timm
20.01.2024 23:30
Kiçijek oglanjyk kakasy bilen birlikde tokaý ýoluny syryp barýar eken. Birden olaryň gözi ýola böwet bolup ýatan uly töňňä düşüpdir.
Oglanjyk kakasyndan sorapdyr: «Kaka, nähili pikir edýäň, synanyşyp görsem, men bu töňňäni ýoldan sowup bilermikäm?».
Kakasy şeýle jogap beripdir: «Elbetde, bar güýjüňi ulansaň, muny başarjaklygyňa men-ä ynanýan». Oglan töňňäni ýoluň gyrasyna süýşürmek üçin güýjünde baryny edip çytraşypdyr. Emma onuň başaran goşy bolmandyr. Muňa güýç ýeterden oglan juda gowşakmyş.
Oglan lapykeç halda kakasyna şeýle diýipdir: «Kaka, seniň sözüň ýalňyş çykdy. Men ony süýşürmegi başarmadym».
Kakasy ogluna ýene bir ýola synanyşyp görmegi tabşyrypdyr. Ol töňňäni süýşürmek umydy bilen oglan gaýta-gaýta synanyşypdyr. Ýöne näçe jan etse-de, ol bu işe hötde gelip bilmändir.
«Kaka, men-ä başarmadym» diýip, ýene-de kakasyna ýagdaýy habar beripdir.
Oglunyň paltasynyň daşa degenini gören kakasy şeýle diýipdir:
«Oglum, men saňa özüňde bar bolan ähli güýji ulanmagy maslahat berdim ahyry. Sen welin bar bolan güýjüňi doly peýdalanmadyň.
Menden kömek soramadyň ahyry!».

Hekaýatyň hikmeti: Biz töweregimizi gallap, özümizi gowy görýän kişileri ykrar edip, olara gadyr goýmagy başarmasak, maksadymyza özümiz bilen deň derejede ynanan kişileriň goldawyndan peýdalanmagy oňarmasak, bu biziň özümizde bar bolan ähli güýjümizi ulanmaýanlygymyzyň alamatydyr.
33
52
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.