timm
22.01.2024 23:26
Kim näme diýse diýibersin, adam bolmakdan gowy zat ýok eken. Goý, kyn bolsun, goý, irden turzup, mekdebe ibersinler, ýumuş üstüne ýumuş bersinler, goý, käte käýesinlerem, barybir, adam bolmak hezil eken, adamlar!

Kömek Kulyýew
35
124
timm
22.01.2024 20:29
Egerde sen bir zat isleseñ, bütin älem muña ýetmäge kömek eder.

<>
37
167
timm
21.01.2024 22:29
Hakyky Baýlyk — bu siziň bankdaky puluňyzyň mukdary ýa-da mülküňiziň köplügi we gymmaty däl, bu durmuşda isleýşiňçe ýaşamaga mümkinçilik berýän ýeterlik serişdäniň bolmagydyr.

Adam. J. Jekson
"Baýlygyñ 10 syry"
27
132
timm
20.01.2024 23:30
Kiçijek oglanjyk kakasy bilen birlikde tokaý ýoluny syryp barýar eken. Birden olaryň gözi ýola böwet bolup ýatan uly töňňä düşüpdir.
Oglanjyk kakasyndan sorapdyr: «Kaka, nähili pikir edýäň, synanyşyp görsem, men bu töňňäni ýoldan sowup bilermikäm?».
Kakasy şeýle jogap beripdir: «Elbetde, bar güýjüňi ulansaň, muny başarjaklygyňa men-ä ynanýan». Oglan töňňäni ýoluň gyrasyna süýşürmek üçin güýjünde baryny edip çytraşypdyr. Emma onuň başaran goşy bolmandyr. Muňa güýç ýeterden oglan juda gowşakmyş.
Oglan lapykeç halda kakasyna şeýle diýipdir: «Kaka, seniň sözüň ýalňyş çykdy. Men ony süýşürmegi başarmadym».
Kakasy ogluna ýene bir ýola synanyşyp görmegi tabşyrypdyr. Ol töňňäni süýşürmek umydy bilen oglan gaýta-gaýta synanyşypdyr. Ýöne näçe jan etse-de, ol bu işe hötde gelip bilmändir.
«Kaka, men-ä başarmadym» diýip, ýene-de kakasyna ýagdaýy habar beripdir.
Oglunyň paltasynyň daşa degenini gören kakasy şeýle diýipdir:
«Oglum, men saňa özüňde bar bolan ähli güýji ulanmagy maslahat berdim ahyry. Sen welin bar bolan güýjüňi doly peýdalanmadyň.
Menden kömek soramadyň ahyry!».

Hekaýatyň hikmeti: Biz töweregimizi gallap, özümizi gowy görýän kişileri ykrar edip, olara gadyr goýmagy başarmasak, maksadymyza özümiz bilen deň derejede ynanan kişileriň goldawyndan peýdalanmagy oňarmasak, bu biziň özümizde bar bolan ähli güýjümizi ulanmaýanlygymyzyň alamatydyr.
33
52
timm
19.01.2024 12:00
10 sany ukyp boýunça ussatlaşmak üçin 50 kitap
23
74
timm
19.01.2024 00:01
Näme üçin sen durmuşdan problema döredýärsiň? Durmuş ynanyp bolmaz derejedäki ajaýyplykdyr – näme üçin şu pursat bilen ýaşabermeli däl? Gözýaşlar – bu durmuşyň ýüze çykmasydyr. Gülki hem durmuşyň ýüze çykmasydyr. Käte sen gussa çekýärsiň. Bu – durmuşyň ýüze çykmasy, seniň keýpiçaglygyň. Ajaýyp. Başga bir gezek sen bagtyýarsyň, şadyýanlykdan ýaňa uçganaklap duransyň hem-de tans oýnaýansyň. Bu-da gowy zat, bu täsin ahwal. Her näme bolanlygynda-da, muny garaşylan myhman hökmünde kabul et we onuň bilen gal; şonda kem-kemden sen sorag bermek we durmuşdan problema ýasamak endiginiň ýitip gidenligini görersiň. Sen peşeden pil ýasamagyňy bes edeniňde, durmuş saňa öz syrlaryny açar. Ol bu syrlary hiç haçan yzyny üzmän özüne sorag berýän kişä açmaýar. Eger sen durmuşy problema öwürmeýän bolsaň, ol seniň üçin açylmaga taýýardyr. Eger sen ähli zatda diňe kynçylyklary görýän bolsaň, seniň nazaryň kütelişýär. Sen durmuş babatda gödekleşýärsiň. Sen problemalary döretmegiň uly höwesegi... sadaja şuňa düşün, şonda duýdansyz ýagdaýda problemalar ýitip giderler.
23
49
timm
17.01.2024 15:43
Bir žurnalist garrylar öýünde, garrap, tapdan düşen bir goja başdan geçiren täsin ýagdaýlaryndan söhbet açdyrjak bolup, onuň her tarapyndan baryp görüpdir.
— Atam, eger-de şu pursat daşgynrak garyndaşlaryňyzyň biriniň size on million dollar miras goýup gidendigini biläýseňiz, näderdiňiz? — diýip, ýaş habarçy sowal beripdir.
Goja pessaýja sesi bilen jogap gaýtarypdyr:
— Ogul, şonda-da ýaşym togsan bäşligine galardy ahyry. Şeýle dälmi?
28
83
timm
16.01.2024 23:55
Garry mama gojasynyň düşeginiň başynda oturşyna aglaýardy:
— Ejizleýäňmi? Näme, namartlajak bolýaňmy? Oýundan çykaýsam diýýäňmi? Ýa oýnamakdan gorkýaňmy?
— O-ho... Şeýle bolaýjak ýaly — diýip, goja zoraýakdan dillendi...
— Ýöne oýn-a gowy oýnadym-la...
— Ejizleýän, boýun egýän bolsaň, bu seniň utuldygyň bolýar.
Düşünýäňmi? Utuldygyň — diýip kempir gojasyna gözlerini ýaşlap boldy. Goja ýylgyryp:
— Bu-da jedelli düşünje ... — diýip amanadyny tabşyrdy...
29
132
timm
15.01.2024 15:03

