ÝUMURTGANYÑ PEÝDASY.🥚
🍳Ýumurtga örän peýdaly önüm. Ol özünde birnäçe peýdaly zatlary jemleýär. Ýumurtganyň adam bedenini arassalap bilmek ukyby bar we ondan holesterini, ýagy hem-de beýleki zyýanly zatlary bölüp çykarýar. Ýumurtganyň agy bolsa, myşsalar üçin iň gowy “gurujy material” bolup hyzmat edýär.
🥚Ýumurtga – iýmitlendiriji mikroelementleri we maddalary özünde jemleýän özboluşly iýmit. Onuň belogynyň özüniň peýdasy boýunça balygyňkydan we etiňkiden öňe geçýändigini bilýän az-azdyr. Ýumurtgada nerw merkeziniň işine oňaýly täsir edýän ýarym witamin holin, şeýle-de özüniň antioksidantlary bilen tanalýan selen we lýutein saklanýar. Ýumurtga göreje gowy täsir edýär we kataraktanyň hem-de gözde ýaşyň ulalmagy bilen bagly bolup geçýän üýtgeşmeleriň öňüni alýar.
🍳Lukman-dietologlaryň sözlerine görä, ýumurtga iýmek artykmaç agrama garşy göreşmäge ýardam edýär. Çünki ol adamy uzak wagtyň dowamynda dok saklaýar. Iýmitiň düzümine girýän E witamini gan aýlanyş damarlarynyň we ýürek sistemasynyň saglygyna gözegçilik edýär, A witamini immunitetiň işine jogap berýär, D witamin dişiň we süňküň üçin peýdaly. Ýumurtga organizmi energiýa bilen doldurýan proteine baý. Şonuň üçin ony ähli türgenleriň rasionyna goşmagy maslahat berýärler.
🥚Ýumurtganyň ýokary derejeli holesterin sebäpli saglyga zyýan ýetirip bilýändigi barada hem pikir bar, ýöne ol örän jedelli. Köp dietologlar ony irdenki rasiona goşmagy we witaminleriň uly möçberini, şeýle-de kalsiýni, fosfory, sinki we demiri saklaýan ýumurtga sarysyndan gorkmazlygy maslahat berýärler. Bularyň ählisi saçyň, dyrnaklaryň we deriniň ýagdaýyna oňaýly täsir edýär.