timm
05.06.2024 14:31
Howlymyň içinde bir bölek ýere
Gül ekdim. Lowurdap açyldy bary.
Birisi gyrmyzy, birisi gara,
Birisi mämişi, birisi sary.

Şu gün gapymyzdan geldi bir myhman,
Geleni bäri hem gözleri gülde.
Şol seredip otyr gözlerin gyrpman,
Göýäki diýersiň, bir suwsuz çölde
Bütin ömürboýy zar bolup güle,
Doldurýan ýalydy şonuň öwezin.
Myhmanym seredýär «Gijegözele»,
Myhmana seredýär «Gijegözelim».

Owadan gözlerin ertirden bäri
Aýryp bilmän otyr owadan pelden.
Goşgy goşmasa-da, tüýs şahyr borly –
Bir pursat sowaýsa gözlerin gülden,
Göýä güller göçüp ötäýtjek ýaly,
Bakýardy güllere gezek-gezegne.
Bakýardy «Nerkese», gyzyl «Piona»,
Bakýar «Georgine», «Gijegözelne».

Men güle-de aşyk. Güli söýýänleň
Özüne-de aşyk. Hem güle bakýan
Hem myhmana bakýan.
Güller hakynda
Bir ajaýyp pikir
Aýdar ol hökman.

Edil diýşim ýaly. Içdi-de çaýyn,
Sözledi gül hakda ajap bir beýdi –
«Beýdip munça ýeri zaýalap nätjek...
Pomidor ekäýseň bolmaýamy!..» diýdi.
23
125
ilhano_va
5 Awgust 2024
@tim_, 🧿
gulia_maksatmyradowna
7 Iýun 2024
Gül owadan
gonk
5 Iýun 2024
👍👍👍
flowers_
5 Iýun 2024
@gul✿, köşeş gaharlanma Güller gaharlananok), ol diñe garnyny iýmitlendirmegi halaýandyr belki))
manolya
5 Iýun 2024
@tim_, düşnükli
flowers_
5 Iýun 2024
Flowers)💐
manolya
5 Iýun 2024
Surata alaňda aýak görnipdirmi ýa...başga zatmy ol ?
manolya
5 Iýun 2024
Men ýok öýde weli eken güllemem guraýypdyr :(
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.