timm
03.08.2024 12:37
Ynsan perzendiniň kämil bolmadyk halda dogulmagy onuň bolup biläýjek mümkinçilikleriniň ägirt uludygyndan habar berýär.
Men irki ösüşi täze doglan balanyň bolup biläýjek derejedäki ägirt uly mümkinçilikleri bilen bagly hasaplaýaryn. Elbetde, täze dünýä inen ynsan perzendi juda ejizje bolýar, emma hut ejiz haldalygy üçin hem, onuň bolup biläýjek mümkinçilikleri şeýle uly derejede bolýar.
Beýleki janly-jandarlaryň perzentlerine garanyňda, adam çagasy ösüş babatda has pes halda dünýä inýär: ol diňe aglamagy hem süýt emmegi başarýar. Emma haýwanlaryň, meselem, itleriň, maýmynlaryň ýa-da ýabylaryň täze doglan körpejeleri welin süýşeneklemegi, çytraşmagy ýa-da hatda bada-bat aýak üstüne galyp, ýöremegi hem başarýarlar.
Zoologlar täze dünýä inen çaganyň haýwanlaryň ýaňy doglan körpelerinden 10-11 aý yza galýanlygyny aýdýarlar, munuň sebäpleriniň biri hem – ýöräninde adamyň süňňüni tutuş ýagdaýydyr. Adam wertikal ýagdaýa geçeninden soň, düwünçek eýýäm enäniň rehminde doly kämilleşýänçä saklanyp biljek däldi,şonuň üçin hem çaga bütinleý ejizje halda dünýä inýär. Ol bedeninden peýdalanmagy-da doglanyndan soň öwrenmeli bolýar.
Edil şonuň ýaly-da ol beýnini peýdalanmagy hem öwrenýär.
Islendik bir haýwan balasynyň beýnisi doglan pursadynda doly derejede diýen ýaly kemala gelen ýagdaýynda bolýan hem bolsa, täze dünýä inen çaganyň beýnisi arassa kagyz sahypasy ýaly haldadyr. Çaganyň näderejede zehinli boljaklygy şol kagyz sahypasynda näme ýazyljaklygyna bagly bolýar.
12
144
timm
05.06.2024 14:31
Howlymyň içinde bir bölek ýere
Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary.
Birisi gyrmyzy, birisi gara,
Birisi mämişi, birisi sary.
Şu gün gapymyzdan geldi bir myhman,
Geleni bäri hem gözleri gülde.
Şol seredip otyr gözlerin gyrpman,
Göýäki diýersiň, bir suwsuz çölde
Bütin ömürboýy zar bolup güle,
Doldurýan ýalydy şonuň öwezin.
Myhmanym seredýär «Gijegözele»,
Myhmana seredýär «Gijegözelim».
Owadan gözlerin ertirden bäri
Aýryp bilmän otyr owadan pelden.
Goşgy goşmasa-da, tüýs şahyr borly –
Bir pursat sowaýsa gözlerin gülden,
Göýä güller göçüp ötäýtjek ýaly,
Bakýardy güllere gezek-gezegne.
Bakýardy «Nerkese», gyzyl «Piona»,
Bakýar «Georgine», «Gijegözelne».
Men güle-de aşyk. Güli söýýänleň
Özüne-de aşyk. Hem güle bakýan
Hem myhmana bakýan.
Güller hakynda
Bir ajaýyp pikir
Aýdar ol hökman.
Edil diýşim ýaly. Içdi-de çaýyn,
Sözledi gül hakda ajap bir beýdi –
«Beýdip munça ýeri zaýalap nätjek...
Pomidor ekäýseň bolmaýamy!..» diýdi.
23
126
timm
25.05.2024 20:15
Däli könlüm telwas eýle, aram jaýym Watandadyr,
Oka, öwren, yhlas eýle, şöhrat-şanym Watandadyr,
Gyş gutaryp kükräp gelen joşgun ýazym Watandadyr,
Ýasym sowup, toýum tutjak ýakyn-ýadym Watandadyr,
Ýat illerden mesgen bolmaz, göbek ganym Watandadyr.
Çöllerinde seýil edip, daglaryny pena bildim,
Jülgeden öwsen ýellerin, Hakdan gelen sena bildim,
Düňle çölün, dag-derýasyn Hudaý gurgan bina bildim,
Dutaryndan paýhas alyp, gyjagyna bagrym dildim,
Berk tutan maksat-myradym, dünýe-malym Watandady
Dowar bakyp, şöwür çekip, ygdym Ahal alasynda,
Ata-babam sesin eştdim Gök gümmürdän halatynda.
Perýadyn duýdum käbämiň zaryn ýelleň nalasynda,
Ýeke galdym, ýalňyz galdym arşyň-kürsüň arasynda,
Ýanar ruhum, perýat-ahym, seždegähim Watandadyr.
Gara başym gala tutdum, Aköýliniň öwlady men,
Otda ýandym, suwda söndüm, eýlemedim jöwlany men,
Keç ykbaly geçdi bil-eý, entek sürem döwrany men,
Her pursatda Haka sygnyp, çagyrmyşam Möwlamy men,
Hem geçmişim, hem geljegim, hanymanym Watandadyr.
#Turkmenbashy
26
57