"BAGT DAŞY".
📌Asuda asmanyň reňki deýin mawy öwüsýän pöwrize daşynyň ady «ýeňiji, ýeňiş getirýän» diýmegi aňladýar. Şeýle-de pars dilinden terjime edilende «firusa» — «bagt daşy» diýen manyny hem berýär. Ol, köplenç, gögümtil-ýaşyl hem-de ýaşyl reňkde gabat gelýär. Tebigatda onuň üç reňkini aýratynlandyrýarlar: ak, mawy, ýaşyl. Ak pöwrize entek kämil çykmadyk «ýaş» daş, ýaşyl reňklisi demir goşundyly, mawy pöwrize bolsa, iň gymmat bahalysy hasaplanýar.
📌Pöwrize daşy örän ynjykdyr. Bilermenler ony beýleki şaý-seplerden aýry, atyrdyr kremleriň ýok ýerinde saklamagy maslahat berýärler. Gelin-gyzlar nahar bişirýärkäler hem pöwrize gaşly şaý-seplerini aýyrmalydyrlar. Gyzgyn howa, ýuwujy serişdeler, ösümlik ýagy pöwrizäniň reňkiniň solmagyna sebäp bolup biler. Pöwrizäni çyg mahmal desmal bilen arassalamaly.
📌Gadymy döwürlerde parslar pöwrizäni söýginiň daşy hasaplap, ony ýaş juwanlar bir-birine söýgüsini bildirmek üçin sowgat beripdirler. Orta asyrlarda käbir ýurtlarda gyzlar göwün beren ýigidini özüne çekmek üçin olaryň penjegine ýa-da köýnegine, umuman, islendik eşigine pöwrize daşynyň bölejigini tikipdirler. Şeýdilende, gyzlar söýgi daşynyň olaryň duýgularyna kanagatlanarly jogabyň berilmegine hemaýat etjegine ynanypdyrlar. Şol döwürlerde pöwrizäni gyzlaryň hem-de ýaş gelinleriň tumary hasaplapdyrlar. Ony, esasanam, gyzlara ýetginjeklikden tä 30 ýaşa çenli, zenanlara bolsa 65 ýaşdan soň ýaşyl reňklisini dakynmagy talabalaýyk hasaplapdyrlar.
📌Pöwrize esgerleriň hem tumary hasaplanyp, ony ýaraglara zikgelemek ýörgünli bolupdyr. Söweşde pöwrize esgere üstünlik getiripdir, ýaralanmakdan gorapdyr. Şeýle-de pöwrize esgerleriň atdan ýykylmazlygyna ýardam beripdir. Şonuň üçinem at esbaplary, köplenç, pöwrize daşlary bilen bezelipdir. Ukusyzlykdan, ýaramaz düýşlerden biynjalyk bolýan adamlara kümşüň gaşöýüne oturdylan pöwrizäni dakynmagy maslahat beripdirler.
📌Pöwrize kowuslaryň hem-de sowurlaryň daşy hasaplanýar. Ol Ýupiter hem-de Wenera älemleriniň daşydyr. Dekabrda doglan adamlara pöwrize üstünlik, söýgi, bagt getirjek daşdyr. Wepaly söýginiň nyşany bolan pöwrize täleýnamanyň ähli ýyldyzlary üçinem şowly daşdyr.