bolýan adamlara kümşüň gaşöýüne oturdylan pöwrizäni dakynmagy maslahat beripdirler.

📌Pöwrize kowuslaryň hem-de sowurlaryň daşy hasaplanýar. Ol Ýupiter hem-de Wenera älemleriniň daşydyr. Dekabrda doglan adamlara pöwrize üstünlik, söýgi, bagt getirjek daşdyr. Wepaly söýginiň nyşany bolan pöwrize täleýnamanyň ähli ýyldyzlary üçinem şowly daşdyr.
22
41
tm_girl
16.11.2023 22:28

ÝAKUT DAŞY BARADA.


📌Gadymy döwürlerden bäri ýakut gymmat bahaly daşlaryň arasynda aýratyn orny eýeläpdir. Rowaýatlaryň birinde aýdylmagyna görä, Hindistanyň mifologiýasyna degişli bolan güýçli hudaýlar mukaddes Kaýlas dagynda ýaşapdyrlar. Günleriň birinde bir adam olaryň ýanyna baryp, «jennetiň ýedinji gatyny» görkezmegi haýyş edýär. Brahma hudaýy onuň haýyşyny bitirmek üçin amritanyň bakylyk içgisini töweregine sepýär. Damjalaryň düşen ýerinde gözelligi bilen hemmäni haýran eden ajaýyp gök daşlar peýda bolýar we olar «ýakut daşy» diýlip atlandyrylýar.


📌Dünýäniň iň oňat ýakutlary şu güne çenli Şri-Lanka adasynda we ol adadan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän Kaşmir welaýatynda gazylyp alynýar. Daşlaryň ajaýyp reňki asman gözellikleri bilen deňeşdirilýär.


📌Ýakut daşynyň içinde, esasan-da, ýyldyzly ýakutlara ýokary baha berilýär. Olaryň biri Ýelena Prekrasnaýa degişlidir we ol onuň gözelliginiň açary hasaplanypdyr. Mälim bolşy ýaly, bu zenanyň ýüreginden orun almak ugrunda söweşenler kän bolupdyr.

20
55
tm_girl
15.11.2023 11:15

💎ALMAZ💎


💎Dünýäde seýrek duş gelýän, özüniň ajaýyplygy, gözelligi bilen tapawutlanýan daşlar hemişe arzyly bolupdyr. Gadymy döwürlerden häzirki günlere çenli gymmat bahaly daşlaryň — minerallaryň içinde iň tapawutlysy almazdyr. Indi müňlerçe ýyllar bäri almaz öz tebigy berkligi, çydamlydygy, gözelligi bilen adamzat neslini haýran galdyryp gelýär.


💎Almaz fiziki-mehaniki aýratynlygy boýunça gatylygy, berkligi, ýokary ýylylyk geçirijiligi hem-de giň göwrümli ýarym geçirijiligi bilen tapawutlanýar. Almazyň iň özboluşly aýratynlyklarynyň biri-de onuň ýagtylanmasydyr. Günüň ýagtysyna almaz dürli reňkde ýalpyldap, öwüşgin atyp başlaýar. Almazyň çaksyz durulygy, ýagtylanma döwülmesiniň we dargamagynyň ýokary görkezijileri (reňkleriň öwüşginli oýnamagy) zümerret, rubin, aleksandrit daşlary ýaly onuň gymmatyny has-da artdyrýar. Almaz reňksizligi boýunça kwars, topaz, sirkon ýaly minerallara meňzeşdir. Şeýle-de bolsa, almazyň gülgüne, gök, ýaşyl, gyzyl, gara ýaly reňkli görnüşleri hem meşhurdyr.


💎Antarktidadan başga ähli yklymlarda almazyň senagat ýataklary duş gelip, onuň dürli görnüşli ýataklarynyň bardygy bellidir. Almazy senagat möçberinde gazyp almak işleri öňden bäri dowam edip gelýär. Almazyň senagat ýataklary gadymy kratonlar bilen baglanyşykly kimberlit we lamproit tokgajyklary (trubkalary) arkaly mälimdir. Onuň bu görnüşleri Afrikada, Russiýada, Awstraliýada, Kanadada duş gelipdir.


💎Almaz senagat önümçiliginde, demirçilikde ötgürligiň, kesgirligiň, ýitiligiň çeşmesi hasaplanýar. Almaz adaty görnüşinde owadan bolman, onuň ussat zergärler tarapyndan gyraňlanyp, haşamlanyp gaýtadan işlenmegi, almazyň köp gyraňly içki ýalpyldamagyna, öwüşgin atmagyna şertleri döredýär. Almazyň gyraňlanan görnüşleri, esasan, togalak, süýrümtik görnüşli, armyt şekilli bolupdyr.

25
72