Balykçy gaýygynda bir adamy goňşy kenara alyp barýarmyşyn.
Ýolagçy ony gyssapdyr. — Tizräk bolsana, men işe gijä galýan!
Birdenkä howlukmaç ýolagçy kürekleriň birinde «doga-dileg et», beýlekisinde «zähmet çek» diýen ýazgynyň bardygyny görüpdir. — Bu nämä derkar? — diýip ol sorapdyr. — Unutmazlyk üçin, hemişe doga-dilegde bolmalydygyny we zähmet çekmelidigini ýatladyp durmagy üçin – diýip, balykçy jogap beripdir. — Elbetde, zähmet çekmegiň gerekdigi hemme kişä düşnükli.
Doga-dileg üçin bolsa wagt ýitirmek zerur däl, onuň hiç kime geregi ýok — diýip, ýolagçy elini salgap goýberipdir. — Geregi ýok-da onda? — diýip, balykçy ýaňadan sorapdyr-da, «doga-dileg et» diýen ýazgyly küregi suwdan sogrup alyp, ýeke küregi bilen küreklemäge durupdyr. Gaýyk bir duran ýerinde pyrlanmaga başlapdyr. — Ine, gördüňmi, doga-dilegsiz zähmetden ne peýda?! Şol bir ýerde aýlanyp durus, öňe tarap hiç hili hereket ýok…