— Sen maňa aşyk bolan kişiniň roluny oýnap biljekmi? — diýip gyz ýigitden sorady.

— Kyn-a düşer. Men saňa gaty belet ahyry. Ýeri näme boldy?

— diýip, ýigit ýeserlik bilen sorady.

— Baýramçylyga çagyrdylar. Ýeke gidesim gelenok, her hili adam bar.

— Aý-ýý, bilmedim-dä — ýigit süýndirip aýtdy.

— Gorkýaňmy? — diýip, gyz ony gižželedi.

— Gorkar ýaly zat ýok, ýöne senem bir guty çilim bermelisiň — diýip, ýigit şertli halda teklibe razylyk berdi.

— Näme üçin? — diýip, gyz düşünmänligini duýdurdy.

— Janpenalaram indi gymmat — diýip, ýigit ellerini iki ýana ýaýyp, ýylgyrdy.

Öýüne barýarka ýigit nägile halda öz-özi bilen gürleşýärdi:

— Aşyk bolan kişi... rol oýnaý... haýyş edýän özi, ýene çekgäme şarpyk çalýanam özi. Aşyklaryň arasynda posa bolmasa, bolmaz-a...

31
178
timm
15.01.2024 00:00
Balykçy gaýygynda bir adamy goňşy kenara alyp barýarmyşyn.
Ýolagçy ony gyssapdyr. — Tizräk bolsana, men işe gijä galýan!
Birdenkä howlukmaç ýolagçy kürekleriň birinde «doga-dileg et», beýlekisinde «zähmet çek» diýen ýazgynyň bardygyny görüpdir. — Bu nämä derkar? — diýip ol sorapdyr. — Unutmazlyk üçin, hemişe doga-dilegde bolmalydygyny we zähmet çekmelidigini ýatladyp durmagy üçin – diýip, balykçy jogap beripdir. — Elbetde, zähmet çekmegiň gerekdigi hemme kişä düşnükli.
Doga-dileg üçin bolsa wagt ýitirmek zerur däl, onuň hiç kime geregi ýok — diýip, ýolagçy elini salgap goýberipdir. — Geregi ýok-da onda? — diýip, balykçy ýaňadan sorapdyr-da, «doga-dileg et» diýen ýazgyly küregi suwdan sogrup alyp, ýeke küregi bilen küreklemäge durupdyr. Gaýyk bir duran ýerinde pyrlanmaga başlapdyr. — Ine, gördüňmi, doga-dilegsiz zähmetden ne peýda?! Şol bir ýerde aýlanyp durus, öňe tarap hiç hili hereket ýok…
25
134