timm
25.05.2024 20:15
Däli könlüm telwas eýle, aram jaýym Watandadyr,
Oka, öwren, yhlas eýle, şöhrat-şanym Watandadyr,
Gyş gutaryp kükräp gelen joşgun ýazym Watandadyr,
Ýasym sowup, toýum tutjak ýakyn-ýadym Watandadyr,
Ýat illerden mesgen bolmaz, göbek ganym Watandadyr.

Çöllerinde seýil edip, daglaryny pena bildim,
Jülgeden öwsen ýellerin, Hakdan gelen sena bildim,
Düňle çölün, dag-derýasyn Hudaý gurgan bina bildim,
Dutaryndan paýhas alyp, gyjagyna bagrym dildim,
Berk tutan maksat-myradym, dünýe-malym Watandady

Dowar bakyp, şöwür çekip, ygdym Ahal alasynda,
Ata-babam sesin eştdim Gök gümmürdän halatynda.
Perýadyn duýdum käbämiň zaryn ýelleň nalasynda,
Ýeke galdym, ýalňyz galdym arşyň-kürsüň arasynda,
Ýanar ruhum, perýat-ahym, seždegähim Watandadyr.

Gara başym gala tutdum, Aköýliniň öwlady men,
Otda ýandym, suwda söndüm, eýlemedim jöwlany men,
Keç ykbaly geçdi bil-eý, entek sürem döwrany men,
Her pursatda Haka sygnyp, çagyrmyşam Möwlamy men,
Hem geçmişim, hem geljegim, hanymanym Watandadyr.

#Turkmenbashy
26
56
ylham_gurbanaly
3 Awgust 2024
6 ýaşlykam ýatdan aýtýadym))
soyg
26 May 2024
Ellernize saglyk 🙂👍👌su gosgyny owrenmelä ýazanyñyz ùn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.